Toprakdan döwlet tapan

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan «Ýaňgala» daýhan birleşigine tarap gidýän ýoly suw ýaly ulag bilen külterläp barşyňa, 5 kilometr ilerligine ýöräniňden soň, gür baglyga gözüň düşýär. Ynsan eli bilen döredilen tebigatyň bu ajaýyplygyna guwanyp, seredip durşuňa, päk zähmete, yhlas bilen döredilen gözellige hormatyň, söýgiň has-da artýar. Şonda hereket bilen bereket düşünjeleriniň özara arabaglanyşygyna, «Herekete — bereket» diýlen aýtga ýene bir gezek göz ýetirýärsiň...
Gür baglygyň içinde, aýratyn hem üzümçilikde nazaryň eglenýär. Günüň nurly şöhlelerine asyl-asyl bolup, bulduraşyp duran akly, garaly, gyzylly üzüm hoşalar bolsa, göýä diýersiň, bir sapaga düzülen monjuklary ýadyňa salýar. Düzüm-düzüm bolup duran üzüm salkymlary şahalaryna agram berip, ýere degäýsem-degäýsem diýýän ýaly. Hatar bolup oturan üzüm agaçlarynyň artykmaç şahalarynyň çyrpylyp timarlanandygyny, düýpleriniň haşal otlardan arassalanandygyny, baglaryň ideginiň birkemsiz ýetirilendigini synlap, öz işine söýgi bilen ýapyşan ynsanyň bu baga aýratyn mähir, yhlas, zähmet siňdirýändigi baradaky pikir seriňe dolýar.
Üzüm baglaryny synlap durşumyza: «Bu baglaryň bagbany kimkä?» diýip, daş-töweregimize göz aýlanymyzda, bir zenanyň iki sany kömekçisi bilen kärendeçi daýhanlaryň armasyny ýetirip ýörendigini gördük. Onuň bilen salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soňra, tanyşlyk açdyk. Görüp otursak, ol mährem zenan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat Ak bugdaý etrap geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa eken. Oňa biz idegi ýetirilen bu baglaryň örän özüne çekijidigini, şonuň üçin hem bagyň eýesi bilen tanşyp, söhbetdeş bolasymyzyň gelýändigini aýtdyk. Göwün matlabymyzy eşidenden soň, ol söze başlady:
— Bu üzümçilik kärendeçi zenan Baýramsoltan Nuraýewa degişli. Ol Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda halal zähmetiniň hözirini görýän bagtyýar zenanlaryň biri. Aslynda, Baýramsoltan Nuraýewa hünäri boýunça mugallym bolsa-da, tejribeli bagban, daýhan hökmünde hem tanalýar. Ol her ýyl hem üzüm agaçlaryndan, eken ekininden bol hasyl alýar. Onuň üzümçilikden başga-da, gowaçaly atyzlary hem bar. Özi-de ýadamany-ýaltanmany bilmän, haçan görseň, bagynda ýa-da gowaçaly ekininiň içindedir. Ol jemgyýetçilik guramalarynyň etrap, welaýat derejelerinde geçirýän wagyz-nesihat çärelerine-de işjeň gatnaşyp, özüniň alyp barýan asylly käri, halal zähmet çekmek, hünär öwrenmek, maşgala mukaddesligi baradaky çykyşlary bilen ýaşlaryň arasynda görelde bolýar, halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat dowam bolmagyna ýardam edýär. Daýhançylyk, bagbançylyk kesbinden başga-da, milli el işlerimiziň biri bolan keşdeçilik hünäri bilen eli çeper zenan hökmünde hem obamyzda tanalýar. Eger siz onuň özüni görmek isleseňiz, häzir bagynda işläp ýörendir. Ýörüň, men sizi onuň bilen tanyşdyraýyn — diýip, biziň öňümize düşüp, kärendeçi zenan Baýramsoltan gelnejäniň ýanyna alyp bardy.
Biz baranymyzda bagban zenan üzümçiliginde ýetişen bereketli hasylyny ýygyp ýören eken. Onuň her bir hereketinde toprak bilen bagry badaşandygyny, käriniň ussadydygyny, zähmete werziş bolan gaýratly zenandygyny daşyndan synlanyňda-da, aňmak kyn däl. Bagban bilen salamlaşyp, tanşanymyzdan soň, oňa sowal bilen ýüzlendik:
— Baýramsoltan gelneje, tüweleme, üzümiňiz-ä bitginli eken. Üzüm baglaryna ideg edişiňiz, daýhançylyk kärine başlaýşyňyz hakynda aýdaýsaňyz?!
Elinden hem, dilinden hem dür dökülýän, ýüzi nurana bu zenan sowalymyza şeýle jogap berdi:
— Gökdepe etrabynyň 28-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup zähmet çekýärin. Indi 39 ýyl bäri mugallymçylyk käri bilen meşgullanyp gelýärin. Kärim mugallym bolsa-da, onuň daşyndan daýhançylyk, bagbançylyk kärini-de ýöredýärin. Daýhan birleşigimiziň çäginde 3 gektarda gowaça, 4 gektar ýerde üzüm, 1 gektarda alma baglaryny ösdürip ýetişdirýärin. Olardan ýylyň-ýylyna bol hasyl alýaryn, geçen, 2021-nji ýylda gowaça eken ýerimiň her gektaryndan 70 sentnerden geçirip, pagta hasylyny aldym.
Görşüňiz ýaly, häzir üzüm hasylynyň ýygnalýan wagty. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly öňki ýyllardan-da has bereketli boldy. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda döredip beren mümkinçilikleriniň netijesinde her günde 500 kilogramdan 1 tonna çenli üzüm hasylyny ýygnaýaryn. Munuň özi üzümiň her gektaryndan 18 — 20 tonna hasyl alynýar, diýmek bolýar. Ýygnan üzüm hasylymyzy ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradýarys. Şeýle hem gök-bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan ýerli telekeçilerimiz üzüm hasylymyzy alyp gidýärler.
Üzümiň taýpy, içkimar, gelinbarmak, terbaş, halili, dagtokga ýaly sortlaryny ösdürip ýetişdirýärin. Üzüm agajy aýratyn idegi, yhlasy talap edýär diýsek, öte geçmezmikäk diýýän. Ýylyň 12 aýynda hem ekiniň içinde bolup, üzümiň ideg, çyrpym, suw tutmak, ýetişensoň, hasylyny isripsiz ýygnap almak işlerini alyp barýarys. Üzümiň irki bişip ýetişýän görnüşlerine baglylykda, hasyl möwsümi iýulda başlanyp, sentýabr aýyna çenli dowam edýär. Hasyly doly ýygnap bolanymyzdan soň, mal dersiniň çüýrüntgisi bilen dökünleýäris.
«Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz» diýlişi ýaly, 10 – 15-nji dekabrda suw tutýaryn. Biziň kärende ýerimiz daga golaý bolansoň, gyş aýlary tutan suwumyz ekiniň içinde çalt doňýar. Eger ekine tutulan suw doňmasa, üzüm agaçlarynyň düýplerine gar tokgalap, üýşürip goýmak usuly ulanylýar. Munuň özi hasyllylygyň ýokary bolmagyna getirýär. Ýanwar-fewral aýlary üzüm agaçlarynda timarlamak işlerini geçirýäris. Olar mart aýynda pyntyklaýar. Üzüm kesellerine garşy göreş çärelerini hem amala aşyrýarys. Munuň üçin fewral aýynyň aýagynda, mart aýynyň başynda üzümiň çybyklarynda kiçijik pyntyklar döräp başlanda, olara traktora berkidilen ýörite enjam arkaly kükürt erginini sepýäris. Ýazyň gelmegi bilen, ekinde haşal otlaram çykyp başlaýar, şonda derrew otag işlerini geçirip, arassalaýarys. Güle durmanka agaçlarynda hasylsyz çybyklary üzüm gaýçy bilen çyrpyp aýyrýarys. Hasylly çybyklarynyň bolsa ujy çyrpylýar. Gülden çykansoň, 2-nji suwy tutup, sürüm, bejergi işlerini traktor bilen geçirýäris. Tä üzümiň hasyly ýetişýänçä, haşal otlary aýryp, arassaçylyk işini geçirip durýarys.
Şu ýerde üzümiň yrýa zadynyň ýokdugyny belläsim gelýär. Üzümiň gök çybyklary mala gowy iým bolýar. Gapymyzda 10 – 15 sany iri şahly mal, birki sany düýe hem saklaýarys. Olardan alynýan süýt, agaran, gatyk, gaýmak ýaly önümler saçaklarymyzyň berekedine bereket goşýar.
Üzümçiligimizde üzümiň kişmiş üçin ýetişdirilýän görnüşi hem bar. Güne serlip, guradylyp taýýarlanylan kişmişiň baldan datly tagamy-da, lezzeti-de, ýokumy-da üýtgeşik bolýar. Kişmiş ynsan saglygy üçin örän peýdaly önüm bolup, ol bejeriji häsiýete eýe. Şeýle bolansoň, kişmiş halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar. Her möwsümde 500 kilograma çenli kişmiş taýýarlaýarys.
Sahawatly topragymyza yhlas etmegi, ondan bol hasyl almagy, ekerançylygyň inçe syrlaryny ejemden, kakamdan öwrendim. Pederlerimden miras galan daýhançylyk kärini, halal zähmet çekmegi perzentlerime hem öwredýärin. Ýaşlykdan zähmet arkaly berilýän şeýle terbiýe gazanylan ähli zadyň gadrynyň bilinmeginde, wagtyňy tygşytly sarp etmekde, ýagşy gylyk-häsiýetleri ýaran edinmekde uly ähmiýete eýe. Häzirki wagtda kärendeçilik işimde ýanýoldaşym Ýagmyr Nuraýew, çagalarym ýakyn ýardamçylarym. Olar üzümçilikde ideg işlerine, hasyl ýygnamaga yzygiderli kömekleşýärler. Öýüň işlerini-hä maňa asla ýetirenoklar.
Hawa, gol doly maşgalaly Baýramsoltan Nuraýewa 9 perzendiň — 7 gyzyň, 2 ogluň, 4 agtygyň enesi. Ol ogul-gyzyny hem asylly görüm-görelde, halal zähmeti bilen terbiýeleýär. Baýramsoltan Nuraýewa 2016-njy ýylda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Ene ýerden döwlet tapan bu gaýratly zenan we onuň agzybir maşgala agzalary toprakdan ýokary hasyl almak, halal baýamak üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýdýarlar.
Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».