Soltan Sanjaryň kümmeti — şöhratly taryhymyzyň gymmaty

1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» ýadygärlikler toplumynyň arasynda beýik seljuk soltany Sanjaryň tabşyrygyna laýyklykda bina edilen kümmet görenleri haýrana goýýar. Öz döwrüniň meşhur binagäri Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan gurlan, ençeme ýüzýyllyklardan bäri özüniň owadanlygy, berkligi, beýikligi bilen tapawutlanan bu ymarat bu günki gün hem «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň merjeni hasaplanylýan Soltan Sanjaryň aramgähi hökmünde meşhurdyr.
Kümmetiň salynmagynyň düýp sebäbini bolsa, asman perisi we Soltan Sanjar bilen baglanyşykly asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýeten rowaýatda şeýle delillendirilýär:
... Aýdyşlaryna görä, seljuk soltany Soltan Sanjar asman perisine aşyk bolup, oňa özüne ömürlik ýanýoldaş bolmagy teklip edenmiş. Perizat birsalym oýlanyp oturýar-da, şeýle diýýär:
— Bu teklibiňize razy bolmagym üçin siz meniň üç sany şertimi hemişe berjaý etmeli bolarsyňyz?!
— Ol nähili şert?!
— Olaryň ilkinjisi, men saçymy daran wagtym siz maňa seretmeli dälsiňiz. Ikinjisi, eger saý-sebäp bilen men ylgamaly bolaýsam, söbügime bakmajakdygyňyza söz beriň! Iň soňky şertim: hiç haçan bilimden tutmaly dälsiňiz!
Eger ykbal bizi duşuryp, maksadyňyz myrat tapan ýagdaýynda-da, şu şertler bozulan halatynda, biziň ömürlik aýra düşjekdigimizi hem öňünden aýdaýyn!
Soltan asman perisiniň şertlerini berjaý etjekdigine söz berenem bolsa, bilesigelijilik ony öz erkine goýmandyr. Bu şertleriň hikmetine göz ýetirende bolsa, bolýan zatlara diýseň geň galypdyr. Sebäbi, ol peri aýalynyň öz saçyny daraýan wagtynda kellesini eline alyp daraýandygyna, ylgan wagty söbüginiň ýere degmeýändigine, bilinden tutanda bolsa, asman perisiniň biliniň süňksüzdigine göz ýetirýär.
Soltanyň ähdini bozandygyny juda ýokuş gören perizat birden akja guşa öwrülýär-de, asmana galýar. Beýle zada garaşmadyk Soltan Sanjar oňa naýynjar bakyp durşuna:
— Meni taşlap gitme! Günämi öt! Men sensiz ýaşap bilmerin! — diýip, zarynlaýar.
Ak guşa öwrülip, al-asmanda pel-pelläp, soltandan barha daşlaşyp barýan asman perisi bolsa:
— Indiden beýläk meni görjek bolsaň, henize çenli görülmedik beýik hem owadan, göreni haýran edýän ymarat saldyr. Onuň depesinde-de penjire goýdur. Men her anna güni şol ymaratyň depesinde goýduran penjiräňden saňa görnerin — diýipdir-de, gözden gaýyp bolupdyr.
Ine, şondan soň, Soltan Sanjar öz wezir-wekilleri, geňeşdarlary, ýakyn adamlary bilen maslahatlaşyp, aramgähi gurmagy özboluşly binagärlik usullary bilen kaşaň ymaratlary bina etmekde şol döwürde adygan Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsa tabşyrmak kararyna gelýär.
Köpügören ussa turuwbaşdan öz işine diýseň jogapkärli çemeleşip başlaýar. Kümmetiň binýady — düýbüniň tutulyşy ýer tekizliginden aşaklygyna 4,5 metre çenli çuňluga uzaldylýar. Diwarlarynyň galyňlygy 5 metre, beýikligi 38 metre barabar bolupdyr.
Tanymal taryhçylaryň, alymlaryň, sungaty öwrenijileriň bu aramgäh bilen bagly ýazgylary az däl. Mysal üçin, orta asyr taryhçysy Reşideddiniň maglumatlarynda bu mawzoleý «Dünýäde gurlan iň uly ymarat» diýen ýazgy bilen orun alypdyr.
Hawa, binagärlik sungatynda iki gat gümmezli gurlan bu aramgäh asyrlaryň ýowuz synaglaryna döz gelip, biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Mawy syrçaly gümmezi bir günlük ýoldan seleňläp görnen ymarat Çingiz hanyň nökerleriniň wagşyçylyklaryna-da per bermändir. Bu bina bellibir derejede zyýan ýetirilendigine garamazdan, asyl durkuny saklap galypdyr.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu kümmetiň taryhy ähmiýetine hem alymlar, arhitektorlar, sungaty öwrenijiler we beýleki tanymal adamlar hemişe uly baha beripdirler. Olaryň köpüsi bu ymarat bilen baglanyşykly öz garaýyşlaryny beýan edýän taryhy ýazgylaryny bize miras goýup gidipdirler. Mysal üçin, rus professory, sungaty öwreniji alym, arhitektor Galina Pugaçenkowanyň galdyran ýazgysy üns bererlikli, guwandyryjydyr. Ol seljuklaryň iň şöhratly patyşasy Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň ähmiýeti baradaky öz pikirini şeýle beýan edýär: «Eger gadymy Merwden hiç bir zat, hatda onuň ozalky şöhratyna şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar we ägirt uly şäher harabalary saklanyp galman, diňe Soltan Sanjaryň aramgähiniň ýalňyz özi galanlygynda-da, köne Marynyň nähili uly şäher bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik bererdi».
Öz döwründe binagärlik keşbi, berkligi, özboluşly aýratynlyklary bilen älem-jahany haýrana goýan bu kümmetde wagtyň geçmegi bilen, tebigy hadysalaryň, asyrlaryň ýowuzlyklarynyň täsirleri netijesinde abatlaýyş, rejeleýiş zerurlyklary ýüze çykypdyr. Belli-belli döwürlerde bu barada öz zamanasynyň mümkinçiliklerine görä, bellibir derejede alada hem edilipdir. Ýöne şol abatlaýyş — rejeleýiş işleri göwün diýen netijäni bermändir. Diňe mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, döwlet derejesinde uly ünsüň berilmegi bilen, 1118 — 1153-nji ýyllarda hökümdarlyk eden, on bir ýaşyndaka Horasanyň häkimi, 1118-nji ýylda bolsa Beýik Seljuk döwletiniň soltany bolan Soltan Sanjaryň mawzoleýi täzeden abatlandy, gaýtadan dikeldildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň çägindäki taryhy ýerleriň, gadymy şäherleriň we gadymyýetden habar berýän ymaratlaryň, ýadygärlikleriň, şol sanda Soltan Sanjaryň kümmetiniň hem ygtybarly goralmagy, ylmy taýdan öwrenilmegi, olar baradaky taryhy maglumatlaryň, buýsançly ýazgylaryň dünýä ýaýylmagy, öwüt-ündew, wagyz-nesihat işleriniň ýokary derejede amala aşyrylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döreden we döredýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepmyrat Jepbarowyň ýolbaşçylygynda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, ylmy gözleglerini döredijilikli dowam etdirýändiklerini buýsanç bilen belläsimiz gelýär.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW.