Mekdep bazarynda

Mary welaýatynyň etrapdyr şäher merkezlerinde hereket edýän mekdep bazarlarynda hem 2022-2023-nji okuw ýylyna ýokary guramaçylykda taýýarlyk görülýär. Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigine degişli bazarlarda täze okuw ýyly mynasybetli ýörite mekdep bazarlary guralyp, olarda şu günler söwda-satuw işleri gyzgalaňly dowam edýär. Mary welaýat köpugurly söwda bazarynda, Baýramaly şäher merkezi bazarynda, şeýle-de Mary şäherindäki «Maru-şahu jahan» merkezi bazarynda guralan mekdep bazarlarynyň söwda işleri has-da giňden ýaýbaňlandyryldy.
Mekdep bazarlary mekdep okuwçylary üçin gerek bolan okuw esbaplary bilen doly üpjün edilipdir. Okuwçylar üçin ýörite niýetlenilen egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, okuwçy torbalarynyň, galamdyr dürli ýazuw we surat depderleriniň köp sanly görnüşleri bar. Munuň özi bu ýere gelýän çagalaryň we olaryň ata-eneleriniň şatlygyny artdyrýar.
Mekdep bazarlarynda ýokary hilli söwda hyzmatlarynyň giňden ýola goýlandygyny, harytlaryň aglaba böleginiň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen önümlerdigini aýratyn bellemelidiris. Mekdep bazarlaryny ýörite aýlanyp göreniňde, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmekde alnyp barylýan işleriň giňden we üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyna aýdyň şaýat bolýarsyň.
Täze okuw ýylyna uly höwes bilen garaşýan mekdep okuwçylary we olaryň ata-eneleri bagtyýar nesiller barada edýän bimöçber aladalary üçin Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärler.
Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.