Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişiniň barşy hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunda pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň, kombaýnlaryň, beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Häkim hasabatynyň dowamynda pagta ýygymyny ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur taýýarlyk çäreleriniň geçirilendigini habar berdi. Hasabatyň çäklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belläp, häzirki wagtda sebitiň käbir etraplarynda bugdaý ekişiniň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy we bu ugurdaky işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylaryň oba hojalyk tehnikalary, ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Arkadagly Serdarymyz häkime güýzki bugdaý ekişi möwsüminde alnyp barylýan işleriň gidişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň, aýratyn-da, 7-nji sentýabrda geçiriljek “ak kerwen” dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi we pagta ýygymyna ýokary guramaçylyk derejesinde girişmek babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, pagta ýygymyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlygynyň ýokary derejede bolmalydygyna üns çekildi.
Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň önümçilik pudagyny ösdürmek, güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak meseleleriniň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu ekinlere ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyk gelmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmalydygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, bugdaý ekişiniň depginleri, şeýle hem pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunda pagta ýygymyna degişli düzümleriň, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Bulardan başga-da, welaýatyň gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalaryň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar.
Welaýatda “ak kerwen” dabaralaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegine we täze binalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyklar barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň degişli derejede guralmagynyň wajypdygyny belledi we ýerleri taýýarlamak, sürüm, tekizleýiş işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Gallaçy kärendeçileri ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýokary öndürijilikli işletmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, möwsüme guramaçylykly girişmek, kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary we beýleki tehnikalary ýokary derejede taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň, olary ýygnap almagyň, gant şugundyryna ideg etmek işleriniň berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli guralýan dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, olaryň ýatda galyjy wakalara, şatlykly pursatlara beslenmelidigini belledi.
Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda güýzlük bugdaý ekişini geçirmek, pagta ýygymyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi barada habar berildi. Şol bir wagtyň özünde güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine edilýän ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Häkim häzirki döwürde welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýändigi barada hasabat berdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna gabatlanyp açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem şanly sene mynasybetli guraljak dabaralaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişini ýokary hilli, öz wagtynda we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň häzirki günüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, möwsüme guramaçylykly girişmäge görülýän taýýarlygyň ýokary derejede ýola goýulmagynyň wajypdygyny belledi we bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi barada aýdyp, bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda degişli işleriň talabalaýyk geçirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy belleniljek sentýabr aýynda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda işleriň alnyp barlyşyna gözegçiligiň gowşadylmaly däldigini tabşyrdy. Baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilýän dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidir.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý ekişiniň depginleri we pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Gallaçy kärendeçiler ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilýär, pagta ýygymyna taýýarlygyň çäklerinde ýerleriň, oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki degişli düzümleriň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de häkim welaýatda güýzlük ýeralma, şaly, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine edilýän ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly doly ýygnap almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Ähli işler agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.
Sebitde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işler barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan möwsümleýin işleriň ýokary derejede geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şunda welaýatda pagta ýygymyna taýýarlyk bilen bir hatarda, güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu işleriň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmegi geljekki bol hasylyň kepilidir diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli degişli düzümleriniň pagta ýygymyna görýän taýýarlyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyna we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk ýagdaýynyň ýokary derejede bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, Arkadagly Serdarymyz güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi we bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň talabalaýyk geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de şaly ekilen meýdanlarda ýerine ýetirilýän ideg işlerine möhüm üns berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ähli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, aýratyn-da, bugdaý ekişiniň depginleri, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişi talabalaýyk dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, häkim pagta ýygymyna taýýarlygyň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlyk derejesi barada habar berdi.
Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak meseleleri möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Welaýat boýunça gant şugundyry ýetişdirilýän meýdanlarda işler talabalaýyk alnyp barylýar. Häkim mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we şanly senäniň hormatyna welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bellenilen kadalara laýyklykda alnyp barylmalydyr. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme doly taýýarlanylmagy häzirki döwrüň möhüm talabydyr.
Döwlet Baştutanymyz güýzlük ýeralma, gant şugundyryna, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň agrotehniki talaplara doly laýyk gelmelidigini, ýetişdirilen hasyly ýygnap almagyň guramaçylykly, talabalaýyk geçirilmeginiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Arkadagly Serdarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtap, şanly senäniň hormatyna açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak barada degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi esasynda şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, 14-nji sentýabrda bolsa Daşoguz welaýatynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna girişmek boýunça “ak kerwen” dabaralarynyň geçiriljekdigi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyz boýunça pagta ýygymynda işlediljek kombaýnlaryň 1 müň 600-siniň, pagta daşamakda ulanyljak ulaglaryň 7 müň 800-siniň, şeýle-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-synyň we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 158-siniň ýygym möwsümine doly taýýar edilendigi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Balkan we Mary welaýatlarynyň bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen ýeterlik derejede üpjünçilik meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýokary hilli we guramaçylykly, öz wagtynda geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda güýzlük ýeralmanyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny almak işleri hemişelik üns merkezinde saklanmalydyr. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna toplumlaýyn taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň talabalaýyk guralmalydygyny, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer hem-de welaýatlaryň häkimleri hormatly Prezidentimize ýurdumyzda pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli “ak kerwen” dabaralaryny geçirmäge ak pata berendigi üçin ähli pagtaçy kärendeçileriň adyndan hoşallyk bildirdiler we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny ýokary netijeler bilen jemlemegi, pagtaçy kärendeçileriň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklerini arzuw etdi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň — Garaşsyzlyk gününiň mynasyp garşylanylmagynda aýratyn wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.