ÝAŞ ŽURNALISTLER HÜNÄRINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda türkmenistanly ýaş žurnalistler üçin sanly žurnalistika boýunça tomusky mekdep öz işine başlady. 4 günlük okuw maslahatyna merkezi metbugat neşirleriniň, ýurdumyzda hereket edýän internet saýtlarynyň žurnalistleri hem adaty, hem onlaýn usulda gatnaşýarlar.
Žurnalistler üçin tomusky mekdebiň açylyşynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň maksatnamalaýyn utgaşdyryjysy Rýune Kastberg giriş sözi bilen çykyş edip, nobatdaky okuw maslahatynyň maksadynyň sanly gurşawda maglumat bilen işlemegiň çemeleşmelerini, onuň durmuşa geçirilmeginiň yzygiderliligini we auditoriýanyň talaplaryny öwrenmekden ybaratdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, şu gezekki çäre ýörite zähmet ýoluna ýaňy başlan ýaş žurnalistler üçin guralyp, olaryň onlaýn köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde zerur bolan bilimlerini artdyrmaga hem-de başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, okuw maslahatynyň dowamynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine sanly žurnalistikanyň gurallarydyr onuň esasy görnüşleri barada has giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik dörediler.
Tomusky mekdebiň agzalary çäräniň birinji gününde oňa sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan halkara bilermenleriň — Russiýa Federasiýasyndan Ýuriý Zwýaginsewiň hem-de Polşa Respublikasyndan Wadim Makarenkonyň häzirki zaman dünýäsinde sanly žurnalistikanyň orny hakyndaky çykyşlaryny diňlediler. Çykyşlaryň tanyşdyrylyşlar bilen utgaşdyrylmagy bolsa bu ugurda has anyk maglumatlar bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi. Okuw maslahatynyň media serişdelerini ulanmagyň häzirki zaman meýillerine we habarlar žurnalistikasyna bagyşlanan birinji bölüminde bilermenler okyjylaryň maglumatlary ulanyş usulynyň üýtgeýändigi, şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem işiniň üýtgeýşi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Ýurdumyzda metbugat neşirlerini sanlylaşdyrmaga berilýän ünsüň barha artýan şertlerinde sanly žurnalistikanyň tärlerinidir täzeçe çemeleşmelerini yzygiderli özleşdirýän ýaş türkmen žurnalistleri çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňläp, interaktiw görnüşde pikir alyşmalary guramak arkaly özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.
Žurnalistleriň hünär bilimlerini kämilleşdirmek hem-de bu ugurda halkara tejribeleri öwrenmäge ýardam etmek häzirki sanly tehnologiýalar asyrynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, türkmen žurnalistleriniň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga goldaw bermek ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Merkez 2010-njy ýyldan bäri halkara bilermenleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny guramak arkaly öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleri döredýär.
(Ýörite habarçymyz).