Türkmenistan — Wýetnam: dostlukly hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimiziň daşary syýasy strategik hyzmatdaşlygynda täze sahypany açan ýurtlaryň biri-de Wýetnam Sosialistik Respublikasydyr. Şu ýyl iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl dolýar.
Wýetnam Kamboja, Hytaý we Laos bilen serhetleşýän, ilaty 94 milliondan geçýän Aziýa ýurdudyr. Ol Günorta-Gündogar Aziýada iň beýik dag nokady bilen hem meşhurdyr. Wýetnamyň demirgazygynda ýerleşýän Fansipan dagynyň beýikligi 3143 metre barabardyr. Bu ýurt diňe bir gaýtalanmajak milli medeni däpleridir aşhanasy bilen däl, eýsem, müňlerçe adasy, täsin we ajaýyp tokaý jeňňellikleri bilen hem jahankeşdeleri özüne çekýär.
Wýetnamyň demirgazyk sebiti, esasan, gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý bolsa, günorta tarapy öz altyn gorlary bilen bellidir. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, durmuş-ykdysady gatnaşyklar hojalyk durmuşyny üç topara bölýär we umumyhalk, toparlaýyn we hususy eýeçilik düşünjeleriniň çäginde hereket edýär. Wýetnamda senagat pudagy ösen pudaklaryň biridir, onuň jemi içerki önümdäki paýy 40 göterime barabardyr. Hyzmat ediş ulgamy hem ösendir, onda ilatyň 33 göterimi zähmet çekýär.
Ýurduň eksportynyň esasy bölegini oba hojalyk önümleri emele getirýär. Wýetnamyň ilatynyň ýarysyndan gowragy ýurduň agrar pudagynda işleýär. Wýetnam kofe öndürmekde, hatda Braziliýadan hem öňe saýlanmagy başardy. Şeýle hem bu ýurt egin-eşikleri we köwüşleri eksport etmekde öz sebitinde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hasaplanýar. Ol daşary ýurtlardan, esasan, sement, pagta, däne, nebit önümlerini satyn alýar. Şu ýagdaýlary nazara alanyňda, Wýetnam bilen Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny arkaýyn aýtsa bolar.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň sebitleriň, yklymlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde örän uly ähmiýeti bar. Şu jähetden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Wýetnam bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde täzeçil başlangyçlary öňe sürýär.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan hoşniýetli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar babatda bolşy ýaly, dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşen döwletler bilen-de netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ýurdumyz Wýetnam Sosialistik Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär, ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary köpugurly esasda ilerletmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Munuň şeýledigine ýakynda türkmen wekiliýetiniň dostlukly ýurda guran iş sapary hem şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň aýry-aýry ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasyndan wekiller şu ýylyň 27-nji iýuny — 1-nji iýuly aralygynda Hanoý şäherinde iş saparynda boldular. Sapar syýasy, ylym-bilim, söwda-ykdysady, şähergurluşyk, medeni, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary dostlukly ýurduň mermer öndürýän kärhanalaryna baryp, tebigy mermeriň alnyşy, onuň gaýtadan işlenilişi we emeli mermeriň ýasalyşy bilen giňişleýin tanyşdylar. Ýurduň daşary işler ministriniň birinji orunbasary, Gurluşyk hem-de senagat we söwda ministrliginiň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň, Türkmen-wýetnam işewürlik forumynyň esasy maksady hem Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmekden, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Iki ýurduň işewürlik forumynyň dowamynda guralan türkmen sergisi, şol sanda milli tagamlarymyz we telekeçilerimiziň öndürýän önümleri wýetnam halkynda aýratyn ýakymly täsir galdyrdy. Daşary ýurt wekilleri tarapyndan türkmen sergisine ýokary baha berildi we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenilip geçildi.
Saparyň barşynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi we olaryň ýaşaýyş durmuşy, alýan ylymlary, bilimleri bilen içgin gyzyklanyldy. Şeýle hem dostlukly ýurduň ylym-bilim ulgamyna degişli düzümleriniň, kanun çykaryjy edarasynyň, ýaşlar birleşiginiň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly başlangyçlary esasynda dostlukly ýurda guralan iş saparyna gatnaşyp, dünýä tejribesini öwrenmek türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikdir. Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýurtlarymyz üçin täze, giň gerimli mümkinçiliklere ýol açar, ýaşlarymyz üçin bahasyz tejribe bolar.
Arkadagly Serdarymyz: «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip nygtaýar. Munuň özi ýaşlaryň bilimde, ylymda, zähmetde ukyp-başarnyklaryny görkezmäge bolan höweslerini has-da artdyrýar.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.