Göze görünmeýän iki närse hakda kelam

«Adamyň ýanynda göze görünmeýän iki närse bolarmyş» diýip, kitaplaryň birinde okadym. Olar — bassaş. Adamyň bütin ömründe «Näme etmeli?» diýen sowala häli-şindi jogap agtaryp ýaşamaly bolýandygy hem hut şolaryň bassaşlygy sebäpli döräpdir. Olaryň biri, beýlekä garanda, adamy öz yzyna düşürmäge has beter höwes edermişin, her hili al bilen adamy özüne imrikdirmäge çalşarmyşyn. Adam olaryň haýsysynyň yzyna düşse, onuň abraýy hem şoňa görä bolarmyş. Olaryň biri — ynsap, beýlekisi — nebis. Biziň gürrüňimiz olaryň birinjisi — ynsap hakda bolar.
1. Ynsap
Şeýlelikde, ynsap hakda gürrüň etmekçi bolýarys. Ynsap näme? «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» ynsabyň ahlak jogapkärçilik duýgusydygy aýdylyp, onuň her bir zatda özüňden başga adamyň-da paýynyň bardygyny nazarda tutup, adalatlylyk etmekdigi düşündirilýär. Görşüňiz ýaly, düşündirişi örän gysga. Ýöne onuň ulanylyş çygry welin bäri-bärde duranok, edil jahan ýaly giň diýseňem bolar. Adalatly bolmak, başgaça, ynsaply bolmak bütin barlykdaky ähli gatnaşyklary ölçäp, sazlap durýan terezi mysaly bir zatdyr.
Adamyň adama, maşgala, jemgyýete, döwlete, has uly hasapdan alanyňda, beýleki halklara we bütin adamzada bolan gatnaşygy hut şu terezide — ynsap terezisinde ölçenilýär. Adalatly çemeleşiş adamyň özüne bolan garaýşynda-da, Gudraty Güýçli Allatagala, pygamberimiz Muhammet aleýhyssalam, onuň sahabalary, beýleki enbiýalar, öwlüýäler, melekler — perişdeler bilen gatnaşygynda hem hökman saklanylmaly, ýagny ynsaby ýitirmeli däl. Ynsaplylyk adamyň tebigatdaky janl-y-jansyzlaryň ählisi bilen — eldekileşdirilen hem ýabany haýwanlar, agaçlar, otlar, beýleki ösümlikler, toprak, suw, garaz, agzalan-u-agzalmadyklaryň ählisi bilen gatnaşygynda ýüze çykmalydyr. Özi-de bu gatnaşyk näçe ir ýüze çyksa, şonça-da gowy, çünki adam daş-töweregindäkilere ynsabynyň gözi bilen garasa, şoňa laýyk hem hereket etse, onuň içki dünýäsi şonça-da rahat bolýar. Il içinde-de ýaşlygyndan abraý gazanyp başlan hökmünde tanalýar. Türkmende biriniň neberesi hakda gowy gürrüň edilende: «Hä, olar adam çykýan ýerdir» diýilmesi bar. Özüňkiler hakda ile-güne şeýle diýdirip bilmek — uly mertebe. Bu baha bir ýylda, iki ýylda bütin neberäň bolup edilen birki sany ýagşy işiňe seredip berilmeýär. Munuň üçin uzak ýyllar gerek. Şol ýyllarda-da hemişe gowy işleri edip gelmegiň gerek. Adamyň başyna-da her hili iş düşüp bilýär, şonda akylly-başly hereket etmegi başarmaly. Iş salyşýan adamlaryňy ynjytman, kösemän mesele çözmeli. Elbetde, hemme işde hemmelere ýaranyp bolmaz, bu düşnükli zat, emma ynsaby elden bermeseň, başda senden öýkelän adam hem özüniňkiniň nädogrudygyna irde-giçde düşünýär.
Ynsap adamy terbiýeleýär. Ýaman gylykly bir ogryny Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň şol hakda birje ýagşy söz aýdyp, onuň ynsabyny oýandyryşy, şeýdibem, erbet gylygyny — ogurlyk etmesini goýduryşy hakdaky gürrüňi eşitmedigimiz ýokdur, meger. Söz ynsaby oýarýar, oýanan ynsap hem temminiň-jezanyň bitirmejek işini bitirip, adamy dogry ýola salýar.
Dünýäde bagtly bolmagyň hem esasy şerti içki dünýäň asudalygynda, ýagny mümkinçiligiň bilen aňyň sazlaşygynda, deňagramlylygynda. Tereziniň bir jamyna ynsabyňy, beýleki jamyna mümkinçiligiňi, eden işleriňi hem-de geljekdäki etsem-goýsamlaryňy goýanyňda, onuň dili ortalygy görkezse ýagşy. Eger tereziniň jamynyň biri agyr gelip, beýlekisini ho-ol ýokary göterse, öz hereketiňe gaýtadan göz aýlaber! Şeýle bolanda, onuň sebäbini daşdan däl-de, içden, ýagny öz-özüňden gözlemeli. Biz bolsa durmuşymyzda bir şowsuzlyk ýüze çyksa, özümizden başga islendik adamy günäkärlemäge taýyn. «Mert özünden görer, namart — ýoldaşyndan» diýen sözi hemişe ýadymyzda saklamagymyz gerek, ýaramaz gylyk-häsiýetden, endiklerden saplanmaga çalyşmaly. Şeýle endikler owalynda ganymyzda bar bolan endik däl-de, soň-soňlar, ýagny özbaşdak döwletli bolunman, elgarama ýaşalan uzak döwürleriň bir öwrüminde dörändir diýip hasaplaýarys.
Aslynda, türkmen adalata gol ýapan, her bir işi ynsabyna görä çözüp gelen halk. Taryhy şahsyýetlerimiz baradaky gürrüňlerde, häzirki zaman ölçegleri bilen seredeniňde, rowaýatdyr diýdirýän wakalarda, halk döredijiliginde şu mesele bilen bagly mysallary tapyp bolar. Bu ýerde esasy zat — şolara bolan garaýşyňda. Wakalary niýetiňi-päliňi düzläp seljerseň, taryhymyzda: «Beý-bä!» diýdirýän adalatly çözgütler bir ýa iki däldir.
Türkmeniň ynsaplylyk ýörelgesi, ýagny adalata gol bermegi täzeden dikeldildi, özi-de döwlet möçberinde. Halkyň emer-damaryndaky köne edähetler, ýörelgeler biziň häzirki döwrümizde ähli ajaýyplygy bilen öňe çykarylýar, olara täze ömür berilýär. Üns beren bolsaňyz, soňky ýyllarda ýurdumyzda Adalatçynyň diwany instituty hereket edip gelýär. Munuň özi asylly ýörelgeleriň täze döwürde täzeçe ýüze çykmasydyr.
Ynsap hakda bir zat aýtjak bolsaň, halkymyzyň «ýazylmadyk kanunyndan» — türkmençilikden sowlup geçip bolmaýar. Türkmençilikde ynsap düşünjesi örän gowy işlenilip geçilendir. Bu hakda nakyllarymyz, atalar sözüdir ýönekeý aýtgylar, edil «gyzyla gaplaýmaly» diýilýänlerdendir. Mysal üçin, bazarda söwda-satyk bilen bagly: «Ilden çyksaň çyk, nyrhdan çykma!» diýilýän söz köp ulanylýar. Pikir edip görseň, bu aýtgy halkymyzyň aňrybaş ensiklopedik pikiriniň ýönekeýje sözler bilen örän sada hem düşnükli beýan edilmesidir. Heý-de, adam ýaşaýan jemgyýetinden çykyp gidip bilermi, bu balygy suwdan aýyrmak ýaly bir zat ahyryn! Bu ýerde «nyrh» sözi bilen ynsap düşünjesi aňladylýar. Ýene-de bir mysal: «Çopanyň haky — belanyň oky». Çopançylyk aňsat kär däl, kişiniň maly üçin jogapkärçilikden başga-da, bu ýerde çopanyň hemişe tebigy kynçylyklara — ýakyp-ýandyryp barýan yssa, aldajy sowuga, ýele-harasada, ýagyş-ýagmyra döz gelip ýaşamaly, işlemeli bolýandygy barasynda aýdylýar. Onsoň, şeýle kynçylyga döz gelip işleýän ynsanyň hakyny iýmegi, ony aldamagy türkmen günäniň ulusy hasaplaýar. Gönümel aýtmasa-da, ynsap barasynda gürrüň edýär.
Yslam dini — iň ahyrky kämillik. Adalat hem, ynsanperwerlik hem, ynam-ygtykat hem, umuman, dogry we dürs ýaşamagyň ähli kada-kanunlary, çelgileri dinimizde jemlenen we beýan edilen. Türkmen bolsa: «Ynsap — diniň ýarysy» ýa-da «Ynsap — dine ýarpy» diýýär. Şeýle diýmek bilen hem ynsaply bolmagyň adam üçin iň ýokary mertebedigini aýdýar. Şeýle diýmek bilen, türkmen eger ynsan ýagty jahanda ynsabyna görä ýaşasa, hereket etse, eýýäm ony jennete barýan ýoluň ýarpysyny geçen hasaplaýar.
Ynsap ynsanlygyň görkezijisidir.
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.