«Ýüpek ýoly – 2022»: Türkmen ekipažlarynyň ýeňişli menzilleri

Aslynda tizlik diýen düşünjäniň sportuň birnäçe görnüşiniň iň möhüm bölegi hökmünde orta çykýandygy haýsydyr bir delile mätäç bolmadyk hakykat bolsa gerek. Awtomobil sportunda bolsa bu sözüň manysy has içgin, takyk we giňişleýin açylýar. Çünki dürli kynçylyklary özünde jemleýän menziller tizligiň hem-de ulagy dolandyrýan ekipažyň ussatlygynyň emele getirýän ajaýyp sazlaşygynyň esasynda külterlenilýär. Elbetde, şeýle menziller geçilende tizligiň ähmiýeti iň möhüm orna çykýar. Sportuň bu görnüşinde tizlik türgeni üstünlige ýetirýär.
Soňky ýyllarda tizligiň sungaty hasaplanylýan awtomobil sporty boýunça geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda şeýle üstünliklere eýe bolýan türkmen türgenleriniň sanynyň barha artýandygy ýurdumyzda sportuň şu görnüşini ösdürmekde diýseň uly başlangyçlaryň düýbüni tutan Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglydyr. Bu babatda söhbet edilende, ilki bilen 2009-njy ýylda Kazandan Aşgabada uzan halkara awtorallisiniň ähmiýetine ünsi çekmek ýerlikli bolar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan şol halkara awtorallisi sportuň şu görnüşini diňe ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişliginde ýokary derejede ösdürmekde diýseň çuň mazmuna eýe boldy. Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi awtosport boýunça milli tejribämiziň binýadyny goýdy. Sportuň şol görnüşinden iň uly halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga ukyply türgenleriň sanynyň artmagy bolsa milli ýygyndy toparymyz üçin tejribeli sürüjileri hem-de şturmanlary taýýarlamaga ajaýyp esas boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň janköýerleridir muşdaklary hem diýseň köpeldi. Şunlukda, awtomobil sporty boýunça kämil türkmen mekdebi kemala geldi. Awtosport boýunça ýurdumyzyň çempionatlarynyň yzygiderli guralmagy bilen milli tejribe kämillik derejesine ýol saldy. Galyberse-de, milli ýaryşlaryň diýseň ýokary derejede hem-de halkara talaplary esasynda guralmagy Watanymyzyň iň uly awtosport baýramçylyklaryny geçirmekdäki tejribesinde hem möhüm ädim boldy. Türkmen türgenleriniň awtosport boýunça dünýäniň iň uly ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary milli tejribämiziň halkara giňişligindäki ykrarnamasyna öwrülse, 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralan «Amul – Hazar» halkara awtorallisi sanlyja ýylyň dowamynda kemala gelen awtosport boýunça kämil türkmen mekdebiniň derejesini dünýä äşgär etdi. Onuň halkara eko-ralli-reýdi hökmünde häsiýetlendirilmegi bolsa bu ýaryşyň dünýä sportunyň taryhynda hemişelik orun almagyna düýpli sebäpdir.
Elbetde, awtomobil sportuny ösdürmek ugrundaky aladalar Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze many-mazmuna eýe bolýar. Ine, türkmen ekipažlarynyň şu günler gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda geçen «Kazan – Aşgabat» awtorallisinden alyp gaýdan hem-de her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen, häzirki wagtda bolsa Russiýa Federasiýasynda geçýän «Ýüpek ýoly» halkara rallisindäki netijeleri hem bu hakykatyň aýdyň beýany bolup dabaralanýar.
                                            ***
Ertir Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçýän awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly – 2022» halkara ýaryşynyň gutarnykly netijeleri kesgitlener. Ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şowly menzilleri ynamly külterleýändigi diýseň buýsandyryjydyr.
Ýaryşa gatnaşýan türkmen wekiliýetine 19 adam agzalyk edýär. Türkmen toparyna Şamyrat Gurbanow ýolbaşçylyk edýär. Milli ýygyndy toparymyzyň sürüjileri Maksatmyrat Daňatarowdan, Merdan Toýlyýewden, Süleýman Annamämmedowdan ybarat bolsa, Muhammetmyrat Gurbanow, Didar Orazmedow, Şöhrat Toýlyýew hem-de Parahat Garlyýew dagy olaryň ekipažyna şturmanlyk edýär. Bu düzümde mehanikleriň birnäçesi bar. Şolaryň hatarynda Annamyrat Annamyradowy, Gurbanmyrat Gylyjowy, Gurbanberdi Daňatarowy, Italmaz Çaryýewi, Begenç we Agamyrat Annaýewleri, Ýolaman Abaýewi, Rejepnyýaz Annaberdiýewi, Bezirgen Nyýazowy hem-de Nerçe Öwlüýägulyýewi görkezmek bolar. Russiýa Federasiýasynda bolýan türkmen wekiliýetiniň düzüminde tehniki wekil Karen Awagýan hem bar.
                                            ***
Türkmen ekipažlarynyň «Ýüpek ýoly – 2022» halkara rallisiniň T2 ýaryşlaryna gatnaşýandyklaryna ünsi çekmek gerek. 6-njy iýulda badalga alan iri awtosport baýramçylygynyň her gününde tapgyrlaryň biri guralyp, olar täsirli pursatlaryň ençemesini özünde jemleýär. Ildeşlerimiz häzire çenli gatnaşan tapgyrlarynyň ählisini diýen ýaly şowly jemlediler.
On ikinji gezek geçirilýän «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ilkinji güni dabaralary çärelere beslendi. Astrahanyň döwlet opera we balet teatrynyň öňündäki giň meýdançada geçirilen dabaraly çärä awtosport muşdaklarynyň hem-de beýleki tomaşaçylaryň müňlerçesi gatnaşdy. Olar her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen ajaýyp awtosport baýramçylygynyň şowhunly pursatlarynyň şaýady boldular.
Dabaraly açylyşyň resmi tapgyrynyň tamamlanmagy bilen bu ýerde ýaryşa gatnaşyjy ekipažlaryň tanyşdyrylyşy guraldy. Şeýlelikde, derejeleriň ýedisi boýunça ýaryşa gatnaşýan 73 ekipaž yglan edildi.
Säher bilen başlanan dabaraly açylyşdan soň «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň başlangyç tapgyryna badalga berildi. Ulaglaryň 7 görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşýan ekipažlar ýola düşdüler. Bu tapgyrda Wolga derýasynyň ýakasyndan geçýän ýol ugry halkara ýaryşyna gatnaşýan sürüjilerdir şturmanlar üçin täsin sowgat boldy. Awtosportuň her bir görnüşi boýunça iň gowy netijeleri ralli-reýd boýunça uly tejribä eýelik edýän ussat sürüjiler görkezdiler. Ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglary özünde jemleýän T2 ýaryşynda türkmen sürüjisi Merdan Toýlyýewiň ekipažy tapgyryň ýeňijisi boldy.
8-nji iýulda «Ýüpek ýoly – 2022» halkara rallisiniň ikinji tapgyry guralyp, ekipažlar ikinji badalga hem-de doly derejedäki birinji ýörite meýdana çykdylar. Tapgyryň ýol ugry aýlawlaýyn boldy. Ýaryşa gatnaşyjylar onuň başyndan günüň ahyrky netijelerine çynlakaý täsirini ýetiren kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Birinji tapgyrda bolşy ýaly, bu gezek hem Türkmenistandan gatnaşýan ekipažyň «АВТОВАЗ» zawodynyň topary bilen bäsdeşligi diýseň ýiti ýagdaýda geçdi. Ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşy sportuň şu görnüşiniň muşdaklaryna ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Ýeňşe esasy dalaşgär hasaplanylýan Dmitriý Woronow ýoluň başynda türkmen sürüjisi Merdan Toýlyýewden yza galdy. Ozalky netijesini gaýtalandygyna garamazdan, Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažynyň görkezijileri hem D.Woronowyňkydan öňde boldy.
Astrahanda dowam eden üçünji tapgyrda Dmitriý Woronow «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ýörite meýdanyndaky birinji ýeňşini gazandy. Ýörite meýdançany Merdan Toýlyýew ikinji, Şamyrat Gurbanow üçünji bolup geçdi.
Halkara ralli-reýdiniň dördünji tapgyry 10-njy iýulda Astrahan — Groznyý ugry boýunça guraldy. T2 görnüşi boýunça bäsleşiklere gatnaşýan türkmen ekipažlary ýekşenbe güni geçen tapgyry hem ýokary netijeler bilen jemlediler. Şamyrat Gurbanowyň sürüjilik edýän ekipažy bu tapgyrda pellehanadan birinji bolup geçdi. Bu üstünlikde onuň şturmany Muhammetmyrat Gurbanowyň hem orny diýseň uludyr. Meýdan şertlerindäki bejeriş işleri ýörite meýdanyň başynda Dmitriý Woronowy 40 minut çemesi saklady. Bu bolsa ony ikinji orun bilen çäklenmäge mejbur etdi. Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy üçünji orny eýeledi.
Bäşinji tapgyr Groznyý — Groznyý ýol ugry boýunça amala aşyryldy. 11-nji iýulda ýaýbaňlandyrylan T2 ýaryşynyň bäşinji ýörite meýdany diýseň dartgynly ýagdaýda külterlenildi. Şamyrat Gurbanowyň hem-de Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažlaryny yzda galdyran ildeşimiz Merdan Toýlyýewiň ekipažy bu tapgyryň ýeňijisi boldy. Onuň ekipažynyň şturmany sürüjiniň inisi Şöhrat Toýlyýewdir. Elbetde, bu tapgyrda türkmen ekipažlaryna öňdäki orunlaryň üçüsini hem eýelemek miýesser etdi.
12-nji iýulda Groznyý — Elista ugry boýunça geçen marafon tapgyrynda ekipažlar 545 kilometrlik menzili aşdylar. Türkmen türgenleri bu tapgyrda hem şowly çykyşlaryny dowam etdirmegiň hötdesinden geldiler. Pellehanadan birinji bolup geçmek Dmitriý Woronowa miýesser etdi. Şondan soňky orny Şamyrat Gurbanowyň ekipažy eýeledi. Merdan Toýlyýewiň ekipažy bolsa bu tapgyrda bellenen aralygy üçünji bolup geçdi. Türkmen ekipažlary 6-nji tapgyryň ikinji hem-de üçünji orunlaryna mynasyp boldular.
«Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ýedinji tapgyry «Elista — Elista» ugry boýunça 350 kilometrlik menzile uzady. Bu tapgyrda hem altynjy tapgyryň ýeňijileri öňdäki üçlügi düzdüler. Dmitriý Woronow yzygiderli ikinji gezek iň gowy netijäni görkezdi. Emma ýedinji ýörite meýdanda oňa geçen tapgyrda başdan geçiren has uly görkezijilerine ýetmek miýesser etmedi.
Ýedinji tapgyryň menzillerini hem türkmen ekipažlary ikinji hem-de üçünji bolup geçmegiň hötdesinden geldiler. Şamyrat Gurbanow pellehanadan ikinji bolup geçmegi başarsa, Merdan Toýlyýew bellenen menzili üçünji bolup külterledi.
Tapgyryň jemlenmegi bilen, 13-nji iýul güni agşam ähli sport tehnikalary tejribeli mehanikleriň ygtyýaryna berildi we olar ralliniň sekizinji tapgyryna ykjam taýýar edildi.
14-nji iýulda ýaryşa gatnaşyjylar Elista — Wolgograd ugry boýunça 647 kilometrlik menzilde ýaryşdylar. Bu tapgyrda Merdan Toýlyýew ikinji, ondan 25 sekunt soň gelen Şamyrat Gurbanow üçünji boldy.
Biz ertir Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda — Moskwa şäherinde tamamlanjak «Ýüpek ýoly – 2022» halkara rallisine gatnaşýan türkmen türgenlerine uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Amanmyrat Myradow,
«Türkmen sporty».