Türkmen deňiz ýakasynda halkara pudaklaýyn maslahatyň çärelerine badalga berildi

Awaza, 14-nji awgust (TDH). Şu gün köp sanly daşary ýurtly myhmanlary göwnaçyk kabul edýän türkmen deňiz kenarýakasynda birnäçe serginiň açylyşy boldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň gerimli görnüşlerini görkezýär.
Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda geçirilýän ugurdaş pudaklaýyn forumlar döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Häzirki zaman şertlerde ulag-kommunikasiýalar dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de şolara uly isleg bildirilýändigi aýdyňdyr.
Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga, hoşniýetli goňşuçylyga we “Açyk gapylar” syýasaty ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz gadymy Hazaryň köptaraply ägirt uly mümkinçiligini amala aşyrmaga uly goşant goşup, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi derejesini pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Şu günki geçirilen çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar we foruma gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde sergi guraldy. Bu sergi raýat awiasiýasynda iri möçberli taslamalar barada gürrüň berýär.
Gürrüň täze howa menzilleriniň, terminallaryň, inženerçilik-tehniki maksatly desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, ozalky bar bolanlarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak barada hem barýar. Mysal üçin, häzirki wagtda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angar toplumyny gurmak boýunça işler dowam edýär.
Bu ýerde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň Halkara howa menzilleriniň, Jebel we Kerki howa menzilleriniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçe awiakompaniýalarynyň wekilhanalarynyň sergi bölümleri görkezildi.
Raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täze howa menzilleri gurulýar. Ine, 2010-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleri ulanylmaga berildi. 2016-njy ýylda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. 2021-nji ýylyň iýun aýynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menzili ulanylmaga berildi, iýul aýynda bolsa Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi.
Bu gün paýtagtymyzyň howa menzili bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky howa menzilleri hem islendik görnüşli we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip bilýärler.
Ýurdumyzda gurulýan howa menzilleriniň ählisiniň, ilkinji nobatda, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek babatda häzirki zaman talaplaryna hem-de halkara ölçeglere doly kybap gelýändigini, “Thales” fransuz kompaniýasynyň öňdebaryjy radionawigasiýa enjamlary bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda dürli ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Howa nawigasiýasy düzümleriniň ösdürilmegi hem-de awiaýolagçylara hyzmat etmekde hil derejesiniň ýokarlandyrylmagy babatda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, milli awiasiýamyz möhüm orun eýeläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine köp derejede uly täsirini ýetirýär.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom terminalynyň birinji gaty giň gerimli sergini guramak üçin meýdança öwrüldi. Bu terminal täsin innowasion desga bolup, onuň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanyldy.
Günbatar sebite bildirilýän ählumumy gyzyklanma birnäçe wajyp ýagdaýlar bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda Hazar deňzi aýratyn orun eýeleýär. Onuň ähmiýetliligi Hazaryň geosyýasy hem-de geoykdysady ýagdaýlaryň esasy merkezleriniň birine okgunly öwrülýändigi nazarda tutulyp, geografiýa taýdan ýerleşmeginiň çäklerinden çykýar. Bu ýerde deňiz, guryýer we howa ýollaryny özünde birleşdirýän dünýä derejeli iri ulag-üstaşyr halkasy kemala gelýär.
Şoňa görä-de, serginiň baş wezipesi Türkmenistanyň ulag düzümleriniň kuwwatyny, Hazar sebitine ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly iri göwrümli we uly agramly ýükleri getirmegiň aýratynlyklaryny, olary Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr ibermegi, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçirip, deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere iberilýändigini görkezmekden ybaratdyr.
Sergi bilen tanyşmaga başlamazdan ozal, öňde boljak halkara maslahata gatnaşyjy daşary ýurtlular we myhmanlar üçin portuň desgalary boýunça tanyşdyryş syýahaty guraldy. Şol ýerde olar häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesi we sanly ulgamlary arkaly terminallaryň alyp barýan işlerini synladylar, şol işler öňde goýlan wezipeleriň takyk, dessine we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
Monitorlaryň ekranlarynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň aýratynlyklary baradaky wideoşekiller, ýurdumyzyň ulag ulgamy bilen birlikde, tutuş milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýan onuň ähli terminallarynyň işleýşi görkezilýär.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň düzümine parom, ýolagçy terminallary, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody, şeýle hem ulag üpjünçiligi: estakadaly ýol aýrytlary bolan awtoulag ýollary we demir ýollar bilen birlikde, kenar düzümine degişli köp sanly desgalar girýär.
Portuň iň uly desgalarynyň biri umumy ýük terminaly bolup, onuň kuwwatlylygy ýylda ortaça 4 million tonna ýük geçirijiliginden ybaratdyr. Ol dürli gurluşyk serişdelerini, polat, demir, agaç materiallary, ulaglary, enjamlary we beýlekileri kabul etmäge hem-de ibermäge niýetlenendir. Bu terminalyň gämi duralgasynyň ýanynda ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan birnäçe gämiler bilen bir wagtyň özünde iş alyp baryp bolýar. Ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin kuwwatly rels we mobil port kranlary hyzmat edýär.
Portuň konteýner terminalynyň bir wagtyň özünde 12 gäminiň ýüküni kabul etmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen bir hatarda, ýörite ammarlarda dänäni saklamak mümkinçiligi üpjün edildi. Port ýükler bilen iş alyp barmak üçin iň täze enjamlara hem-de ýük götermäge niýetlenen ýörite ulag tehnikasyna eýedir. Mysal üçin, konteýner terminalynda öndürijiligi sagatda 25 TEU bolan “gämi-kenar” (STS) görnüşli duralga ýük ýükleýjileri işleýär. Şu ýerde hem wezipesine ýükleri niýetlenen ugurlary boýunça paýlamak işi girýän baş paýlaýjy merkez bar.
Ürgün ýük terminaly dürli çig mal serişdelerini, nebithimiýa önümlerini, klinkeri, demir magdanyny, boksiti, alýuminini, kömri, iýmleri, dökünleri, şeýle hem dänäni, gant şekerini, duzy we beýlekileri ýüklemek üçin niýetlenendir, olary saklamak üçin bolsa ammarlar we bunkerler guruldy.
Gämileri dolandyryş merkezi porta girýän gämileriň nawigasiýasyny howpsuz üpjün etmek üçin guruldy hem-de Halkara deňiz guramasy tarapyndan teklip edilen dünýä ölçegleriniň derejesindäki häzirki zaman nawigasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.
Ýolagçy terminalynyň binasy 600 orunlykdyr. Bu ýerde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur bolan düzgün-kadalar häzirki zaman derejesinde guralypdyr. Şeýle hem portda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri göz öňünde tutulandyr.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ýolagçy terminalynyň mümkinçilikleri, bu ýerde syýahatçylaryň oňaýlylygy we işgärleriň işlemegi üçin döredilen şertler ugurdaş düzümlere bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.
Umuman, awtomobil we ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolup, onuň duralgasynda birbada iki gämi ýerleşip bilýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat edip bilýär.
Polipropileni saklamak we ýüklemek boýunça ýöriteleşdirilen terminal barada aýdylanda bolsa, bu önüm Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ol dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar, munuň şeýledigine bolsa, hususan-da, Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylýan köp sanly şertnamalar şaýatlyk edýär. Türkmen polipropilenini Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan we beýleki ýurtlar sarp edýär. Eksport harydyň agramly bölegi deňiz bilen daşalýar.
Bir söz bilen aýdylanda, Halkara deňiz portunyň işi Merkezi Aziýada ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Diýarymyzyň ulag-logistika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşe, howpsuzlygy berkitmek işinde täze gözýetimleri açýar. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda ýurtlary hem-de halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň sergide görkezen köp sanly diwarlyklaryny agzap bolar. Olarda ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda islegleriň kanagatlandyrylmagyny, şeýle hem Diýarymyzyň bu ugurda iş alyp barýan wekillerini içerki we daşarky bazarlarda ulag işlerinde we hyzmatlarda bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion işjeňlik üçin şertleri döretmegi üpjün etmäge gönükdirilen ýokary netijeli ulag düzümleriniň kemala gelýändigi beýan edilýär.
Demirýol ulaglary ulgamynyň teklipleri, döwletiň içinde we halkara gatnawlarynda demir ýollara niýetlenen ulgamlar hem-de enjamlar, şeýle hem utgaşykly gatnawlar ulgamy, ekspeditorlaryň we gatnadyjylaryň hödürleýän hyzmatlarynyň teklipleri, ulag terminallary we beýlekiler üns merkezinde boldy.
Baý serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň dünýä ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki günüň möhüm wezipesidir. Üstaşyr akymlaryň logistikasynda Watanymyzyň kuwwaty Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoly bolan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň esasy böleginiň, Amyderýanyň üstünden gurlan häzirki zaman demirýol we awtomobil köprüleriniň, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň şu ýerde ýerleşýändigi nazara alnanda, haýran galdyrýar.
Bu ugurlaryň sebitiň ýurtlarynyň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ýoluna, ygtybarly ulag geçelgesine öwrüljekdigi gürrüňsizdir, çünki bu ugurlar ykdysady bähbitden başga-da, deňhukukly gatnaşyklar şertlerinde dünýäniň ykdysady giňişligine oňyn ýagdaýda ýakynlaşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Üç döwletiň aragatnaşyk ulgamlaryny baglanyşdyrýan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara geçelgesi bu ýurtlaryň hem-de Ýewraziýa yklymynyň beýleki döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygyny ençeme esse artdyrmaga mümkinçilik berer.
Munuň özi täze ulag ýollaryny gurmak hem-de ozal ulanylýan awtoulag ýollaryny abatlamak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýan ýol-ulag düzümleriniň ösdürilmegine-de degişlidir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde inžener-aragatnaşyk ulgamlaryny doly çalşyrmak, hereket howpsuzlygynyň döwrebap ulgamyny ornaşdyrmak, elektron maglumat tablolaryny, LED-monitorlary gurnamak we beýlekiler göz öňünde tutuldy.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölüminde ugurdaş düzümleri gurmakda awtomobil ýollaryny çekmegiň çyzgylary görkezildi.
Türkmenistany goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze awtoulag ýollary we köprüler gurulýar, dünýäniň esasy öndürijileri tarapyndan iberilýän häzirki zaman tehnikalary bilen ulag düzüminiň yzygiderli üsti ýetirilýär. Şol tehnikalar soňky ýyllaryň dowamynda ýol-ulag ulgamynyň taslamalary durmuşa geçirilende işjeň ulanylýar. Monitorlarda topragy dykyzlandyryjy tehnikalaryň dürli görnüşleri, buldozerler, ýer gazyjy enjamlardyr topragy tekizleýji tehnikalar we beýlekiler görkezilip, şolar döwrüň ýokary talaplaryna kybap gelýär.
Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy dowam edýär. Ýokary tizlikli awtoulag ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, serhetdeş Özbegistan bilen ulag gatnaşyklary babatda uly mümkinçilik açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan awtobanyň Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşdirilmeginiň netijesinde bolsa, Hazarda Halkara deňiz portuna ýük akymlarynyň göni çykmagy, ondan aňry bolsa deňziň üsti bilen Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykalga üpjün ediler.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, sebit we sebitara derejesinde utgaşykly logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulag düzüminiň ýene-de bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze awtoulag köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.
Türkmenistan — Gazagystan ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüljek täze köpriniň bina edilmegi, oňa barýan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtoulag ýoly bilen birleşdiriljek ýoluň durkunyň täzelenilmegi Diýarymyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistika hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilmegini ep-esli artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Häzirki döwürde döwletimiz ulag geçelgelerini gurup, awtomobil we demir ýollar ulgamyny, howa we deňiz ugurlaryny giňeltmek bilen, sebitde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady rowaçlygyň pugtalanmagyna ýardam edýär. Hut şular hem Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmekde ýerine ýetirilýän anyk işlerdir. Şunda tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük daşalyşyny ösdürmek üçin mümkinçilikleri ep-esli artdyrýan gämi gatnawy hem-de port hojalygy möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.
Mysal üçin, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň sergi bölüminde önümçilik işleriniň tehnologik tapgyrlary görkezilýär. Biziň ýurdumyz üçin düýbünden täze bolan bu kärhana Watanymyzyň gämi gurluşygyny ösdürmek üçin esas boldy. Gämileri ýygnamakdan başga-da, bu ýerde ýük gämilerini, gury ýük daşaýjy gämileri, tirkeg gämilerini we beýlekileri abatlamak boýunça işleriň doly tapgyryny ýerine ýetirmek bolýar.
Ýylda 10 müň tonna polady işlemäge ukyply zawodda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de häzirki zaman awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, bu toplumyň kuwwaty her ýylda 4 — 6 gämini gurmaga, şeýle hem 20 — 30 gämini abatlamaga we olara tehniki taýdan hyzmat etmäge mümkinçilik berýär, şol işleri ýerli hünärmenler amala aşyrýarlar.
Zawodyň taslamasy deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda standartlary we kadalary işläp düzmek wezipesini ýerine ýetirmegi maksat edip goýýan IAСS؅— International Assoсiation Сlassifiсation Soсietes-iň (MAKO — Hünär synaglary jemgyýetleriniň halkara assosiasiýasy) halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda düzüldi. Dünýä söwda flotunyň möçberiniň 90 göterimden gowragy MAKO jemgyýetleriniň agzalaryna degişlidir.
Şeýle hem gözden geçirilişe logistika ugurly kompaniýalar — «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gatnaşdylar. Şolaryň işleri bu ulgamda iri möçberli halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýedir. Sergä gatnaşyjylaryň ençemesi iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly iri göwrümli ýükleri daşamakda mümkinçiliklerini görkezdiler.
BMG-niň dürli düzümleýin bölümleri, halkara guramalar, Döwlet gümrük gullugy we beýlekiler sergi diwarlyklaryny wideogörnüşde görkezdiler.
Bu wideotanyşdyrylyşlaryň umumy maksady ulag akymlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde, gatnawlaryň ugurlaryna döwletleriň hem-de iri sebitleriň köp sanlysyny goşmakda jemlenip, ol döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurtlaryň hem-de halklaryň özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna anyk ýardam berer.
Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi bilen, köpugurly hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmekde iri halkara hem-de sebitleýin guramalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylyşynyň geriminiň ep-esli giňelýändigi aýdyňdyr.
Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat derejesinde ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şol resminamanyň awtordaşy bolup, 74 ýurt çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag-üstaşyr gatnawlary babatda Kararnamalaryň dördüsini kabul edendigi guwançlydyr.
Serginiň esasy ugurlarynyň biri ýükleriň daşalyşydyr. Bu bölüme gatnaşýanlar ammarlarda işleriň alnyp barlyşyna syn bermegiň toplumlaýyn ulgamynyň hem-de serişdeleriň we önümleriň içerki önümçilik logistikasynyň, ulag ulgamy, logistika we intralogistika, şeýle hem dünýä bazarlarynda üstünlik gazanmagyň esasy ýagdaýy hasaplanylýan harytlary ulaglar arkaly daşamakda tiz, ýokary hilli we gymmat bolmadyk hyzmatlar üçin IT-çözgütleriň tanyşdyrylyşlaryny görkezdiler.
Sergide täze tehnologiýalaryň, gologrammalaryň, interaktiw kartalaryň, sensor ekranlaryň, köp sanly multiproýektorlaryň ulanylmagy myhmanlara ulag-aragatnaşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hem-de taslamalaryň netijelerini örän aýdyň görmäge mümkinçilik berýär.
Sergä gelenler ulag-aragatnaşyk toplumynyň gazananlaryna bagyşlanan bölümi gözden geçirenlerinden soňra, ýolagçy-parom terminalynyň ikinji gatyna düşýärler we şol ýerde ýolagçy köprüsi boýunça awtoulaglaryň gämä ýüklenilişini synladylar.
Şeýlelikde, Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşýar. Bu ulgam häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjysydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamynda uly kuwwata eýe bolup, birnäçe iri halkara we sebitleýin taslamalaryň başyny başlaýjy bolup çykyş etmek bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de giňeldilmegine uly goşant goşýar.
                                                    * * *
Şeýle hem şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.
Geçirilen duşuşyklarda sebitiň we dünýäniň dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek we ozal hereket edýänlerini giňeltmek boýunça geljegi uly meýilnamalary nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.