Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Awaza, 1-nji awgust (TDH). Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi.
Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Deňiz kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri we ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag we inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary-da öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi.
Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi ildeşlerimize «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyklaryny berkitmäge mümkinçilik berer. Halk köpçüligine hödürlenilýän iň ýokary dünýä ölçeglerindäki saglyk-dynç alyş hyzmatlarynyň elýeterliligi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygy hem-de halkymyzyň rowaçlygy bu strategiýanyň baş maksadydyr.
Bulardan başga-da, häzirki döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri işewürlik, medeni we sport merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, dürli halkara çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
...Dabaranyň başlanmagyna hemme zat taýýar edildi. Ir säherden täze toplumyň töweregini baýramçylyk howasy gurşap aldy.
Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy garşylaýarlar. Täze açyljak toplumyň ýanynda çagalar uly şatlyk bilen goşgy aýdyp, döwlet Baştutanymyzy garşy alýarlar. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-tansly kompozisiýasy dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesýär. “Rowaç” kottejler toplumy açyldy.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň çägine girýär we onuň hyzmat ediş merkezine tarap ugraýar. Bu ýerde bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyply hem-de 240 maşgala niýetlenen kottej şäherçesiniň düzümleri bilen tanyşýar.
Bu taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan “Sabyrly maşgala” hususy kärhanasy hem-de “Güneşli deňiz”, “Kent gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileri uly kuwwata eýe bolmak bilen, dürli pudaklarda netijeli zähmet çekýärler. Hususy kompaniýalar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli milli maksatnamalara işjeň gatnaşýarlar, paýtagtymyzdaky we sebitlerdäki hususy işewürler tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri muňa şaýatlyk edýär. Olar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge hem üstünlikli gatnaşýarlar. Bu ýerde ozal açylyp ulanylmaga berlen döwrebap dynç alyş merkezleri, şu gün ulanylmaga berilýän kottej şäherçesi munuň aýdyň netijesidir.
Gurluşygy üçin 10 gektar ýer bölünip berlen toplumyň abadanlaşdyrylan çäginde ähli amatlyklary bolan 48 sany 2 gatly kottejler, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, ýüzmek üçin açyk howuz ýerleşýär. Hyzmat ediş merkezinde restoran ýerleşdirilip, bu ýerde dynç alýanlara ýokary hilli hyzmatlar üpjün ediler. Mahlasy, toplumda halkara ölçeglere laýyk derejede dynç almak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan.
Hyzmat ediş merkeziniň binasynyň öňünde çagalar ýene-de öz çykyşlary bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça bilelikde ýadygärlik surata düşüp, toplum bilen tanyşmagyny dowam etdi.
Ýolugra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýöriteleşen kärhanalary tarapyndan guralan milli we daşary ýurt aşhanasynyň tagamlarynyň sergisi hem-de türkmen telekeçileriniň önümleri bilen tanyşdy.
Bu özboluşly sergi dürli ugurlar boýunça, şol sanda hyzmatlar ulgamynda uly üstünlikler gazanan ýurdumyzyň işewürleriniň köpugurly kuwwatyny we giň mümkinçiliklerini aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu ýerde öz müşderilerine türkmen aşhanasynyň köp görnüşli tagamlaryny hödürleýän kafeleriň, restoranlaryň hem-de toý mekanlarynyň tagamlary bilen tanşyp bolýar.
Hödürlenilýän tagamlaryň arasynda gadymy usullara görä, sygyr, goýun we guş hem-de balyk etinden taýýarlanylan naharlar, däneli ösümliklerden, gök we bakja önümlerinden taýýarlanylan her dürli tagamlar, çorbalar, hamyrly önümler, süýt önümleri hem-de içgiler bar. Olardan tamdyrlamany, işleklini, ýarmany, dogramany, palawyň dürli görnüşlerini, çorbany, pişmäni, süzmäni, çaly, agarany we köp sanly beýleki tagamlary agzap geçmek bolar. Şunuň bilen birlikde, sergide ussat aşpezleriň deňiz önümlerinden taýýarlan özboluşly tagamlary hem-de süýjülikleri görkezildi.
Bu gün halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aşhanamyz öz ähmiýetini saklap gelýär hem-de tagamlaryň täze görnüşleri bilen üsti ýetirilýär. Bişirilýän dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullary her maşgalada nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Bereketli türkmen saçagy” atly kitap hem milli aşhana sungatymyza, onuň taryhyna we özboluşly däplerine bagyşlanandyr. Ýurdumyzda giň meşhurlyk gazanan bu eser daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma döretdi.
Türkmen telekeçileriniň peýnirleriň, şöhlat, süýt hem-de süýji-köke önümleriniň, alkogolsyz içgileriň, miwe şireleriniň, doňdurmanyň ýokary hili bilen tapawutlanýan dürli görnüşlerini öndürýändiklerini bellemek gerek.
Bulardan başga-da, sergide ýurdumyzda öndürilýän ter gök we bakja önümleri görkezildi. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde bereketli türkmen saçagynyň bolçulygy özüniň aýdyň beýanyny tapdy.
Bu gün ýurdumyzdaky kafeler hem-de restoranlar daşary ýurtlaryň aşhanalarynyň tagamlarynyň giň görnüşini hem hödürleýärler. Biziň aşpezlerimiz olary taýýarlamagyň usullaryny doly özleşdirdiler. Şu gezekki sergi muny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Aşpezler döwlet Baştutanymyza netijeli zähmet çekmek, milli we dünýä aşhana sungatyny özleşdirmek, hünär derejelerini kämilleşdirmek babatda döredilen şertler hem-de mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz kottejlere tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde dynç alýanlar üçin döredilen şertler, otaglaryň ýerleşdirilişi hem-de enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Kottejlerde maşgala bolup dynç almak üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.
Öýleriň her birinde mebeller bilen üpjün edilen ýatylýan hem-de myhman otaglary, degişli enjamlar ornaşdyrylan aşhana bar. Dynç alýanlar isleglerine görä, bu aşhanada nahar taýýarlap bilerler. Otaglaryň içki bezegi milli äheňde ýerine ýetirilipdir.
Bu ýerde dynç alýanlar üçin adam bedeniniň berkidilmegine gönükdirilen fiziobejergileriň toplumyny hödürleýän SPA merkezi, döwrebap ugurdaş enjamlar bilen üpjün edilen karaoke-bar göz öňünde tutulan. Bir söz bilen aýdylanda, “Rowaç” öz myhmanlary üçin iň ýokary derejedäki hyzmatlary hödürleýär.
Kottejler toplumy bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna täze toplum üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi TSTB-niň agzalarynyň mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazaryň häzirki zaman dynç alyş düzümi kemala gelýän kenaryna ugrady. Bu ýerde hem baýramçylyk şowhuny möwç urýar, aýdym-sazlar ýaňlanýar. Döwlet Baştutanymyz ildeşlerimiziň arassa howada dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Munuň üçin deňziň kenarynda sport meýdançasy hem gurlupdyr.
Bu ýerde ýerleşýän kafede myhmanlara türkmen topragynda ýetişýän dermanlyk ösümliklerden demlenen çaý hem-de naharlaryň tiz taýýarlanylýan görnüşleri hödürlenilýär. Şu ýerde halkymyzyň adam saglygy üçin peýdaly içgileri gadymdan bäri ulanyp gelýändigini bellemek ýerlikli bolar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda milli lukmançylykda üstünlikli peýdalanyp gelnen dermanlyk ösümlikler häzirki döwürde hem fitobejergide netijeli ulanylýar.
Gojaman Hazaryň kenary ýylyň bu paslynda has ýakymly. Arkadagly Serdarymyz bu ýerde döredilen amatlyklar bilen tanyşlygyň dowamynda adamlaryň ýokary derejeli dynç alşyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Şu ýerde dynç alýanlar, aýratyn-da, şadyýan çagalar joşgunly çykyşlar bilen bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döredilýän amatlyklar üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Deňziň arassa howasy, altynsow çägeli kenar hem-de ýyly suw uly adamlara we çagalara dynç almak üçin amatly şertleri döredýär.
Bu gün dünýäde sportuň kenarda oýnalýan görnüşleri, hususan-da, woleýbolyň, futbolyň we hatda tennisiň kenarda oýnalýan görnüşleri uly meşhurlyga eýe bolýar. Deňiz, bulardan başga-da, sportuň suwdaky görnüşleri üçin ajaýyp tebigy “meýdançadyr”. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilen. Munuň özi wagtyňy gyzykly geçirmek bilen bir hatarda, adam saglygynyň berkidilmegine-de ýardam berýär. 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing boýunça Dünýä kubogy ugrunda ýaryşlaryň bir tapgyrynyň geçirilendigini we şonda ýurdumyzyň ýelkenli sport boýunça halkara ýaryşlaryň senenamasyna ilkinji gezek girendigini bellemek ýerliklidir.
Sport ugry turuwbaşdan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Onuň düzümine 2017-nji ýylyň aprel aýynda açylan köpugurly sport toplumy girýär. Bu sport şäherçesi sportuň oýun, suw we gyşky hem-de başa-baş söweş sungaty görnüşleri bilen meşgullanmak üçin niýetlenen, şeýle-de halkara ölçeglerine laýyk gelýän birnäçe desgany özünde jemleýär. Şu toplumda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren ugurdaş enjamlary bilen üpjün edilen fitnes-zallar hereket edýär. Bu zallarda ornaşdyrylan sport enjamlary netijeli türgenleşik geçirmäge mümkinçilik berýär.
Awazada welosiped sporty bilen meşgullanmak, welosipedde gezelenç etmek üçin amatly şertler bar. Gezelenç wagtynda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň ajaýyp gözelliklerini synlamak adamda ýakymly duýgulary döredýär. Mahlasy, amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan we innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inžener-tehniki pikirden ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler eziz Diýarymyzyň “deňiz merjeniniň” halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda dynç almak hem-de sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler bilen tanşanyndan soňra, “Rowaç” kottejler toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň täze düzümleýin desgasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi parahatçylyk, döredijilik hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyna ýene-de bir şanly waka bolup girdi.