Elektron neşir türkmen türgenleriniň üstünlikleri barada gürrüň berýär

«Türkmenistan Sport» halkara sport žurnalynyň «7/24.tm» hepdelik  elektron goşundysy her duşenbe güni okyjylara ýetirilýär.
«7/24.tm» döwürleýin neşiri täzelikleri öz sahypalarynda türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirýär.
Žurnalyň nobatdaky sanynda türkmen türgenleriniň üstünlikleri barada maglumat berilýär. Şu sanynda esasy ünsi Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlaryna gönükdiripdirler. Türkmenistanyň wekilleri umumy sanawda 23 medal (4 altyn, 6 kümüş, 13 bürünç) gazanyp, sportuň 10 görnüşinde ýurdumyzyň abraýyny goradylar.
Elektron žurnalyň sahypalarynda milli futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň we tans boýunça ilkinji milli çempionatyň netijeleri bilen tanşyp bilersiňiz. Sambo täzelikleri we aerobikanyň aýratynlyklary baradaky makalalar hem okyjylary gyzyklandyryp biler.
Elektron žurnaly Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýtynyň «Gazetler» bölüminden ýükläp alyp bilersiňiz.