Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda sözlän sözünde: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýmek bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy daşary syýasatymyzyň strategik wezipesi hökmünde kesgitledi. Aýdylyşy ýaly, dünýä uzaýan dostluk ýollary goňşy öýünden — iň ýakyn serhetdeş ýurtlarymyzdan başlanýar. Şol ýurtlar hakynda oýlananyňda, bada-bat goňşy Özbegistanyň, doganlyk özbek halkynyň göz öňüňde janlanmagy tebigy ýagdaý bolsa gerek.
Özbegistan Merkezi Aziýanyň ýüreginde, Amyderýanyň we Syrderýanyň aralygynda ýerleşen, gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň dynuwsyz kerwenlerini goýnundan geçiren ýurt hökmünde tanalýar. Bu toprak Gyzylgumuň gyzgyn çägeleri, Týan-Şan daglaryndan öwüsýän salkyn howasy, düýbi görnüp duran arassa kölleri, suwy bal ýaly diýdirýän derýalary, düzlükleridir ýaşyl çemenlikleri, Buharasydyr Samarkandy, köpöwüşginli medeniýeti, halkynyň myhmansöýerligi bilen hem uly meşhurlyga eýedir. Türkmenistan üçin bolsa Özbegistan iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, strategik hyzmatdaş hem ygtybarly dostdur. Türkmen we özbek halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biz özbeklere, özbekler hem bize «dogan» diýýär. Iki halkyň gatnaşyklary çyndandyr we çuňdandyr. Gadymdan gelýän şol gadyrly gatnaşyklaryň döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün ygtybarly binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki anyk hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär.
Häzirki zaman türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşini şertli ýagdaýda tapgyrlara bölsek, şunda onuň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza Baştutanlyk eden ýyllarynda has işjeň hem ulgamlaýyn häsiýete eýe bolandygyna doly göz ýetirmek bolýar. Diňe 2007 — 2022-nji ýyllarda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde iki ýurda döwlet, resmi we iş saparlarynyň 25-siniň amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň delilidir. Biziň döwletlerimiz birek-biregiň daşary ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynda-da öňdäki orunlary eýeleýärler. Statistiki maglumatlara görä, diňe soňky 4 ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 5 esse artdy hem-de 2021-nji ýylda 65 göterim ýokarlanyp, takmynan, 880 million amerikan dollaryna barabar boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şol wagtky Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hökmünde ýurdumyzyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, şu ýylyň 17-nji ýanwarynda Daşkent şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bolsa taraplaryň türkmen-özbek haryt dolanyşygynyň möçberini geljekde 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu merkeziň işi özara söwdanyň möçberini artdyrmaga, senagat kooperasiýasyny ösdürmäge hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary, Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky Işewürlik geňeşi üstünlikli hereket edip, özara gyzyklanma bildirilýän anyk ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri jikme-jik öwrenilýär.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, serhetýaka zolaklaryň — Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlary bilen Özbegistanyň Buhara hem-de Horezm welaýatlarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki günlerde «Lebap — Buhara» we «Daşoguz — Horezm» türkmen-özbek söwda zolaklaryny döretmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini göz öňünde tutup, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň geljekde has işjeň häsiýete eýe boljakdygyny ynamly aýtmak bolar. Munuň özi, bir tarapdan, ýurtlarymyzyň ykdysady ugurly hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşsa, beýleki tarapdan, asyrlaryň dowamynda duldegşir goňşy bolup, bir derýanyň suwuny içen türkmen we özbek halklaryny birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açar.
Hawa, bu günki gün ähli ugurlarda depginli ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklaryna gadyrlylygyň hem ýürekdeşligiň mahsusdygyny hiç kim inkär etmese gerek. Türkmenistana sapar bilen gelýän özbek doganlarymyz: «Biz öz türkmen goňşymyzy gadyrlap, onuň paýtagtyny bütin durky bilen ýurdumyzyň ýüreginde — Daşkentde göterýäris» diýip guwanýarlar. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Indi 4 ýyldan gowrak wagt bäri Daşkendiň gözel künjekleriniň birinde «Aşgabat» seýilgähi türkmen ýüreginiň ýylysyny dostlukly ýurda paýlap otyr. Ak mermerli Aşgabatda-da «Daşkent» seýilgähiniň myhmanlara gujak açjak günleri indi uzakda däl. Doganlyk özbek halkynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan bu medeni-dynç alyş zolagy türkmen paýtagtynyň görküne görk goşup, iki ýurduň arasyndaky dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider.
Türkmenistan we Özbegistan ösüşiň täze tapgyrynda özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge, iki ýurduň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmaga uly ähmiýet berýär. Iň ýokary derejede birek-birege guralýan saparlar bolsa döwletara hyzmatdaşlygy barha çuňlaşdyrmaga, onuň täze gözýetimlerini açmaga ýardam edýär.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».