Merkezi Aziýa: sebitiň ykbalyna jogapkärçilikli çemeleşme

Çolpon-Ata duşuşygynyň netijelerine syn
Merkezi Aziýa sebiti barada gürrüň edilende, syýasatşynaslaryň köpüsi oňa «hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyň sungaty» hökmünde baha berýärler. Şeýle diýmek bilen, olar, ilkinji nobatda, biziň halklarymyzyň mizemez dostluk hem doganlyk gatnaşyklarynyň, döwletlerimiziň bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň binýadynyň örän berkdigini, islendik meseläni bilelikde çözmekde sebit ýurtlarynyň hemişe jebisligiň, agzybirligiň, raýdaşlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýändiklerini tekrarlaýarlar. Bu hakykat Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen dördünji konsultatiw duşuşygynda-da mese-mälim ýüze çykdy. Sammitiň geçişi iri habarlar gulluklarydyr syýasy analitikler tarapyndan «Merkezi Aziýa «bäşligi» häzirki gapma-garşylyklara jebisleşmek ruhunda hötde gelmäge çalyşýar» diýlip teswirlendi.

Bitewi giňişlik, bitewi geljek
Wagtyň bir ýerde durmaýşy ýaly, dünýädäki syýasy ýagdaýlar-da, halkara gatnaşyklar ulgamy-da düýpgöter öwrülişiklere, täze wehimdir howplara sezewar bolýar. Şeýle durnuksyz ýagdaýlar bolsa adamzadyň umumy öýüniň maşgala agzalaryndan — döwletlerdir halklardan dessin hem oýlanyşykly çözgütleri, netijeli, şol bir wagtda çeýe ädimleri talap edýär. Taryhyň sapaklaryndan görnüşi ýaly, şunda ählumumy derejede pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmek köp babatda milli, sebit we yklym derejesindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna bagly bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň geçen ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen üçünji sammitinden bäri hem dünýädir sebit geosyýasatyna düýpli täsirini ýetiren köp sanly üýtgeşmeler bolup geçdi. Şolary jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak, geljek üçin anyk çelgileri kesgitlemek maksady bilen, Merkezi Aziýa «bäşliginiň» Liderleri «Gyrgyzystanyň merjeni» atlandyrylýan Yssyk-Kölüň kenarynda jemlendiler. Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen birlikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem Çolpon-Ata duşuşygynda çykyş etdi, sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürdi.
Aslynda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti nämede jemlenen? Bu, ozaly bilen, dünýä syýasatynda dowam edýän syýasy hem ykdysady çökgünliklere garşy bilelikde göreşmek, barha ýitileşýän geosyýasy bäsdeşlik şertlerinde sebitiň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, milli döwletliligiň mizemez ýörelgelerine çapraz gelýän daşarky täsirlere garşy aýgytly hereket etmek nukdaýnazaryndan örän derwaýys başlangyçdyr. Bular, esasan, howpsuzlyk bilen bagly meseleler. Ýöne sammitiň gün tertibi diňe sebit howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen çykyşlardyr teklipler bilen çäklenmedi. Bäş döwletiň Liderleri döwrüňdir dünýäniň häzirki ýagdaýlaryny nazara alyp, döwletara gatnaşyklara giň gerim bermek, sebitleýin özara baglanyşygy çuňlaşdyrmak, aýry-aýry ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek, bilelikdäki ykdysady taslamalary höweslendirmek barada-da ýakyndan pikir alyşdylar. Munuň özi olaryň barha durnuksyz hem çylşyrymly häsiýete eýe bolýan dünýäde sebitiň öz ösüş ýoluny saýlap almakda, birek-biregi dogan saýýan halklarymyzyň ileri tutýan gymmatlyklaryny gorap saklamakda, Aziýanyň ýüreginde abadan ýaşaýşy berkarar etmekde bir maksada, umumy tagallalara eýerýändiklerini aýdyň görkezdi.
Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan örän amatly çäkde ýerleşip, 75 milliondan gowrak ilaty özüne birleşdirýän Merkezi Aziýa sebiti, uzak geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary, Gündogardan Günbatara uzaýan möhüm söwda ýollary, Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy mirasy bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ol Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň arasynda wajyp söwda, energetika, ulag ugurlarynyň «altyn halkasy» bolup, çalt depginde ösýän bazary, adam mümkinçilikleri bilen hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Elbetde, häzirki zaman dünýäsinde tebigatyň peşgeş beren şeýle geostrategik artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmagyň zerur bolşy ýaly, sebitiň halklarynyň ykbalyna-da jogapkärçilikli çemeleşme zerur. Asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan halklarymyza iň uly baýlyk hem gymmatlyk hökmünde garalmagy bolsa biziň sebitimizi tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň has möhümidir. Şularyň ählisi-de Çolpon-Ata sammitinde nobatdaky gezek örboýuna galdy.

Maksat — sebiti parahatçylyk we durnuklylyk zolagyna öwürmek
Ýeri gelende bellesek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu gezekki konsultatiw duşuşyga ilkinji gezek gatnaşandygyna garamazdan, bar bolan meseleleriň ýüzüne göni seredip, anyk teklipdir başlangyçlar bilen çykyş edendigine aýratyn üns çekildi. Hususan-da, bu ýerde gürrüň sebit howpsuzlygyna täsirini ýetirýän esasy wehimler barada barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň sebitimiziň döwletlerinde içerki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşygy; ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmaga synanyşyklaryny; sebitiň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň netijeleriniň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa ýetirip biläýjek ýaramaz täsirini; maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagyny hem-de Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrmaga synanyşylmagyny esasy howplar hökmünde görkezdi.
Hakykatdan-da, içerki gapma-garşylyklary tutaşdyrmak arkaly geostrategik artykmaçlyklara bäsdeşlik edilmegi tutuş sebitiň öňe ilerlemegini bökdeýän oňaýsyz täsirlerdir. Şeýle ýagdaýlaryň öňünden çaklanylmagy, döräp biläýjek hadysalara garşy bilelikde göreşilmegi biziň ýurtlarymyzyň birleşen tagallalaryny, halklarymyzyň jebisligini hem arkalaşykly hereketlerini talap edýär. Hut şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz ýagdaýy hemişe öwrenmegiň, öz wagtynda maglumatlary alyşmagyň, çözgütleri kabul etmek üçin esas hökmünde dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary içgin seljermegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şunda sammitde çykyş eden Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň möhüm wezipesiniň ählumumy syýasatyň we ykdysadyýetiň bäsdeşlik edýän nokatlarynyň arasynda köprüleri gurmakda jemlenendigi hakyndaky garaýşy hem üns çekilmäge mynasypdyr. Gazak Lideriniň nygtaýşy ýaly, geosyýasy gapma-garşylyklar irde-giçde tamamlanar, gurlan köprüler bolsa hemişelik galar.
Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da filosofiýanyň bolşy ýaly, döwletlerdir halklaryň hem dürli-dürli bähbitleri bar. Köpasyrlyk taryhy we geografik taýdan ýakynlyk, medeniýetiňdir diniň, özara gyzyklanmalaryň meňzeşligi bolsa Merkezi Aziýanyň halklaryny birek-birek bilen ysnyşdyrýan çelgi bolup, hut şu gymmatlyklar döwletara gatnaşyklarda-da ileri tutulýar. Ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy saklamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak, ykdysady taýdan goşulyşmagy işjeňleşdirmek babatda hem biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary birmeňzeşdir. Munuň şeýledigine Merkezi Aziýa «bäşliginiň» Baştutanlarynyň Çolpon-Ata duşuşygynda eden çykyşlarynyň mysalynda-da doly göz ýetirmek bolýar. Göräýmäge, her ýurduň öz milli bähbitleri bar, ýöne Merkezi Aziýany hemmetaraplaýyn gülläp ösýän sebite öwürmek, gadyrly gatnaşyklaryň binýadyny berkitmek maksady şol bähbitleri bir nokatda birleşdirýär. Şol çykyşlaryň her biriniň mazmuny bilen tanşyp, halkymyzyň «Barmak bäş bolsa-da, bilegi birdir» diýen pähiminiň birjik-de egsilmeýän gymmaty hakynda oýlanýarsyň...

Maglumat howpsuzlygy: täze wehimlere täzeçe çemeleşmeler
Häzirki zaman dünýäsinde «howpsuzlyk» düşünjesi örän giň manyda ulanylýar. Soňky wagtlarda döwletleriň köpüsi maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegi milli özbaşdaklygy gorap saklamagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde öňe çykarýar. Bu, elbetde, gönüden-göni sanly tehnologiýalaryň ähli ulgamlara barha çalt ornaşmagy netijesinde kiberhüjümleriň has artmagy, hakykata laýyk gelmeýän habarlaryň (fake news) jemgyýetçilik aňyna ýetirýän täsiriniň güýçlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda maglumat giňişligini goramak meselesine aýratyn üns çekilmegini döwrüň zerurlygy hasaplamak bolar.
Biz maglumatlar asyrynda ýaşaýarys. Ýöne maglumatlaryň tükeniksiz akymynyň adamlar üçin peýdaly bolşy ýaly, olaryň zyýanly, käbir ýagdaýlarda has howply täsirleri hem bar. Bilermenler bu ýagdaýy «taýagyň iki ujy bar» diýip häsiýetlendirmek bilen, häzir maglumatyň aşa artykmaçlyk etmeginiň uly howsala döredýändigini aýdýarlar. Ine, hut şu meselede tagallalary utgaşdyrmak üçinem hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda täsirli meseleler şöhlelendirilende, nähilidir bir «Özüňi alyp barmagyň kodeksini» işläp taýýarlamak teklibini öňe sürdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, biziň sebitimizde bolup geçýän wakalar baradaky habarlar ýaýradylanda, anyklygyň hem ygtybarlylygyň ileri tutulmagyna umumy çagyryşdyr. Galyberse-de, bu teklip habarlar gulluklarynydyr žurnalistleri täsirli meseleleri şöhlelendirmäge juda inçelik bilen çemeleşmäge, köpçülige ýaýradylan islendik maglumat üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini öz üstüne almaga çagyrýar. Bu babatda ygtybarly çeşmeler hökmünde sebit ýurtlarynyň döwlet maglumat düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýetli boljakdygy ikuçsuzdyr.
Ýeri gelende bellesek, Çolpon-Ata duşuşygynyň dowamynda ilkinji sebitleýin teleýaýlymy hem-de telegepleşikler toplumyny döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Bilelikdäki tagallalar esasynda umumysebit teleýaýlymynyň döredilmegi dünýä jemgyýetçiligini Merkezi Aziýa sebitiniň mümkinçilikleri, onuň çäginde ýaşaýan halklaryň taryhydyr medeni özboluşlylyklary, meşhur syýahatçylyk ugurlary bilen tanyşdyrmakda, bar bolan maglumat «teşneliginiň» üstüni doldurmakda täze ädim bolar. Taraplaryň pikirine görä, munuň özi maglumat giňişliginiň ýaramaz täsirlerini öňünden duýdurmak boýunça sebit ýurtlarynyň özara hereketlerini işjeňleşdirmäge-de goşant goşar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek baradaky teklibiniň hem näderejede ähmiýetlidigi öz-özünden düşnüklidir.

Hyzmatdaşlygyň arhitekturasynyň mäkäm binýatlary
Biziň ýurtlarymyzyň döwletara gatnaşyklarynda ulag, energetika, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgam ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar. Bitewi geoykdysady giňişligi emele getirýän Merkezi Aziýa sebitiniň geografik mümkinçiliklerinidir artykmaçlyklaryny halklarymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmakda hut şu ugurlara aýratyn orun degişlidir. Şular barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Edil şeýle mazmundaky garaýyşlary sebit döwletleriniň Liderleriniň her biriniň öňe süren tekliplerinden hem görmek bolýar. Hususan-da, Gyzgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow maýa goýumlary, üstaşyr ulag düzümlerini ilerletmegi we sanlylaşdyrmagy Merkezi Aziýanyň ösüşiniň hereketlendirijileri hökmünde görkezip, erkin söwdada nyrh bilen bagly böwetleri, ýükleriň serhetlerde saklanmak päsgelçiligini dolulygyna aradan aýyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi. Öz gezeginde, özbek Lideri hem özara söwdany kadalaşdyrmak üçin täze gurallary döretmegiň, serhetýaka söwda zolaklarynyň hereketini ýola goýmagyň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Maglumatlara görä, soňky bäş ýylda sebitiçi haryt dolanyşygynyň möçberi 2 esse ýokarlandy. Diňe geçen ýylda bu görkezijiniň pul hasabynda 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolup, 27 göterim artmagy bolsa sebit ýurtlaryna bilelikdäki tagallalar netijesinde özara gatnaşyklarynyň pandemiýadan öňki derejesini dikeltmegiň başardandygyny görkezýär. Şunda senagat kooperasiýasynyň ösdürilmegi, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlarynyň we «ýakynlaşmak geçelgeleriniň» döredilmegi, öz gezeginde, sebitiň özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda, eksport mümkinçilikleriniň çägini giňeltmekde, işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklara itergi bermekde has oňaýly şertleri üpjün eder.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny işjeňleşdirmek; şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny guramak; maksatlaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermek; Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Awaza duşuşygynda öňe sürlen sebit ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek başlangyjyny ösdürmek bilen bagly teklipleri hem sebitleýin ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmak maksadyna gönükdirilendir. Sammitiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumyny esaslandyrmak, medeniýet ulgamyndaky üstünlikler üçin sebit ýurtlarynyň Prezidentleriniň her ýylky baýragyny döretmek, ÝUNESKO-nyň Sekretariaty bilen işlemek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamak meselelerine-de garaýyşlaryny beýan etdi. Munuň özi beýleki başlangyçlaryň üstüni ýetirip, döwletara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekde, doganlyk halklary birek-birek bilen has-da ysnyşdyrmakda medeni diplomatiýanyň ornunyň barha giňden ykrar edilmegini şertlendirýär.

Köptaraplaýyn resminamalar — sammitiň üstünligi
Gyrgyz Respublikasynda dördünji gezek geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda sebit ýurtlarynyň Liderleri dünýäde dowam edýän ykdysady çökgünlige aladalanma bildirip, şeýle şertlerde sebitleýin goşulyşma täzeçe çemeleşmäge, gapma-garşylyklardan, içerki düşünişmezliklerden paýhasly we jogapkärçilikli baş alyp çykmagyň nusgasyny görkezmäge taýýardyklaryny biragyzdan tassykladylar. Bu ugurda öňde durýan anyk wezipeler bolsa sammitiň jemleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen birlikde, resminamalaryň ýene 4-sine gol çekilmegini hem nobatdaky duşuşygyň esasy üstünligi hökmünde görkezmek bolar. Şolaryň hatarynda Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama (döwletleriň üçüsi tarapyndan tassyklanyldy); Halkara giňişlikde birek-birege ynanyşmak we düşünişmek hakynda Ylalaşyk; Merkezi Aziýa üçin «Ýaşyl» gün tertibi; 2022 — 2024-nji ýyllarda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol kartasy» bar. Munuň özi Çolpon-Ata sammitiniň özboluşly aýratynlygy bolup, sebit ýurtlarynyň aýry-aýry ugurlarda hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn, köptaraplaýyn derejede ilerletmäge çalyşýandyklarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hawa, Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleri nobatdaky gezek bäştaraplaýyn syýasy meýdançanyň daşyna jemlenmek bilen, sebitde howpsuzlygy we bitewüligi pugtalandyrmaga gönükdirilen umumy maksatlarydyr hyzmatdaşlygyň galtaşma nokatlaryny jikme-jik kesgitlediler. Ine, geçmişde siwilizasiýalaryň sallançagy bolan Merkezi Aziýanyň XXI asyryň täze taryhy şertlerinde hemmetaraplaýyn gülläp ösýän, kuwwatly sebit hökmündäki eýeleýän ornuny berkitmek üçin täze mümkinçilik. Ine, millionlarça ýüregi ýakynlaşdyrýan, dost-doganlyk, ylalaşyklylyk ýörelgeleriniň binýadyny has-da pugtalandyrýan belent maksatlara çagyryş.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».