Alys ýollar goňşy öýünden başlanýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary barada söhbet
Halkymyzda «Taňry myhmany» diýen düşünje bar. Bu düşünje özbek halkynda-da ýörgünli. Myhman Taňry tarapyndan iberilen döwletlilik hasaplanýar. Bu ilde myhman hormaty bilen bir hatarda, goňşy gadyry hem, edil biziň halkymyzdaky deýin, has aňyrdan. Iki halkda-da, aýdylyşy ýaly, goňşy diňe kyýamatyň däl, eýsem, döwletli döwranyň hem baha ölçegi hasaplanýar.
14-15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Dostlukly ýurduň paýtagtynda döwlet Baştutanymyzyň mähirli garşylanmagy, türkmen-özbek baýdaklary, gutlag şygarlary, adamlaryň güler ýüzleri, däbe öwrülen baýramçylyk hödür-keremleri özbek dostlarymyzyň bu duşuşyga tüýs ýürekden, ykjam taýýarlanandyklarynyň güwäsi. Saparyň wakalarynyňdyr oňa gabatlanan çäreleriň ýurduň üç iri şäherinde — Daşkent, Samarkant, Buhara şäherlerinde guralmagy hem bu duşuşygyň giň gerimine göz ýetirmäge esas berýär.
Ýokary derejeli Daşkent duşuşygy hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer jähetleriniň her biri boýunça uzak geljege niýetlenen anyk ädimleri, döwletli tutumlary öz içine alandygy bilen, «taryhy sapar» diýlip atlandyrylmaga doly mynasypdyr.
Özbegistan! Kimler üçin möhüm bazar, kimler üçin syýahatçylyk mekany... Türkmenistan üçin bolsa ol, ilkinji nobatda, gadyrly hem duldegşir goňşudyr, wepaly dostdur, dogandyr, gatnaşyklary şu asylly ýörelgeler esasynda guralan strategik hyzmatdaşdyr. Bu dostlukly ýurt bilen syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak, owgan meselesinde tagallalary birleşdirmek, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral meselesi boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen bagly wajyp ugurlar Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky ýokary derejeli gepleşikleriň esasyny düzdi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmak baradaky teklibi hödürleýär. Şol bir wagtda türkmen döwleti BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär. Ýokary derejeli Daşkent duşuşygynda bu barada söz açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek tarapynyň degişli başlangyçlary goldajakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň sebitimiziň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň köp umumy we möhüm ugurlary bardyr hem-de olaryň ýokary derejede, hut bäştaraplaýyn görnüşde, yzygiderli esasda ara alnyp maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýada we goňşy ýurtlarda işleriň ösdürilmegine oňyn täsir etmäge, ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini nazara almak esasynda ylalaşykly anyk çözgütleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açmaga ukyplydyr.
                                                ***
Birmahallar Beýik Ýüpek ýoluny külterlän kerwenleriň ýüküniň gymmaty olaryň del-düregeý harytlary bilen ölçenen bolsa, häzirki döwürde syýasy-diplomatik saparlaryň ähmiýetiniň anyk netijeler, gazanylan ylalaşyklar bilen kesgitlenýändigi äşgärdir. Şu gezekki türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-ä golaýy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda hereket etmegiň aýdyň esaslaryna öwrüldi.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýa boýunça Ylalaşyga gol çekilmegi taryhy ähmiýete eýedir. Munuň özi sebitde suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagynyň üpjün edilmegine ýardam berer. Şeýle hem resminamalar Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat ministrlikleriniň Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleri bilen hyzmatdaşlygyny ilerletmek, tokaý hojalygy, ýaşlar syýasaty, ylym-tehnika, syýahatçylyk, teleradioýaýlymlar, muzeý işi babatda gatnaşyklary ösdürmek, başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek, himiýa senagatynda strategik arkalaşygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek... ýaly ugurlary öz içine aldy.
                                                ***
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň wakalaryna ser salanyňda, onuň söwda-ykdysady, işewürlik babatda hyzmatdaşlygy ilerletmäge täze, möhüm badalga bolandygyna bada-bat göz ýetirýärsiň.
Statistiki maglumatlara görä, diňe soňky 4 ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň 5 esse artmagy, onuň 2021-nji ýylda 65 göterim ýokarlanyp, takmynan, 880 million amerikan dollaryna barabar bolmagy köpugurly tagallalaryň netijesidir. Daşkent duşuşygynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ahyryna çenli özara söwdanyň möçberini ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan gowraga ýetirmek, orta möhletleýin geljekde bolsa ony 2 esse köpeltmek üçin hem ähli mümkinçilikler bar.
Geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekilipdi. Şu gezekki saparyň çäginde bu Ylalaşygy amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna (Ýol kartasy) gol çekildi. Şonuň bilen bir hatarda, Özara söwdada Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetlerinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy hem bu ugurdaky tagallalary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Döwletli sapara gabatlanyp, Buhara şäherinde guralan birinji Türkmen-özbek sebitara forumynyň, Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtamak gerek.
Daşkentde, Buharada geçirilen işewürler duşuşyklarynyň barşynda umumy bahasy 450 million amerikan dollaryndan gowrak söwda geleşikleriniň, maýa goýum taslamalary babatdaky ylalaşyklaryň 50-ä golaýyna gol çekilmegi hem saparyň taryhy ähmiýetini tassyklaýar. Olar, esasan-da, oba hojalygy, azyk senagaty, awtomobil, dokma, himiýa, nebithimiýa, ulag-logistika, syýahatçylyk, gurluşyk ýaly ugurlara degişlidir.
                                                ***
Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagy üstaşyr ulag geçelgeleri bilen aýrylmaz bagly. Şoňa görä-de, bu ugurdaky tagallalar bilelikde, yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýokary derejeli Daşkent duşuşygynda bellenilişi ýaly, geçen ýyl ýük daşamagyň möçberi 17 göterim artyp, bu ýagdaý şu ýylda hem saklanyp galýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň umumy maksada — Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjek kuwwatly, döwrebap infrastrukturalary döretmäge gönükdirilmelidigini belledi. Hususan-da, Türkmenistan Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr.
Döwlet Baştutanymyz Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň zerurdygyny hem nygtap, bu ugurda ýakyn geljekde taslama gatnaşyjy döwletleriň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.
Saparyň barşynda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda gol çekilen Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk, Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama bu ugurdaky işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar.
Daşkent duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag, energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşyp, türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
                                                ***
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy ýurda ilkinji döwlet sapary tylla tomsuň bereketli günlerine gabat geldi. Paýtagtyň köçelerinde, hatda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň «Kuksaroý» köşk toplumynyň howlusynda hem üzüm dalbarlarynyňdyr miweli agaçlaryň hatar gurap, miwelerini mazamlap oturyşy göze ýakymlylygy bilen ünsi egleýär. Munuň özi, göwnüňe, diňe tebigatyň däl, eýsem, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň bol hasyllylygynyň hem nyşany bolup görünýär...
Iki ýurduň dost-doganlygynyň bir berdaşly daragt deýin kök urup, miwe bermegi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen, yhlasy bilen aýrylmaz baglydyr. Bu hakykat saparyň dowamynda, gör, näçe gezek tekrarlandy! 2007 — 2022-nji ýyllarda birek-biregiňkä ýokary derejede özara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 25-siniň guralandygy, şol saparlaryň her biriniň hem möhüm tagallalarydyr taslamalary, ylalaşyklary öz içine alandygy bu hakykaty şeksiz tassyklaýar...
Gepleşikleriň jemleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenme bilen çykyş edende, Prezident Şawkat Mirziýoýew: «...Dostum we doganym hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbek-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan bimöçber goşandyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin» diýmek bilen, bilelikde bitirilen uly işlere ünsi çekdi. Özbek Lideri: «Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki Türkmenistanyň arhitektorydyr we döredijisidir» diýip belledi.
                                                 ***
Baglara hem köşklere çümüp, gadymy kerwen ýoluny ýassanyp ýatan goja Daşkent ak şäherimiz Aşgabadyň doganlaşan şäheridir. Muny bolsa bu ýerde ýygy-ýygy duýýarsyň. Meselem... Sen «Aşgabatdandyrys» diýip, bu şähere gadam goýýarsyň. Aşgabat welin, bagly-bakjaly, symrug öwüşginli, seýil-seýranly seýilgäh bolup munda öňüňden çykýar. Hawa, Daşkendiň görküne görk goşan «Aşgabat» seýilgähiniň 2018-nji ýylyň aprelinde baharyň parç-para ak güllerine bäs edip açylandygy ýadyňyzdadyr... Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gepleşikleriň jemleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenmesinde bu seýilgäh barada söz açmak bilen, onuň häzirki wagtda paýtagtyň iň gelim-gidimli seýilgähleriniň birine öwrülendigini aýtdy.
Aşgabatda bolsa «Daşkent» seýilgähiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Onuň açylyp ulanmaga berilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda şanly wakalaryň birine öwrüljekdigi şübhesiz. Gündogar äheňlerinde, özboluşly özbek binagärliginiň däplerinde gurulýan bu seýilgäh täsin gözelligi bilen häzirden göz dokundyrýar.
Saparyň ikinji güni. Uçar Daşkendiň Halkara howa menzilinden kem-kemden ýokary göterilip başlady. Arkada — paýtagt. Alnymyzda — täsin rowaýat...
Asyrlaryň dowamynda «Gündogaryň gök gümmezli göwheri», «Mawerannahryň kalby», «Dünýäniň aýnasy» diýlip apalanan iň gadymy şäherleriň biri Samarkanda barýarys. Daşkent — Samarkant aralygy 275 kilometr, uçar tizliginde bary-ýogy 35 minutlyk ýol. Ýöne şol ikarada sere gelip-geçýän oý-pikirler welin bäri-bärki däl...
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkantda Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna bina edilen ýadygärlikler toplumyna baryp, goňşy ýurduň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralady. Ulugbegiň obserwatoriýasyna, Teýmiriň aramgähine, şäheriň esasy künjekleriniň biri hasaplanýan Registan meýdançasyna baryp gördi. Bu ýerdäki Tilla-Kori medresesinde muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdy...
Zarawşan derýasynyň jülgesinde indi iki ýarym müň ýyl bäri howalanyp oturan Samarkant şäheri ir döwürlerde «Marakanda» diýlip atlandyrylypdyr. Haçan-da bu şäheri eýelände, Isgender Zülkarneýniň: «Marakanda hakda eşiden ähli zadym dogry eken, ol hatda göz öňüme getirişimden-de gözel» diýendigini döwürler biri-birine geçirip gelipdir. Şäheriň taryhyny adybir romanynda çeper beýan eden meşhur ýazyjy Amin Maalouf ony «Dünýäniň güneşe bakýan iň owadan ýüzi» diýip taryplapdyr...
1365-nji ýylda Teýmirler patyşalygynyň paýtagty bolandan soňra, bu şäher metjit-medreseler, kerwensaraýlar, ylym-bilim merkezleri... bilen gurşalypdyr. Onuň ady dessanlary, syýahatnamalary, şygyrlary... bezäpdir. Ol XIV asyryň häkimiýet, ylym we medeniýet nyşanyna öwrülipdir...
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu meşhur şähere asyrlar ozal türkmenleriň meşhur galla mekanlary we senetçilik merkezleri bolan Dehistandan, Nusaýdan, Merwden, Sarahsdan we Köneürgençden kerwenler barypdyr. Samarkandyň üsti bilen harytlar Hytaýa aşyrylypdyr. Dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine täsirini ýetiren şäheriň öwüşgini göz gamaşdyrýan minaradyr metjitleriniň diwarlaryna köneürgençli, sarahsly meşhur ussalaryň hem el hünäriniň siňendigi bellidir. Daşkent şäherinde Türkmen bazarynyň, Hywa şäherinde Türkmen derwezesiniň, Nowaýy şäherinde Türkmen köçesiniň bolşy ýaly, Samarkantda Türkmenköl atly mähelläniň (ýaşaýyş toplumy) bolandygyny, ýöne wagtyň geçmegi bilen onuň adynyň Türkmengüzer, Türkmenabat diýen atlar bilen üýtgedilendigini, şeýle-de bolsa, başky adyň ýaşaýjylaryň arasynda ýörgünlidigini aýdýarlar. Samarkantda Türkmengyşlak obasy hem bar...
«Gur-Emir» kümmeti — patyşa kowmunyň aramgähi, serkerde we hökümdar Teýmiriň bu şäherdäki iň soňky gurluşyklarynyň biri. Bu aramgäh onuň agtygy we tagtyň mirasdüşeri, harby ýörişde wepat bolan Muhammet Soltan üçin niýetlenipdir, emma ol emiriň özüniň we onuň ogullarynyň, şeýle hem agtygy, Gündogaryň beýik alymy Ulugbegiň jaýlanan ýerine öwrülýär. Asyrlaryň dowamynda bu ýer meşhur alymlaryň, akyldarlaryň, şahyrlaryň ünsüni özüne çekipdir. Bu aramgähe beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň hem gadamynyň düşendigini aýdýarlar.
Ine-de, Ulugbegiň obserwatoriýasynyň işiginden ätleýäris. Obserwatoriýa 1425 — 1429-njy ýyllarda gurlup, onda Güne, Aýa, beýleki asman jisimlerine gözegçilik edilipdir. Alym ýylyň 365 gün 6 sagat 10 minut 8 sekuntdan aýlanýandygyny hasaplapdyr. Şunda häzirki hasap bilen örän ujypsyz tapawut bolup, ol hem tebigatyň kanunalaýyklygydyr...
Gündogar ertekilerini ýada salýan Registan meýdançasy täsin howalasy bilen, Ulugbek, Tilla-Kori, Şerdor medreselerini birleşdirip otyr. Gör-ha, bu ýerlerden kimler gelip-geçendir... Bu hüjrelerde kimler bilim alyp, kimler ylym öwrenendir...
Daragt gadymy, pyntyklar täze.
Umman gadymy, tolkunlar täze.
Heňňam gadymy, nesiller täze... Ine, onsoň, nesilleriň arasyndaky hakyda sapagynyň üzülmezliginde şeýle taryhy ýerleriň bahasyna ýetme barmyka?! Her näme-de bolsa, adamyň durmuşyň müň bir sowalyna jogaby gelip-gelip şeýle künjeklerden tapýany çyn. Açyşly eýýamda dünýäniň pynhan syry azaldygyça, durmuş-döwür tehnologiýalaşdygyça, şeýle ýerleriň arzysynyň artýany-da çyn. Dünýä ýüzünde taryhy künjeklere barýan syýahatçylar akymynyň barha ýygylaşmagyny başgaça nähili düşündirersiň?!
Howalanyp duran diňi synlan bälçik Ependiniň: «Bä-ä, suwy çekilen guýyny arassalamak üçin, ony çöwrüp goýaýypdyrlar-ow» diýendigini aýdýarlar. Adamyň köňül guýularyny tämizläp, güneşledip, gaýtadan dolduryp durmasy üçinem şeýle ýerler tapylgysyz gymmata eýe...
Ýeri gelende aýtsak, BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Madridde geçirilen mejlisinde Samarkant şäheri «2023-nji ýylda dünýäniň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edilipdir...
«...Ýogsa-da, siz «Samarkant çöregi» diýen sözüň ir döwürlerden dillere dessan bolandygyny bilýärmisiňiz?! Rowaýata görä, bu ýeriň çöregi Buhara emiriniň hoşuna gelipdir. Ol muny öz mekanynda bişirtmek üçin Samarkandyň iň ezber çörekçisini çagyrdýar. Ýöne her näçe yhlas siňdirilse-de, Samarkant palçygyndan ýörite tamdyr gurdurylsa-da, çöregiň unudyr suwy şol ýerden getirdilse-de, Buharada bişirilen çörek asyl ýurdundaky ýaly bolmaýar. Ahyry emir: «Bu ýagdaý, megerem, Samarkandyň ýene-de bir syry, täsinligi bolsa gerek» diýip, öz isleginden ýüz öwrüpdir...» diýip, bize ýadygärlikler toplumynda ýolbeletlik eden Tahmina Akramowa gürrüň berdi...
Taryhy-medeni ýadygärlikler bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş merkezinde giňden ýazylan toý suprasynda duz dadyp, göwün göteriji aýdym-sazlary diňläp oturyşyňa, şol rowaýat ýene bir öwre sere gelip gidýär...
Bu ýerde Özbegistanyň medeniýet ministri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ozodbek Nazarbekow bilen gürrüňdeş bolduk. Zehinli aýdymçy: «Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji döwlet sapary medeni gatnaşyklaryň hem täze gözýetimlerini açdy. Saparyň öňüsyrasynda türkmenistanly sungat ussatlaryny Buharada garşyladyk. Ol ýerde türkmen-özbek dostluk konserti ýokary derejede geçirildi. Soňra Daşkentde, ine-de, Samarkantda aýdym-sazly çykyşlary guradyk. Görşüňiz ýaly, özbek aýdymçylary türkmen aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Arkadagyň aýdymlary bolsa diňe bir bilelikdäki konsertlerimiziň däl, eýsem, toýlarymyzyň hem bezegine öwrüldi. Hormatly döwlet Baştutanlary Özbegistanyň we Türkmenistanyň Medeniýet hem-de kino günlerini geçirmek däbini dowam etdirmek, şol sanda Daşoguz welaýatynda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmek barada aýtdylar. Biz muňa begenýäris, sungatlaryň ýakynlygy — kalplaryň ýakynlygy!» diýip, pikirini paýlaşdy.
                                                ***
...Ýene-de «Kuksaroý» Döwlet kabulhanasynyň çäginde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilgähindäki şol görnüş göz öňümde janlanýar. Saparyň ilkinji güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde nahal oturtdy. Döwlet Baştutany wezipesine saýlanandan soňra, ilkinji ädimini bag ekmekden başlan Arkadagly Serdarymyzyň özbek topragynda oturdan nahaly bilelikdäki röwşen geljege gönügen iň gowy arzuw-niýetleriň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Bag — bakylyk, bag — bereket. Goý, türkmen-özbek dostluk daragty mundan beýlägem kök ýaýradyp, şaha ýaýyp, geljege saýa salsyn!
Kakamyrat REJEBOW.
«Türkmenistan». Aşgabat — Daşkent — Samarkant — Aşgabat.