TÜRKMEN TOPRAGYNDA DOST-DOGANLYK OWAZLARY

Ýurdumyzda toýlaryň toýlara ulaşýan, bu toýlaryň paýtagtymyzda geçiriljek VI Hazar sammitine sepleşýän günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança türkmen döwletliliginiň jahana ýaň salýan owazlary bilen dolýar. Bu ýerde düýn ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara döredijilik dabarasy boldy. 
Dabaranyň dowamyndaky aýdym-sazlar, tanslar ýurdumyzyň taryhy ösüşlerine, özgerişlerine, abadan durmuşyna halkymyzyň ýürek buýsanjyny ýene bir gezek aýan etdi. Şunuň bilen birlikde bular biziň berkarar döwletimizden dünýä uzaýan dost-doganlyk, parahatçylyk, gatnaşyk hem hyzmatdaşlyk nury bolup ýalkym saçdy. Daşary ýurtlardan gelen görnükli aýdymçylaryň, aýdym-saz toparlarynyň ajaýyp çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýyp, halkymyzyň öz milli medeniýetine siňdirýän köňül owazlaryna birleşdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda, goý, mydama parahatlyk, ösüş, dost-doganlyk owazlary ýaňlanyp dursun! 
«TÜRKMENISTAN»
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.