Güne golaý ýurduň tagamy

Siz ony bilýäňizmi?! Onuň görnüşi dürli-dürli. Käbiri badamjan işdäaçaryna-da çalym edýär. Ol diňe Gündogarda tanalman, eýsem, Günbatarda-da adygandyr. Onuň bilen ýakyndan tanyşmak üçin Günüň dogýan ýerine gitmek gerek däl. Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýine baraýmaly. Bu ýerde ýapon halky saçagyny giňden ýazdy.
«Men suşini gowy görýärin» ady bilen indi birnäçe gün bäri dowam edýän sergi açylan gününden bäri gelim-gidimli. Del tagamlar heran-haçan köpi gyzyklandyrýar. Suşi babatda-da şeýle.
Aslynda, suşi — ýaponlaryň milli tagamlarynyň biri. Duzlanan balygy iýmit hökmünde ulanmak Aziýa ýurtlarynda ýörgünli. 1980-nji ýyllaryň başyndan bäri suşi bütin dünýä meşhur. Ol ýaponlaryň baýramçylyk desterhanynyň iň bir datly nygmaty.
Bu tagamyň gelip çykyşy tüwi bilen baglydyr. Tüwi suşiniň köp görnüşiniň döremegine sebäp boldy. Onuň düzümi tüwi bilen balykdan ybarat. Eliň aýasyna alan tüwiň üstüne balyk goýlup iýilýär. Balyk hem bişirilmedik. Suşi iýlende, soýa çorbasyna-da batyrylýar.
Deňizýaka ýerde ýerleşen Ýaponiýanyň deňiz önümleri sungat derejesine ýetirilipdir. Gürrüňi edilýän tagamyň nigiridzusi, gunkan-maki, makidzusi, futomaki, hosomaki, uramaki, osidzusi, naredzusi ýaly görnüşleri bar. Nigiridzusi suşiniň köp ýaýran görnüşi bolup, ol elde taýýarlanýar. Inçe zolaklar bilen daňlyp bezelýär. Suşiniň naýbaşy görnüşiniň özenini tunes we gyzylbalyk tutýar.
Sergide suşiniň ençeme görnüşi görkezilýär. Örülip goýlan suşiler sungatyň iýmit-tagam babatdaky kämil derejesiniň nyşany bolup görünýär. Tagam taýýarlamakda hem iňňän inçe zehiniň hökmanydygyny äşgär edýär. Ýapon aşpeziniň şirin nygmat baradaky gürrüňleri myhmanlaryň gyzyklanmalaryna jogap bolýar.
Ekspozisiýada orun berlen suratlarda milli tagamyň aýratynlyklary görkezilýär. Suratkeş Ýutagawa Kunýaşiniň «Älem zenanlarynyň taýýarlan suşisi», «Suşi muşdaklary», «Suşi dükany» işleri sergini özboluşly bezeýär.
Suşini söýüjileriň sergisi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli açyldy. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň we Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän sergi 29-njy iýula çenli dowam eder.
                                                    ***
Agzy tagam tapan bolarly. Sergini synlap, muzeýden çykyp barýanlaryň şu sözleri gulagyňa ilýär:
— Men suşini gowy görýän...
Guwanç MÄMIÝEW.
«Türkmenistan».