Halkyň ruhy sallançagy

«Halypa — hazyna» diýleni hakykat. Şu makalany ýazmaga taýýarlanyp oturyşyma, birsellem sakarçägeli halypa mugallym, mirasgär Mämmet Alyýewiň ýandepderçesinden bellik eden ýazgylaryma ser saldym. Okadygyňça täze-täze jaýdar jümleler, ýaýmaly, ýaýbaňlandyrmaly, ündelmeli pikirler sepleşip, çykyp gidip otyr. Ynha-da, şu pursatda tüýs maňa gerek zat, makalama ugur-salgy-da, pikir gönezligi-de, hatda sözbaşy hem tapyldy duruberdi. Şeýle pikirleri goýup giden halypa neneň hazyna diýmejek:
«Şu üç zadyň piri güýçlüdir: Sallançak. Sallançakda ulalan çaganyň nepesi düzüwdir.
Ene hüwdüsi. Ene hüwdüsinden ganan çaga ata-enesi, dogan-garyndaşlary üçin eşret gapysyny açar, ýüregi rehimlidir, sahawatlydyr.
Dutar. Dutaryň owazy bilen sallançakda üwrelenler üýtgeşikdirler, üýtgeşikdirler, üýtgeşikdirler».
Mämmet halypa bu gürrüňi bir çeşmeden alypmy, ýa özi taslapmy, bilmedim, ýöne ulananyňa, gaýtalanyňa degýän pikir hasap edýärin.
Halypa bu ýerde nesillere hyzmat edýän çaga sallançagy, entek dünýä inmedik ak bäbekler üçin bezäp-besläp goýulýan, bäbekhanadan gelen çaganyň dabara bilen salnyp üwrelýän, mähir we söýgi garylyp aýdylýan hüwdiniň saz guraly saýylýan sallançak barada gürrüň edýär.
Täze okuw ýylynyň başynda mukaddes saýylýan, mähir sallançagyna deňelýän, körpe we ýaş nesliň ruhy taýdan kemala gelýän ojagy bolan mekdep barada gürrüň etmek wajyp hem ýakymly.
Ulaltdyň goýnuňda üwräp barçany,
Eziz mekdep — ruhy sallançagymyz.
Saklap bilsek seň pendiňi, sarpaňy,
Çyn, adam kaddynda saklanjagymyz.
Mekdep, hakykatdan hem, halkyň ruhy sallançagy. Jemgyýet mekdebe iň gymmatly baýlygyny — çagany ynanýar. Şondan nähili nesliň üwrelip, aýaklanyp gitjekdigi sallançagyň guratlygyna, onuň bagyny yrap oturan ynsanlaryň ruhy dünýäsine we hünär ussatlygyna, aýdylýan hüwdiniň mazmunyna hem labzyna gümansyz baglydyr.
Jemgyýeti özgertmek, halk köpçüliginiň we ösüp gelýän nesliň aňyny türkmençiligiň mizemez kada-kanunlaryna hem-de däp-dessurlaryna ýakyn etmek babatdaky asylly maksatlarynda, ilkinji nobatda, mekdebe we bilim işgärlerine bil baglan hormatly Arkadagymyzyň göreldesini bu gün Arkadagly Serdarymyz özüne aýdyň ýörelge edinýär. Döwlet Baştutanymyzyň bilim işgärleriniň jemgyýetdäki ornuna we wezipelerine uly ähmiýet berýändigi, mugallyma hormatynyň, ynamynyň çäksizdigi her ädimde duýulýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 1-nji sentýabrda geçirilen VII gurultaýynda eden çuň manyly çykyşy bolsa ýaş nesil baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň esasy maksatlarynyň biridigini ýene bir ýola äşgär etdi. Sowat, bilim we ylym dünýäsiniň bezemen köşk-binalaryna girip gidýän körpeleri, oglan-gyzlary, ýaş talyplary guwanç bile synlaýan pursadymyzda, olaryň geljegi barada, has dogrusy, olara bagly geljegimiz hakynda biygtyýar oýlanýarys. Olar kim? Olaryň içinden ertirki gün kimler çykar?!
Döwür birjigem säginmeýär, iň kämilleriň yzyna düşüp, ýaýdanjaňlaryň duşundan ötüp, durman gidip otyr. Döwür şu gün milletiň intellektual derejesini we mümkinçiliklerini üzül-kesil ýokary götermäge we artdyrmaga gönükdirilen giň çäreleri amala aşyrmaga batyrgaý girişmegi talap edýär.
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň ýolbaşçysy Baýram Abdyýewiň täze okuw ýylyna taýýarlyk boýunça beren gürrüňlerini diňläp, onuň getirýän käbir maglumatlary barada oýlandym. Birnäçe ýyldan bäri mekdep okuwçylarynyň sanynda durnukly ösüş bar. Başgaça aýtsak, dogulýan çagalaryň sany görnetin artyp gidip otyr. Mysal üçin, geçen tomusda welaýatyň mekdeplerini 18 müň 205 uçurym tamamlan bolsa, 1-nji sentýabrda körpeleriň 36 müň 593 sanysy mekdep gapysyndan ilkinji gezek ätledi. Diýmek, mekdebe — ruhy sallançaga salnanlaryň sany ondan düşüp gidýänlere garanyňda, 2 esseden hem kän. Guwanmaly, ýüze sylynmaly ýagdaý — türkmen köpelýär!
Ýurdumyzyň mekdeplerinde okuwçy sanynyň köpelmegine diňe birinji synpa gelýän körpeleriň artmagy däl-de, on iki ýyllyk orta bilime geçmegiň konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy hem uly täsir edýär. Oňa laýyklykda, şu okuw ýylynda 11-nji synplar we 10-njy synplaryň hem bir bölegi on bir ýyllyk maksatnama boýunça okarlar. Soňky ýyllardaky uçurymlar bolsa bir ýyl artyk okamaly bolarlar. On iki ýyllyk orta bilime doly geçilmegi bilen baglylykda, goşmaça okuwçy orunlaryny döretmek we ýeterlik hünärmen, mugallymlary taýýarlamak meselelerini hem çözmeli bolýar.
Hormatly Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän bilim özgertmeleriniň maksatnamalaýyn esaslary bar. Garaşsyzlygymyzyň soňky on-on bäş ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim-terbiýe ojaklarynyň ýüzlerçesiniň bina edilmegi, mugallymçylyk ugrundan ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, pikir edip otursak, şu günki özgertmelere esas bolmaly çäreler ekeni. Mugallymçylyk ugrundan daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim-tälim alyp gelen ýaş hünärmenler hem gadyr bilen garşylanyp, arzyly mugallymçylyk kärine eýe edilýär.
Ruhy sallançak saýylýan mekdepleriň halkyň aňyna mukaddes ojak hökmünde ornaşmagyny hem päkize ruhy gözbaşlara, türkmençilik däp-dessurlaryna dolanýan, aň we ahlak kämilligine göterilýän jemgyýetimiziň özgerýän keşbiniň alamaty hasaplap bolar. Bu gün bilimler ýurduna öwrülen Türkmenistanda adamlaryň mekdebe we bilim-terbiýe berýän ynsanlara hormat-sarpasy artyp gidip otyr. Mekdebiň bejergisine, daş-töweregini abadanlaşdyrmak işlerine, mekdep mirashanasyny baýlaşdyrmaga, okuwçylaryň sport we döredijilik ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam etmek isleýänleriň sany gün geçdigiçe artýar.
Täze okuw ýyly barada gürrüň edilende, döwletimiz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan şu ýylyň tomus möwsüminde öňki uçurymlarymyz üçin edilen aladalary agzaman geçmek bolmaz. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlary ýurdumyza getirmek, okuwa täze giren hem-de öňden okap ýören talyplary daşary ýurtlara ugratmak, daşary ýurtly professor-mugallymlary tejribe alyşmak üçin çagyrmak we öz mugallymlarymyzy ugratmak bilen bagly çäreler döwletimiziň ýaşlaryň çuňňur bilim almagy baradaky aladalarynyň aýdyň mysalydyr.
Bilimiň binýady çuňdan, geçmişden gaýdanda, milli taryha, däp-dessurlara we halkyň paýhas-pikirlerine esaslananda, ol hem gyzykly, hem ygtybarly bolýar. Türkmende «Bilim — tagam, terbiýe — gap» diýlen aýtgy bar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn we yzygiderli özgertmeler şu pähime laýyk gelýär. «Türkmenistanyň bilim edaralarynda ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemegiň Maksatnamasynda» ýaş nesli terbiýelemekde ynsanperwer bilimlere aýratyn uly orun berilýär. Ruhy-ahlak ýörelgelere laýyklykda, terbiýe we bilim bermegiň nusgawy mekdebini döreden türkmen halkynyň hazyna öwrülen milli pedagogikasy hemişe-de öz wajyplygyny, ähmiýetini we gymmatyny ýitirmeýär. Bu terbiýe mekdep partasyndan has ir, maşgala terbiýesi bilen başlanmaly we ömürboýy dowam etdirilmeli. Şu ündew-talapdan her bir mekdebiň, her bir mugallymyň öz wezipesini tapmagy we berjaý etmegi gerek. Mekdebiň talaby we täsiri diňe okuwça gönükdirilmän, uçurym bolup gidenlere-de, çaga terbiýeleýän her bir ata-enä-de ýetmelidir.
Okuw ýyly — uly aýlaw. Muňa her kimiň kemsiz taýýarlykly girmegi gerek. Häzirki amala aşyrylýan ruhy-ahlak özgertmelerinde esasy orun mugallyma degişli. Nejmeddin Kubranyň: «Özüň üýtgemeseň, netije üýtgemez» diýşi ýaly, bu gün mugallymlaryň bilim ulgamyndaky yzygiderli we hemmetaraplaýyn özgertmelerde hem özgeriji, hem özgerdiji bolup çykyş edip bilmegi zerur. Ilkinji nobatda, mugallym özüni, ýagny özüniň pikir-hyýallaryny, işe garaýşyny we yhlasyny, ukyp-başarnyklaryny kemsiz özgertmeli, hünärini kämil derejä ýetirmeli. Kämil nesli diňe kämil mugallym ýetişdirip biler.
Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».