TÄZE ÝOKARY OKUW MEKDEBINIŇ DÜÝBI TUTULDY

Düýn Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy wakasyna döwlet ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary gatnaşdylar.
Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belent ýaňlandy, birnäçe çykyşlardyr gutlaglar diňlendi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň çalt depgin bilen ösýän hususy pudagyny, innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen düýbi tutulan ýokary okuw mekdebiniň milli hünär bilimi ulgamynyň öňdebaryjy mekdebi, sebitde iri halkara derejeli bilim ojaklarynyň biri boljakdygyny buýsanç bilen nygtadylar. Täze ýokary okuw mekdebiniň innowasion bilim ojagy boljakdygyna hem-de dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň işjeň hyzmatdaşyna öwrüljekdigine, kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz bu ýokary okuw mekdebiniň binasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekipdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy.
Täze ýokary okuw mekdebi umumylykda 8 gektara barabar meýdany eýelär. Onuň çäginde 9 gatly esasy bina we 6 gatly okuw binalarynyň 4-si, hersi 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si, kitaphana, naharhana, ýapyk we açyk sport desgalary, 1000 orunlyk mejlisler zaly we beýleki kömekçi desgalar bolar.
Bilim ojagynyň gurluşygynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylar. Okuw otaglary hem-de tejribehanalary döwrebap kompýuterlerdir enjamlar, şol sanda multimedia we lingafon enjamlary bilen üpjün ediler.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu ýerde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmeklerine şert dörediler. Dünýäniň öňdebaryjy bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilip, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň hem sapak bermekleri ýola goýlar.
Gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy alyp barar. Bu toplum binagärligiň we gurluşygyň iň soňky gazananlary ulanylyp bina ediler. Ony 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda doly taýýar edip, ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
TSTB-niň ýokary okuw mekdebinde işewürlik we menejment, maglumat tehnologiýalary, himiýa tehnologiýalary we dag-magdan pudagynyň işewürligi, oba hojalyk işewürligi, binagärlik we gurluşyk pudagynyň işewürligi, hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça fakultetler, onlarça kafedra, şeýle hem dil öwreniş bölümi hereket eder. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk esaslary, işewürlik ýörelgeleri, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Surata düşüren 
Ilaman ÇÜRIÝEW.