...Bu dünýäde at gerek

ýa-da halkymyzyň çagalara at dakmak medeniýeti barada
Şäheriçi awtobusda barýarkak, «ýüreginiň agy saçyna siňipdir» diýilýän, ýaşy çen bilen ýetmiş töweregidir öýtdürýän mährem ýüzli enäniň agtygynyň ýantiline jaň geldi. Buşluk habary bolmaga çemeli, oglanjyk telefony enesine berdi. «...Tüweleme, ýaşy uzyn bolsun, Allam berdigim diýip bersin, döwletli perzent bolup ýetişsin-dä! Adyna näme dakdyňyz?..». Aňyrdan gelen jogapdan göwni suw içmedik bolarly, enäniň ýüzi bulutlaşan asmana döndi. Ähtimal, bäbejige dakylan ada pisindi oturan däldir... Bu çaklama çagalara häzirki döwürde dakylýan atlar barada bir meýdan oýlanmaga esas boldy.
Ata-enäniň perzendiniň öňündäki ilkinji borjy oňa mynasyp at dakmakdyr. Adamyň ady diňe doglanda, nikada, gaýdyşda däl-de, onuň iki dünýe hemrasy hasaplanýar. Her adamyň azan bilen kamat aralygyndaky «ömür» diýlip atlandyrylýan terjimehaly, bitiren işleri, göýäki, onuň şahsyýetine hakydalarda dikilen heýkel ýaly bolan adynda ýaşaýar. Şonuň üçinem ony käbir zatlar ýaly çalşyp ýa üýtgedip ýörüp bolanok. Ata-babalarymyz ýaş çagalara (oglanlara) olar tä ýigit çykyp, il-güne peýdaly bir işi bilen tanalýança at goýmandyrlar. Ogul perzentleriň adyna mynasyp şahsyýet bolup ýetişmegini isläp, olary jogapkärçilikdir gaýrat sallançagynda terbiýeläpdirler. Mysal üçin, oglanjyklara ulalanda, hakykatdan-da, batyr, edermen, gaýratly, pälwan, arslan ýürekli, ile baş bolup, öňe çykyp biljek serdar, döwletli adamlar bolup ýetişmegini arzuwlap, Batyr, Merdan, Serdar, Pälwan, Arslan, Döwlet ýaly atlary, edermen taryhy şahsyýetleriň atlaryny dakypdyrlar. Şeýle atly çagalar kiçiliginden durmuşda, deň-duşlarynyň arasynda, jemgyýetde adyna mynasyp bolmaga, ony buýsanç, mertlik bilen götermäge jan edipdirler. Bu ýörelge Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň has-da rowaçlandy, çagalara at dakmak däplerimiz hem dikeldildi. Oguz, Seljuk, Togrul, Sanjar, Jelaleddin, Azady, Magtymguly, Mollanepes... ýaly çawy jahany baglan eždatlarymyzyň atlaryny göterýän çagalara, ýigitlere häli-şindi gabat gelýäris.
Meşhur dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň 1992-nji ýylda neşir edilen «Türkmen adam atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitaby 7000 çemesi türkmen adam adyny öz içine alýar we şol atlaryň hersiniň aňladýan manylaryna düşündiriş berilýär. Şol kitapda türkmen atlarynyň aglabasynyň iki atdan ybarat goşma has atlardandygy bellenilýär. Mysal üçin, Ataberdi, Welmuhammet, Akmyrat, Orazguly, Geldimyrat, Taňryguly, Hanmämmet, Baýramgül, Ogulmaral, Amangözel, Gurbanjemal... Türkmençilikde belli bir waka bilen bagly dakylýan atlar hem bar. Geçen ýyl hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň baýram edilen gününde dünýä inen çagajyklara Aşgabat, Merjen atlarynyň dakylandygy ählimiziň ýadymyzdadyr. Şu ýerde il sylagly ýaşulularyň biriniň: «Täze dünýä inen çagaňyza at gözlemäň, ol ady bilen bile dünýä inýändir. Jennetiň ak guşy ýaly bäbejigiň synalaryna, keşbine ýeterlik üns beriň, onuň doglan gününi, aýyny, ýylyny, şol wagtky pasyllary, dini baýramlary hakyda elegiňizde mazaly eläň! Şonda onuň öz ady bilen maşgalaňyza gelendigine düşünersiňiz...» diýen öwüdi ýadyňa düşýär.
Türkmen halky zandy agras, güýz ýaly paýhasly halk. Milli antroponimikamyz hem şu pikiri tassyklaýar. Emma häzirki döwürde tehnologiýanyň ösmegi, sosial ulgamlaryň işjeňleşmegi dünýä ýüzündäki täzeliklerden tiz habarly bolmaga, meşhur çeper filmlere tomaşa etmäge, söýgüli artistlerimiz, futbolçylarymyz... bilen bagly gyzyklanmalarymyzy iňňän gysga wagtda kanagatlandyrmaga hemaýatçy artykmaçlyklaryň we mümkinçilikleriň bolmagy käbir dessurlara, şol sanda çaga at dakmak medeniýetine-de täsir edýäne meňzeýär. Elbetde, döwür bilen ruhdaş ýaşap, onuň bilen aýakdaş gitmek şu günüň talaby, emma meseläniň ikinji tarapyny-da unutmaly däl. Daşary ýurt medeniýeti bilen yzygiderli gyzyklanyp, söýgüli filmlerine tomaşa etmekden lezzet alýan ýaşlar maşgala guranlaryndan soň, bir nesibeli gün olaryň täze bäbejige ýüzleri düşýär. Bagtyň we söýginiň buşlugy bolup gelen şol bäbejige çeper filmlerdäki gahrymanlaryň ýa-da daşary ýurtly meşhurlaryň biriniň adyny dakýarlar. Biz şu günki günlerde Elif, Latyf, Emine, Iska, Alikemal, Roman, Ibragim, Emil, Latifa, Jeýlin, Jeýran, Aliýa... atly çagajyklara duşýarys. Owadan, emma türkmençilik üçin düýbünden «täzeçil» ýaňlanýan atlar.
Türkmen adam atlarynyň arap, pars, rus medeniýetiniň täsiri arkaly döredilenleriniň-de bardygyna taryhy wakalar şaýatdyr. Belli bir döwürler syýasy garaýyşlar, aşa janköýerlik bilen bagly dakylan atlar-da bolupdyr. Ilçilik, soň-soňlar şolar ýaly adyna ökünip ýörenleriň bolandygyny-da aýdýarlar. Gürrüň nesil terbiýesi, maşgala medeniýeti barada barýarka, çagany diňe özüňki däl-de, ýurduňky, jemgyýetiňki diýip bilmeli. Biz Garaşsyz ýurtda, ajaýyp eýýamda ýaşaýarys. Şonuň üçin-de ýaş maşgalalaryň çagalaryna dakýan atlarynyň-da milli, döwrümiziň ruhunda bolmagy has göwnemakuldyr. Ýene birnäçe ýyldan soň törlerimiziň töresi boljak ýaşululara Iska aga, Roman ata... ýa-da ak saçly enelere Emil ene, Latyf daýza, Aliýa eje... diýlip ýüzleniljekdigi, geljekde oglanlara dakylýan şeýle atlaryň familiýa hem bolmalydygy baradaky pikirler böwrüňi diňirgendirýär. «Türkmençilik» atly beýik ýörelgämizi goramak we ony geljekki nesillere mizemez binýady bilen ýetirmek hut häzirki ýaşlaryň hem borjy ahyryn! Geçmişe daýanylyp, geljegiň gurulýan häzirki döwründe bu has-da wajypdyr.
Käbir sowallar döreýär: «Täzeçil», özge milletiň adyny göterýän çaganyň häsiýetinde, dünýägaraýşynda millilik bolup bilermikä?! Şeýle atlary göterýän çagalar geljekde, nesibeli gün ata-ene bolanlarynda, çagalaryna nähili atlary dakarlar?! Eger täze doglan bäbege türkmençilige mahsus bolmadyk, aýdylyşy ýaly, «täzeçil» at dakylýan bolsa, onda şol ojakda özge halkyň däp-dessurlary ýörgünli bolaýmasa-da biri. Biz şulary aýtmak bilen, özge bir halkyň medeniýetine kembaha garamaýarys, diňe ýaş maşgalalara «türkmençilik» atly beýik ýörelgämiziň, ruhy mekdebimiziň bardygyny, onuň bolsa islendik döwre, islendik garaýşa laýyk gelýändigini aýtmak isleýäris.
Taryhy şahsyýetlerimiziň atlary häzirki wagtda orta mekdeplere, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine, köçelerdir şaýollara, ýaşaýyş jaý toplumlaryna dakylýar. Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şaýollaryna we köçelerine dakyljak atlarda hem şeýle ýörelgeden ugur almalydygyny öňe sürýär. Şu ýerde milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanynyň baş gahrymany, mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň «Ak gerek» diýen goşgusyndaky:
Uly baýlyk başa gelen beladyr,
Sogap işler gapyl başa galadyr,
Topragyň deý rysgally bol, eý, adam,
Zat nämedir? Bu dünýäde at gerek —
diýen setirleri ýadyňa düşýär. Goşgynyň mazmuny «Ýagşydan at galar» diýen äheňde bolsa-da, adamyň adyny onuň ömründe bitiren ýagşy işleriniň bezeýändigi baradaky pikir hem güberçekläp öňe çykýar.
Akyldar Magtymguly Pyragyda «Älem içre at gezer» diýen aforizmleşen setir bar. Ähli atlar jahana maglum bolmaýar. Älem içre gezýän atlar şöhrata beslenendirler. Aýdylyşy ýaly, şöhratly ada eýe çykyp bolar, ýöne onuň şöhratyna dahylyň bolmaz. Adam hyzmaty bilen adykmaly, ýagny adyny meşhur etmeli, adyna mynasyp bolmaly. At bilen adamy beýgeldip bolmaýar. Adam ady beýgeltmeli. «Kel» ady çagasyna dakasy gelýän ýok, ýöne perzendiniň Kel bagşy ýaly at almagyny welin arzuwlajak kändir. Emma arzuw bir başga, ony amal etmekde iş bar.
Elimizde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan taýýarlanan 100 we ondan ýokary ýaşdaky ýaşaýjylarymyzyň sanawy bar. Onda şeýle atlar bar: Meretgül, Orazgül, Aknabat, Sarygül, Amansoltan, Ajapsoltan, Nurmyrat, Ataguly, Ogulbäbek, Aýdogdy, Gylyçmyrat... Ine, mundan bir asyr ozal türkmen maşgalasynda dünýä inen perzentlere şeýle atlar dakylypdyr. Şol sanawda käbir atlaryň iki-üç gezek gabat gelýäni-de bar. At goýmak meselesinde biziň köpügören, il sylagly ýaşulularymyzyň hem wagyz-ündew işlerini işjeň ýöredýändiklerini bellemek gerek. Türkmençilikde azan ata diýlen düşünje-de bar. Belki, bäbejige «täzeçil» at dakylan bolsa, azan ata onuň ata-enesine maslahat hem berip biler. Belki-de, görnükli dilçi alymyň milli adam atlarymyz baradaky kitaby degişli wekilleriň iş stolunda hemişe saklanmalydyr. Dogluş hakynda şahadatnama resmileşdirilmezinden ozal, ata-enelere şol kitap esasynda täze atlary saýlap-seçmäge mümkinçiligem berip bolar.
Diňe milli gymmatlyklar däl, adam atlary hem bize pederlerimizden galan mirasdyr. Biz şol atlary geljek nesillerimize hem ýetirmelidiris. Munuň üçin olaryň adyny, taryhy gahrymançylygyny diňe kitap sahypalary arkaly däl-de, perzentlerimize dakmak arkaly-da geçirmelidiris. Taryhy, edebi şahsyýetlerimiziň şöhratly ömür beýanyny diňe kitaplara ýazyp, okuw sapaklary arkaly-da öwredip bolar, emma taryh hem edil dil ýaly, hemişe ösüşde-özgerişde. Ony ýaşadýan — halk. Ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan syýasaty goldap, geliň, perzentlerimize meşhur serkerdelerimiziň, halk gahrymanlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň, pederlerimiziň atlaryny köpräk dakalyň! Her bir bilesigeliji adam öz adynyň nähili many aňladýandygyna we onuň dakylyş sebäplerine göz ýetirmek isleýär. Goý, çaga ulalyp, kemala gelenden soň, kimiň adyny göterýändigini, şol şahsyýetiň taryhy keşbini, onuň kim bolandygyny öwrensin, bilsin! Öz adyna buýsansyn! Deň-duşlaryna aýdyp bersin! Şol şahsyýete meňzemek islesin! Ine, şeýle bolanda taryh has-da şöhratlanar, meşhur şahsyýetlerimiziň ady dowamata ulaşar. Watanperwer ýürekli nesiller ýetişer. Goý, her bir türkmen perzendiniň «Meniň Watanymyň ady Türkmenistan!» diýip buýsanç bilen aýdyşy ýaly, «Adyň näme?» diýen sowala berjek jogaby-da buýsançly eşidilsin!
Gadyrdan dostum, hormatly okyjy!
Ýogsa-da, seniň adyň nämedir?!
Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan».