DEHISTAN ALYMLARYŇ ÜNS MERKEZINDE

Türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny açyp görkezýän maddy mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek, wagyz etmek, rejelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki, şol sanda Balkan welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde hem bu ugurdaky toplumlaýyn çäreler üstünlikli dowam etdirilýär. 
Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň günorta etraplarynda bürünç, demir we orta asyrlaryň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň emeli suwaryşa esaslanan ekerançylygyndan başlap, maddy medeniýetiň gymmatlyklarynyň dürli görnüşleriniň galyndylary saklanýar. Şoňa görä-de, bu sebitiň geçmiş mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de rejeleýiş-dikeldiş işlerini geçirmek möhüm meseleleriň hatarynda durýar. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabynda duran bürünç-demir asyrlar döwrüne degişli we orta asyrlar bilen senelenýän taryhy-medeni ýadygärliklerde türkmen hem-de daşary ýurtly arheologlar tarapyndan ylmy-barlaglar geçirildi. Maşat ata kümmetinde, Juma metjidinde, Gökjük depede, Yzzatguly depede we beýleki ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri muňa mysaldyr. Goraghananyň esasy wezipeleriniň ýene biri bina ýadygärlikleriniň saklanyp galanlaryny bejermek, abatlamak bilen baglydyr. 
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleriniň başda durmagynda Dehistanyň naýbaşy ýadygärlikleriniň biri bolan Maşat ata kümmetinde abatlaýyş işleriniň, meýdan maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi netijesinde çylşyrymly inženerçilik-konstruktorçylyk we çeperçilik-bezeg işleriniň tapgyry geçirildi. Taslamanyň ýerine ýetirilýän döwründe, ilki bilen, möhüm ylmy-arheologik açyşlar edilip, binanyň töwereginde ozal mälim bolmadyk howlynyň we oňa sepleşip duran otaglaryň, howuzjygyň üsti açyldy. Utgaşykly alnyp barlan bejergi işlerinde bolsa gadymy ussalaryň usullary ulanyldy. Metjidiň ýykylmak howpundaky gümmezi doly sökülip, täzeden berk binýatda guruldy, mährabyň ýitirilen bölekleri gaýtadan dikeldildi. 
XII-XIII asyrlara degişli bolan Juma metjidiniň girelge sütünlerindäki rejeleýiş işleri hem aýratyn bellärliklidir. Gadymy binalary öwreniji hünärmenler, ilki bilen, taryhy çeşmeleri, arhiw foto we beýleki resminamalary, ozal ýerine ýetirilen degişli çyzgylary öwrenip, metjidiň girelgesinde doly barlag-ölçeg, çyzgy işlerini geçirdiler. Binanyň özbaşdak duran sütünleriniň hersi özbaşyna, bezegli tarapyndan başga ýerleri bişen kerpiçleriň kömegi bilen berkidildi. Olaryň aralaryny birleşdirýän ýaý şekilli çylşyrymly örüm işleri ýerine ýetirildi. 
Dehistanyň orta asyr galasynyň gündogar tarapynda ýerleşýän kerwensaraýda milli müdirligiň alym-hünärmenleriniň gözegçiliginde goraghana tarapyndan ylmy işler dowam etdirilýär. Gazuw işleri entek doly tamamlanmasa-da, gazanylan netijeler birnäçe ylmy bellikleri etmäge esas berýär. Taraplary 50x50 metr meýdany eýeleýän, görnüşi gönüburçly kerwensaraýyň binasy örän berk diwar bilen üpjün edilipdir. Diwar iki gatlakdan ybarat bolup, daşky gatlak galyňlygy 2,5 metre çenli ýetýän pagsadan, içinden bolsa 23 — 25 santimetr inlilikdäki bişen kerpiçleriň hatary bilen berkidilipdir. Kerwensaraýda 2, käbiri 4 adama niýetlenen 40-a golaý otagyň diwarlarynyň yzlary bar. Onuň otaglarynyň öňünde köp sanly sütünlere daýanan eýwan bolupdyr. Eýwan kerwensaraýa diňe bir bezeg bermän, eýsem, ýaşaýjylary ýagyş-ýagmyrdan, yssydan gorapdyr. Kerwensaraýyň diwarlarynda, aýratyn-da, otaglaryň girelgelerinde bişen kerpiçler arkaly diwar bezegleri ýerine ýetirilipdir. Bu ýerde myhmanlar üçin ýörite namaz otaglary, naharlanmak, hammam hökmünde hyzmat eden özboluşly otaglar hem ýüze çykaryldy. 
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji aprelindäki Karary esasynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnamanyň çäklerinde 16-njy aprelde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda günbatar Türkmenistanda ýerleşýän bu taryhy sebitde soňky geçirilen we dowam edýän rejeleýiş, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň çägine barlyp görüldi. Ussat türkmen rejeleýjileriniň işlerine, ýerli arheologlaryň kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy binada dowam etdirýän gazuw-barlag işlerine ýokary baha berlip, degişli ylmy maslahatlar guraldy. Alymlaryň bellemeklerine görä, Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşen bu taryhy ýadygärlikler toplumynyň syýahatçylygy ösdürmekde-de geljegi uludyr. Dehistanyň ýadygärlikleri bilen içgin tanyşmak, ony baý geçmişi, özboluşly binagärlik keşbi bolan iri taryhy-medeni sebit hökmünde häsiýetlendirmäge esas berýär.
Aýmämmet RAHYMOW, «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň direktory.