Ýagşylyk isleseň, ýagşylyk et!

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň ynsan köňlüne we ykbalyna täsiri barada oýlanmalar
Adatça, «Ýazýan adam pikirlenmäge ukyply adamdyr» diýilýär. Ýöne pikrirler hem hil-hil bolýar. Käbir eser şahsy bähbitleri öňe sürse, käbiri adamzadyň bähbidini — ruhy-ahlak gymmatlyklary, hoşniýetli däpleri, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizligini ileri tutýar. Şular ýaly mazmundaky eserleriň ömri wagt bilen kesgitlenmeýär, olar edil Prometeýiň ody ýaly, heňňamyň tününden parran geçip, adamlara yşyk berýär, ýol görkezýär. Bu eserleriň ömri bakydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şol sanda «Ömrümiň manysy» atly kitaby hem diňe halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzadyň ruhy baýlygydyr, edebi gymmatlygydyr. Bu eserlerde geçmişiň, barlygyň we dowamatyň togtamaýan akabasy — paýhas, hakyda, ýol çelgisi bar.
Makalany ýazmaga itergi beren zat, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň mende iňňän uly täsir galdyranlygydyr, durmuş hakyndaky garaýyşlaryma käbir üýtgetmeleri girizmäge oňyn meýilleri oýaranlygydyr, pikirlerimi okyjylar bilen paýlaşmaga ýiti isleg döredenligidir.
«Ömrümiň manysy» atly kitabynda, ilkinji nobatda, ünsüňi özüne çekýän, ruhuňa täsir edýän zat bar, ol hem pikirleriň çeper we şahyrana beýan edilmegidir, edebi-filosofik pikirleriň dürdäneligidir. Özi-de sözleriň many-mazmuny her näçe çuň we giň bolsa-da, pikirler çylşyrymly däl, abstrakt öwrümlerden daşda. Hut şu edebi forma eseriň tehniki serişdesi hökmünde estetiki lezzet berýär, aň we ruhy kanagatlanma döredýär. Pikirler bolsa ýüzugra aýdylan närseler däl-de, deliller bilen subut edilen, maglumatlar bilen berkidilip, üsti ýetirilen, awtoryň paýhas eleginden geçip, kämilleşen, timarlanan, çeperleşen, durnukly görnüşe giren pikirlerdir, gozgalýan meseleler barada iň soňunda gelnen netijeleriň jemidir.
Bu kitabyň özüne çekiji, täsin we tapawutly tarapy bar: awtor ol ýa-da beýleki bir mesele barada öz şahsy pikirini okyjynyň boýnuna zorluk bilen dakmaýar. Ol saňa diňe pikirlenmäge, has takygy, pikirleriňi durlamaga, tämizlemäge mümkinçilik berýär, nämäni gowy görüp, nämäni ýigrenmelidigini aýdýar, emma ahyrky netijäni özüňe galdyrýar. «Adam hemişe özüni taplamaly. Hakyky adam üçin bu ýöne bir zerurlyk däl-de, gowulyga ganat berip göterýän isleg bolmalydyr».
Bu eser diňe hormatly Arkadagymyzyň ömrüniň manysy hakynda däl, ol tutuş milletiň, häzirki we geljekki nesilleriň ömrüniň manysy hakynda söhbet açýar. «Ömrümiň manysy» atly kitap dünýäniň panylygy we ahyrýet hakynda pikirleriňi çugdamlamak, düşünjäňi giňeltmek, durmuşda öz mynasyp ornuňy tapmak üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynadyr. Kitapdaky şu jümle meni tutuwbaşdan aýratyn oýa batyrdy: «Adamzat Ýer ýüzünde peýda bolaly bäri ynsan we dünýä, ýaşaýyş we ölüm ýaly juda köp meseleleriň üstünde kelle döwüpdir». Awtoryň belleýşi ýaly, adamlar asman we älemler hakynda, tebigatyň gorkunç hem-de howply güýçleri, özleri üçin juda syrly, düşnüksiz zatlaryň her biri hakynda pikir ýöredipdirler, olarda dünýä göz ýetirmek bilen bagly düşünjeler, dini ybadatlar ýüze çykypdyr.
Gije asmana bakyp, onuň özüne imrindirýän jadyly görnüşini, Aýy, ýyldyzlary synlamadygymyz ýok bolsa gerek. Şonda kädaýym bu asman giňişligindäki tümlügiň, älem syrynyň we täsinliginiň süýji pikir-hyýallarymyzy kül-owram edip, süňňümize howsala salýan, hopukdyryjy oýlaryň girdabyna düşürýän pursatlary hem seýrek däl. Alymlaryň «älem gorkusy» diýip atlandyrýan bu duýgusy materiýa, ýagny ähli barlyk — maddy dünýä bilen adamyň bitewüdigi barada pikir ýöretmäge esas berse, ikinjiden, dünýäniň içinde başga-da bir dünýäniň — intellektual, ruhy-psihologik dünýäniň bardygyny tassyklaýar. Adam gündiz özüni bir planetanyň ýaşaýjysy hasap etse, gije älemiň ýaşaýjysy hasap edýär. Gijeki asman adamyň ruhuny gözýetmez giňişliklere alyp gidýän beýik pursatdyr.
Aslynda, «Asmana garamak — täleýiňe garamak» diýilýär. Mifologik bolsun, fiziki bolsun, tapawudy ýok, iki manyda alanymyzda-da, asmanyň Ýeriň, şonuň bilen birlikde-de adamzadyň ykbalyny çözýändigi çyndyr. Adamzadyň taryhy asmandan başlanýar. Dinler, gudratlar, pygamberler, perişdeler, mukaddes kitaplar bizi — adamzady asman bilen birleşdirýär. Biziň «pelek» diýýän zadymyz hem ýyldyzlaryň, planetalaryň hereketi dälmi näme?! Hatda Oguz hanyň özi hem, ogullary hem asman bilen aýrylmaz baglanyşykly.
Esasy pikirimize dolanalyň. Daşky dünýädäki içki dünýä milliardlarça adamlaryň emele getirýän ählumumy dünýäsidir. Şol ownuk dünýäler näçe köp harlandygyça, şonça-da uly dünýäniň harlanmak howpy artýar. Bu mesele baradaky pikirler, Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak, «Ýagşy hem ýaman, halal hem haram, haýyr hem şer, günä hem sogap, çyn hem ýalan ýaly düşünjeler, şular bilen baglanyşykly ýörelgeler halkymyzda has gadymy döwürlerden bäri bardyr».
«Ownuk dünýä» diýýänimiz uly durmuşyň içindäki kindiwan durmuşlardyr. Olar sansyz-sajakyz öýjükler ýaly bir bitewi janly organizmi emele getirýärler. Adamyň durmuş bilen arabaglanyşygy, ine, şeýleräk usulda gurnalan. Ählumumy garaýyş we düşünje ençeme şahsy garaýyşlardyr düşünjelerden düzülendir. Ýöne bärde azlyk köplüge tabyn bolmaly bolýar. Ýogsa durmuşda «reňk gammalarynyň» sazlaşygyny tapaýmak aňsat düşmeýär.
Ýuridik, dini we ahlak kanunlaryny döredýän hem, üstüne abanyp duran uç-gyraksyz älemiň goýnunda, beýik Magtymgulynyň sözleri bilen aýtsak, «Ýeriň arkasynda, gögüň goýnunda» zerre ýalyjak orny bolsa-da, älem, geçmiş, şu gün we geljek hakynda, ölüm, dirilik, bakylyk hakynda pikirlenmäge mejbur edýän hem şol dünýädir, ynsanyň aňydyr. Bizde jan bar, diýmek, ruh bar, diýmek, bizde pikirlenmäge ukyp hem bar. Bu — adama berlen iň beýik peşgeş!
Dünýäde ähli zadyň ölçegi, hasaby bar. Bihuda zat ýok. Bu diňe maddy we fiziki dünýä däl, eýsem, adam gatnaşyklaryna, ýagny ruhy-ahlak hereketlere hem degişli diýjek bolýaryn. Islendik hereket öz netijesini görkezýär. Nämedir bir zada eýe bolmak üçin nämedir bir zat bermeli: ýagşylyk isleseň, ýagşylyk et! Biz durmuşda öz şekilimizi görýäris. Berenimizi alýarys, ekenimizi orýarys. Bu pikiri «Ömrümiň manysy» kitabynda hezreti Muhammet aleýhyssalamyň epigraf hökmünde getirilen şu wesýeti has aýdyň suratlandyrýar: «Ynsanyň hakyky baýlygy onuň bu dünýede eden ýagşylyklarydyr».
Durmuşdaky islendik hereket — bumerang. Ol aýlanyp-dolanyp, ýene-de yzyna gaýdyp gelýär. Haýyr işden haýyr, şer işden şer tapýarsyň. «Görkezeniňi — görersiň!» Ine, iki sözde tutuş durmuş hakykatyny açýan türkmeniň ýene bir ajaýyp aýtgysy. Şeýle hem paýhasly pederlerimiz: «Ataňa görkezeniňi ogluňdan görersiň» diýipdirler.
Adamy haýra ýaran bolmaga çagyrýan paýhasly sözler türkmenlerde barmak büküp sanardan juda kän. Bu ajaýyp pähimlerde ruhy-ahlak dessurlarymyz, milli ideologik ýörelgelerimiz, psihologik häsiýetlerimiz şöhlelenýär. Olar halkymyzyň etnogenezinde ozaldan ýokary ruhy medeniýetiň we ahlak kadalarynyň bardygyndan habar berýär. Hormatly il ýaşulymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Biziň bu günki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gurmagymyzyň we barha beýgeltmegimiziň esasynda geçmişdäki beýik türkmen döwletleriniň taýsyz tejribesi, beýik türkmen soltanlarynyň ganymyzda aýlanýan, ruhuňy joşduryjy güýç-kuwwaty, Magtymguly ýaly akyldarlarymyzyň, alym-ulamalarymyzyň parasaty durandyr» diýmegi ýöne ýerden däl. Milletimiz adamy hemişe iň ýokary gymmatlyklaryň biri hasaplady, onuň hukuklarynyň goragynda durdy, adamyň kämilligine bolsa jemgyýetiň sazlaşygy, agzybirligi we jebisligi üçin ilkinji zerurlyk hökmünde garady. Sebäbi muny türkmen düşünjesi, kadalary talap edýär.
«Adamyň dünýäsiniň bir ak tarapy, bir gara tarapy bolýar. Şol aklyk we garalyk mydama biri-biri bilen gapma-garşylykdadyrlar. Adam şolaryň haýsysyny ileri tutup, haýsysyna köp üns berse, şol hem üstün çykýar». «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan alnan bu sözleriň üstüni şol kitapda Zaratuştra pygamber hakynda edilýän söhbet bilen ýetiresim gelýär. Gürrüň, esasan, «Awesta» hakynda barýar.
«Adamyň her egninde bir perişde otyr, biri eden ýagşylygyňy, beýlekisi hem eden ýamanlygyňy ýazýar» diýip, çagalygymyzdan gulagymyza guýýarlar. Şeýle diýmek bilen, ata-enelerimiz bizi haram, ýaman işlerden daşlaşdyrmaga çalyşýarlar. Bu — inçe terbiýe, ýagşy adam bolup ýetişmegiň barada edilýän çynlakaý maşgala aladasy. Pederlerimiz rehimdarlyk duýgusyny ýüze çykarýan, ony janlandyrýan ýörelgeleri agzysary çülpelikden kalbymyza guýmak isleýärler. Ýüregiňde mähir-muhabbet, ruhy nygmatlyk näçe köp bolsa, olary özgelere näçe köp paýlasaň, şonça-da rysgalyň artýar, hormat-mertebäň beýgelýär diýip, ähli beýik eserler nygtaýar.
«Ahlak» dini-filosofik düşünjedir. Ruhy gymmatlyklar, belent ahlak kadalary bolmasa, adam nadan we gözgyny mahluga öwrülerdi. Adamzadyň durmuşy, taryhy, ömri çalpaw meýdany ýatladardy. Döwlet diňe ykdysady, durmuşy, syýasy sütünlerden ybarat bolman, eýsem, ruhy sütünden hem ybaratdyr. Ruhy sütüniň ýok ýerinde beýleki sütünleriň döremejekdigi köre hasa. Ruh — ýaşaýyş, ýaşaýyş bolsa wagtdyr. Wagt — ömür! Ony bimany zada öwrer ýaly, pelegiň duzagyna salar ýaly adam jyzlan, şemalyň ugruna gaýmalap ýören peşmek ýa-da tozgajyk däl. Şu hakykata göz ýetirmek üçin adama aň we pikir berlipdir. Kitapda häzirki wagtda tutuş dünýäde ruhy gymmatlyklaryň, ahlak kadalarynyň ähmiýetiniň artýandygy hakynda gürrüň edilýär. Gahryman Arkadagymyz munuň sebäbini şunda görýär: «Bu zatlaryň ählisi adamzadyň köp müňýyllyk tejribesiniň, döreden ruhy-ahlak kadalarynyň öz gymmatyny gaçyrman, gaýtam, barha uly ähmiýete eýe bolýandygy bilen baglanyşyklydyr».
Ruh diýmek ahlak duýgusydyr, iman nurudyr, öz-özüň bilen ikiçäk assyryn gürrüňdeşlikdir, içki monologdyr, eden we etjek işleriň hakynda öz-özüňe hasabat bermekdir. Ahlak — munuň özi günä bilen sogabyň, haýyr bilen şeriň arasyndaky söweşdir, iman bolsa Allatagala bilen adama, dowzah bilen jennete, şeýtan bilen perişdä bolan garaýyş — gatnaşykdyr, iman — ynsapdyr, namysdyr, mertebedir, iman — arassa kalp nurudyr, asmandan Zemine inen çyragdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda bu barada has düýpli, giň we paýhasly oý-pikirler beýan edilýär.
Hormatly il ýaşulymyz kitapda halk üçin uly işleri bitiren şahsyýetler hakyndaky ýagşy ýatlamalaryň adamlary jebisleşdirýändigini aýdýar. «Olaryň geçen ýoly ynsanlar üçin durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär. Şeýle adamlara «Hakyň halan adamy», «Taňry nazary düşen adam», «Allanyň sylan bendesi» diýilýär» diýip ýazýar. Bu setirler meniň indiki aýtjak pikirlerimiň döremegine sebäp boldy.
Gorkut atanyň: «Adyňy men berdim, ýaşyňy Alla bersin!» diýen ajaýyp bir sözi bar. Häzirki döwürde ady ene-ata dakýar. Emma ir döwürde ady il-ulus, jemagat, oba kethudalary, töreler dakypdyr. Seniň adyň Arslan ýa-da Batyr bolaýsyn, eger durmuşda gaýduwsyzlyk, mertlik görkezmeseň, il hereketiňe we häsiýetiňe görä mynasyp at dakaýýar eken. Şol at hem ömrüň ötýänçä ýörgünli adyňa öwrülýär. Aýdaly, adyň Jomart bolsa-da, hakykat ýüzünde husyt bolsaň, häsiýetiňe kybap at aljakdygyň şübhesiz.
Göroglynyň hakyky adynyň Röwşendigini hemmämiz bilýäris. Ol ýagşyzadalardan üç dileg dilände, perzent dilemegi unudýar. Emma Görogly bütin ömrüne il-ulsuň, ýurduň aladasyny edip, öz adyny halkyň ýüregine baky ýazdy, öz adyny ýer astynda ýatmaz ýaly etdi.
Dereje we at bilen bagly mysallary näçe getirseň, getirip oturmaly. Bärde esasy nygtamak isleýän zadym şu: dünýäde ýagşy at galdyrmak adam üçin uly bagtdyr. Dünýä geldiňmi, ýaşa, at gazanasyň gelýärmi, gazan! «Men ynsan ömrüniň manysy bitiren gowy işlerinde bolýar diýen düşünjä uýýaryn. Sebäbi her bir adam bitiren şeýle gowy işleri bilen beýgelýär, şolar bilen ýalkanýar». Ine, ömrüň manysyna we maksadyna öwrülmeli esasy ýörelge! Durmuşda ýetmäge ymtylmaly sepgit!
Adamy adam edýän häsiýetler az däl: ynsap, namys, haýa, lebiz, dogruçyllyk, halallyk, mertlik, pespällik... — bular diňe käbiri. Emma ýaramaz adam bolmak üçin men-menlik, haramlyk etmek ýa-da agzalalyk döretmek ýeterlik. Biz ala-böle bu üç betpygyl hereketi tötänden agzamadyk. Muňa «Dädem Gorkudyň kitaby» diwanyndaky parasatly, gyzykly we manyly boýlar, has anygy, Däli Domrul, Depegöz hem-de Gazan han hakyndaky rowaýatlar sebäp boldy. Olarda Gorkut atamyz men-menligiň, haramlygyň we agzalalygyň adamyň başyna nähili gowga-külpetleri salýandygyny ussatlarça beýan edýär.
Kim bolsaň hem, nirede bolsaň hem adamkärçiligiňi saklamak, ADAM bolmak — durmuşda iň kyn wezipe. «Adam doguldy, ýaşady, öldi» diýen düşünjäni «Adam ýaşady, öldi, doguldy» diýen düşünjä öwrüp bilmek uly gahrymançylyk! Ynsanyň beýik wezipesi, dünýäniň panylygy hut şu iki düşünjäniň daşynda aýlanýar. Adam bolmaga synanyşmagyň özi eýýäm şu dünýädäki esasy wezipämiziň ýarpysynyň berjaý edildigi biläýmeli.
Köneürgenje baran adam Nejmeddin Kubranyň kümmetine zyýarat etmegi parz hasaplaýar. «Ömrümiň manysy» kitabynda halkyň arasynda Bahaweddin Nagyşbendiniň gubruna üç gezek zyýarat etmegiň bir gezek Mekgä gidip, hajy bolmak bilen barabar diýen ynanjyň dörändigi aýdylýar. Olaryň öz nesillerinde özleri barada şeýle ýagşy garaýyşlary döretmek üçin dirikäler nähili beýik, mukaddes, keramatly işleri, etmeli bolandyklaryny göz öňüne getirmek hem kyn. «Älem içre adam galmaz, at gezer». Nähili jaýdar aýdylan pikir! Bu dünýäde abraý, bakyýetde iman getirjek işler adamy kämil şahsyýete öwürýär.
Aslynda, «Ömrümiň manysy» kitabynda soltanlar, alymlar, pirler, şol sanda Hoja Ahmet Ýasawy, Abdylla Merwezi, Nejmeddin Kubra, Mäne Baba hakynda aýratyn söhbet edilmegi onuň köptaraply aýratynlygyny görkezýär. Ýatlamalar, taryh, din, medeniýet, syýasat... — ählisi sapaga düzülen ajaýyp monjuklar ýaly, bir bitewi sazlaşygy, gözelligi, nepisligi emele getirip, adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Kitabyň okyjylarynyň arasynda dürli ýaşdaky, wezipedäki we kärdäki adamlaryň bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem gyzykly we köpdürli temalaryň durnukly, birsydyrgyn akymydyr.
Türkmenler: «Adam çig süýt emen» diýip ýönelige aýtmaýarlar. Kemçiliksiz, ýalňyşmaýan adam bolmaýar. Ýöne türkmenleriň «Toba günäni iýer», «Bir ýazyksyz är bolmaz» diýen ýaly nakyllary hem döredendigini unutmalyň! Gürrüň bärde kemçiligiňe düşünmegiň, ony düzetmegiň zerurdygy barada barýar. Ýalňyşyňa düşünmek, kemçiligiňi düzetmek üçin durmuşda diňe ýagşy zatlary görmäge çalyşmaly. Bir dana goja öz dostuna: «Şu otagy synla-da, maňa goňur reňkdäki zatlary sanap ber» diýipdir. Otagda goňur zatlar agdyklyk edensoň, ol bu şerti derrew berjaý edipdir. Soň dana: «Indi gözüňi ýum-da, gök reňkdäki zatlary sana» diýipdir. Dosty aljyrapdyr we geňirgenipdir. «Men-ä otagda gök zada gözüm düşmedi» diýip, gözüni açyp görse, otagyň içi gök reňkdäki zatlardan doly eken.
Bu tymsal durmuş hakykatyny görkezýär: ýaramaz zatlary gözleýän adam diňe ýaramaz zatlary görýär. «Adamlar barada gowy pikirde, gowy niýetde bolmak, gör, nähili ajaýyp!» diýip, Gahryman Arkadagymyz kitabynda ýazýar hem-de pikirini şu ajaýyp sözler bilen jemleýär: «Men muny maksada ýetmegiň bir ýoly hasaplaýaryn. Adam gowy zatlar hakynda pikir etse, şolara ýetmek ugrunda alada etse, hökman menziline ýetýär diýip ynanýaryn».
Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň edep-ekram göreldesi nesiller üçin müňýyllyklaryň synagyndan geçen, terbiýäniň dury akabasyndan gözbaş alan nusgalyk mekdepdir. Türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň, hoşniýetliliginiň, baý taryhy-medeni mirasynyň ýurdumyzyň esasy ýüzi bolmagynda galýandygy guwandyryjy hem-de buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Adamyň akyly kämil bolsa, kalp we ahlak gözelligi hem kämil bolýar. Pyntygyň geljekki miwäniň alamaty bolşy ýaly, akyllylyk hem üstünlige we päk arzuw-umytlara ýetmegiň alamatydyr. Atalarymyzyň asylly we päk ahlak häsiýetlerini özünde terbiýelemek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir raýatynyň mukaddes borjudyr. Ömrümiz manyly bolsun!
Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».