Ýurdumyzyň iň ýaş şypahanasynda

«Bagabat» şypahanasy güneşli Diýarymyzyň çägindäki şypahanalaryň iň ýaşydyr. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde, dag tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän bu şypahana Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup, 2020-nji ýylyň noýabrynda ildeşlerimiziň hyzmatyna berildi.
Şypahana gysga wagtda uly meşhurlyga eýe boldy. Bu gün ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelýän ildeşlerimize onuň anyklaýyş, balneoterapiýa we palçyk bilen bejeriş, howuz we SPA, fiziobejeriş ýaly bölümlerindäki häzirki zaman enjamlar, lukmanlaryň degerli maslahatlary, hyzmatlary saglygy kadaly berkitmäge, oňat dynç almaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. 
Tomsuň häzirki günlerinde şypahana has köp adamly. Zähmet rugsadyna çykyp, bu şypahanada saglygyny berkitmäge gelýänleriň arasynda dürli kärdäki we hünärdäki ildeşlerimiz bar. Olaryň haýsy biri bilen söhbetdeş bolsaň, şypahananyň öz saglyklaryna berýän peýdasy hakda buýsanç bilen gürrüň berýärler.
— Men Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndan geldim. Bu şypahanada ilkinji gezek bolýaryn. Bu ýeriň tämiz howasy maňa juda ýarady. Dag tebigaty, şypahananyň giň çägindäki baglar we beýleki gözellikler hem saglygyňa öz täsirini ýetirip, keýpiçaglygyňy artdyrýar. Şypahanada ýola goýlan hyzmatlaryň derejesi, işgärleriň mylakatlylygy, gülerýüzlüligi göwnümizi göterýär. Lukmanlaryň maslahatlaryna eýerip, kämil enjamlaryň hyzmatyndan giňden peýdalanýarys, degişli bejergileri alýarys. Fitobarda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän ot-çöplerden taýýarlanýan melhem içgileriň dürli görnüşleriniň hödürlenmegi bizi has-da begendirýär. Gözel künjeklerde şeýle döwrebap şypahanalary gurduran Gahryman Arkadagymyza hem-de raýatlaryň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda uly aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz tükeniksizdir — diýip, Atamyrat Nazarow aýdýar.
Şypahanada bolýanlar üçin dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň we beýlekileriň bejergisi babatda giň amatlyklar göz öňünde tutulandyr. Mineral suwly we suwasty owkalama wannalary hem olaryň ygtyýarynda. Bejeriş mineral suwly akril we suwasty owkalama wannalarynyň, şeýle-de dört kameraly galwanik wannalaryň hyzmatyna gyzyklanma ýokary. Çünki bu wannalary kabul etmek bilen adamyň özüni duýşy gowulanýar, damarlary giňelip, kellagyrysy aýrylýar. Ukusyzlykda we ýürek agyrysynda oňyn haýry bar. Bejeriş mineral suwly wannalarda ýörite ornaşdyrylan dürli reňkdäki yşyklaryň kömegi bilen hromoterapiýa bejeriş usuly hem ýola goýlan. Bu bolsa şypahana gelýänleriň netijeli dynç we bejergi almaklaryna, saglyklaryny berkitmeklerine täsirini ýetirýär. Ildeşlerimiz şypahanada döredilýän şertlerden, lukmanlaryň hyzmatyndan örän hoşal bolýarlar.
Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan».
Surata düşüren awtor.