Gözbaşyny Ybraýym pygamber hem-de onuň ogly Ysmaýyl bilen baglanyşykly wakalardan alyp gaýdýan Gurban baýramy biziň ilde agzybirligiň, tämizligiň, gözelligiň baýramy hökmünde üç günläp şatlyk-şowhuna beslenýär. Ildeşlerimiz bu günlerde ähli durmuş aladalaryny bir tarapa süýşürip, wagtyhoşlukda, ruhy galkynyşda dynç alýarlar, baýramçylygy göwnejaý geçirmek bilen bagly aladalardan lezzet tapýarlar.
Agzybirligiň baýramy
Türkmen halkynyň nurana kalbynda orun tutan, iň gymmatly göwher-şamçyragy bolan agzybirlik, goňşy-golamyň, il-günüň bilen hoşniýetli ylalaşykda, sylaşykda ýaşaşmak ýörelgesi gurbanlyk günlerinde bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu senäni her kimiň isleýşi ýaly, arkaýynçylykda geçirmegi üçin, döwlet tarapyndan üç günläp dynç güni berilýär. Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, maslahata üýşen goňşular baýramçylygyň üç gününde haýsy hojalygyň günortan, haýsynyň agşam şamyna gabatlap saçak ýazmalydygyny kesgitleýärler. Gurbanlyk günlerinde her bir hojalygyň bişirjek naharyny, onuň gapdaly bilen äberiljek naz-nygmatlary taýýarlamak işlerine goňşularyň hemmesi bir adam ýaly bolup gatnaşýarlar.
Gurbanlykda, köplenç, dograma, palaw, çekdirme ýaly milli naharlar bişirilýär. Mälim bolşy ýaly, türkmeniň datly tagamy bolan dogramany taýýarlamak köp zähmeti talap edýär. Öňki wagtlarda (oba ýerleriniň köpüsinde häzirem) dogramanyň petir çöregini bişirmek, ony maýdaja edip dogramak ýaly işleri, zähmet hakyny berip, buýurma esasynda etdirilmän, her maşgalanyň özünde, goňşularyň kömegi bilen edilýärdi. Gurbanlygyň birinji güni ir säherden şatlyk-şowhun bilen bir goňşynyňka üýşüp, günortana çenli onuň naharyny taýýarlaýarlar. Agzybirlikde, saçak başynda gowy zatlaryň gürrüňini edip, nahar iýip, çaý içip bolanlaryndan soň: «Gurbanlygyňyz kabul bolsun! Ýeneki ýyllara ýurt abadançylygynda, baş bitinliginde Hudaý ýetirsin» — diýip, ýagşy doga-dilegler bilen töwir galdyrýarlar. Soňam başlaryny bozman, agzybirlik bilen agşamlyk gurbanlyk etjek goňşynyň öýüne ýönelýärler. Gurbanlygyň üç güni hem şu röwüşde geçýär.
Tämizligiň baýramy
Gurbanlyk bilen bagly milli däp-dessurlarymyzyň arasynda bu nurana baýramçylyga daşky hem-de kalp tämizliginde gelmek bilen bagly dessurlar esasy orun tutýar. Telim gün öňünden her bir türkmen maşgalasynda içerini çykaryp, haly-palaslarydyr keçeleri kakyp, ýamaşgan düşeýärler. Ýorgan-düşekleri serip, kakyp-silkip ýygnaýarlar. Öýleriň aýna-gapylaryny ýuwýarlar. Öýüň töwereginde (içinde hem) ulanyşdan galan, gerekmejek zatlar bar bolsa, aýryşdyryp, howlyny syryp-süpürip, tertipläp goýýarlar. Gelin-gyzlar öňki gurbanlykdan bäri başyny daranda düşen saçyny aýna-darak bukjasynda ýygnaýarlar-da, ony şu arassaçylyk günlerinde ýere gömýärler. Şunda zenan maşgala önelgeli bolsun, nesil dowam etsin diýen yrym-ygtykada eýerip, miweli agajyň düýbünde çuň çukur gazyp, düşen saçy şoňa gömýärler. Gurbanlygyň birinji güni maşgala agzalarynyň hemmesi Gün dogmanka «Gurban şor» edýärler, ýagny başdan-aýaga çenli ýuwnup-tämizlenip, täze eşik geýýärler. Şu däp-dessurlaryň hemmesi kalp tämizligi, iň gowy arzuw-alkyşlar, doga-dilegler bilen ýerine ýetirilýär.
Gözelligiň baýramy
Gözleri hemişe gözelligiň gözleginde bolan türkmen gelin-gyzlary bu baýrama has öňünden, aýratyn yhlas bilen taýýarlanýar. Sebäbi zenan maşgalanyň toý lybaslary biçmek, tikmek, nepis nagyşlar bilen bezemek ýaly hysyrdylar netijesinde taýýarlanýar. Şeýle bolansoň, olar birki aý öňünden bazardyr dükanlara baryp, iň gowy matalaryň özüne gelşäýjegini saýlap alýar. Getiribem ony serwi boýuna deňäp, biçip-tikýär. Dür dökülýän eller bilen köýnekleriň ýakasyna-ýeňine, don bolsa, bütin gyrasyna, jübüsine nepis nagyşlar salnyp bejerilýär.
Yhlas, zehin-zähmet siňdirilip tikilen lybaslaryň gözelligi bilen beýik Taňrynyň beren tebigy gözelligi utgaşanda, zenany görmäge göz, taryplamaga söz gerek! Bu hemişe şeýle bolupdyr. Gurbanlyk günleri gyz-gelinleriň topar-topar bolşup, seýle çykyşlary batyr ýigitleriň serkerdesi, gerçek Görogly begiň hem ýüregini joşduryp, dilinde şygra öwrülipdir:
On iki aýdan geler gurban,
Sallanyşar gyzu-juwan,
Ýol üstünde goşa nerwan,
Ýol beriň, gyzlar geleýdi!
“Gurbanlykda täze eşik edinmäge ýagdaýyň ýetmese, iň bolmanda, bagjygyňy täzelemeli weli, garaz, üsti-başyňda bir täzelik bolmaly” diýlen bir yrym bar. Beýle diýilmegi biziň halkymyzyň ata-babadan gelýän ýörelgelerine hemişe mukaddeslik hökmünde garap, olary hiç wagt unutman-ýitirmän, mydama dowam etdirmegiň aladasy bilen bolan beýik milletdiginden habar berýär.
Gurbanlyk diýlende, ony hiňňildiksiz göz öňüne getirip bolmaýar. Hiňňildikde uçmagyň özi, ilki bilen, adamyň beden saglygy üçin örän peýdaly. Türkmende: «Şemal kakmasa, kemal tapmarsyň» diýen söz bar. At çapylanda, hiňňildik uçulanda, güýçli ýeliň gelip urulmagy bedeni berkidýär, onuň çydamlylygyny güýçlendirýär. Onsoňam owadan geýnen ýaş ýigitlerdir gelin-gyzlaryň ikibir-ikibir ýa-da dört bolup, al-asmandan gaýtaryp hiňňildik uçuşy toýuň şowhunyny artdyrýar, gözellige teşne kalplary joşdurýar. Şonuň üçin gözelligiň bu baýramynyň hiç bir zadynyň, hiç bir şowhunynyň kemterlik etmezligini islän pederlerimiz: «Gurbanlyk günleri hiňňildik uçsaň, ähli günäleriň dökülermiş» diýen ynama eýerip, ony baýramyň aýrylmaz hemrasyna öwrüpdir. Zerur hasaplan zadyny günä, sogap düşünjeleri bilen baglamak türkmeniň ruhy dünýäsine mahsus häsiýet. Gurban baýramy bilen bagly şeýle ynsanperwer däp-dessurlar nesilden-nesle geçip, asyrlarboýy dowam edip gelipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň uly joşguny bilen gözel Diýarymyza agzybirligiň, tämizligiň, gözelligiň nyşany bolup gelen Gurban baýramy gutly-mübärek bolsun!
Ejegyz ÇARYÝEWA, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.