Şu günler gadymy Mary topragynda Medeniýet hepdeligi şatlyk-şowhuna, uly dabaralara beslenýär. Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň baýramy ýetip gelen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary bilen utgaşýar. Biz hem halypa ýazyjylaryň Magtymguly Pyragy hakdaky makalalaryny çap etmek däbimize eýerip, gazetimiziň şu sanynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň edebi mirasyndan «Magtymgulynyň sapaklary» atly saldamly makalasyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Adamzadyň taryhy beýik-beýik adamlary hasaba alyp gidip otyr. Bu belli. Emma gerçekler özlerini ykrar etdirmäge howluganoklar.
Asmandaky alys ýyldyzlary hemmeler görýär. Emma şol ýyldyzlar biz üçin mydama täsinlik bolup galýar. Olaryň syryny açmak aňsat däl. Şahyrana Gündogaryň parasatly poeziýa asmanynda ýüzlerçe ýyl mundan öň iň nurana ýyldyzlaryň biri dogupdyr.
Ýerde dogup, ýalkym bolup göterlen
Pyragydyr, kemineler, seýdiler.
Şakyrdaşýan gylyçlaryň astynda
Kükrek gerip, dogry sözi diýdiler.
Beýle adamlaryň güýçli ýaragy
Ot dek çyn söz bilen
Süýt dek ýürekdir.
Beýikler bolmasa, dünýä garrardy,
Beýikler beýik bir zeruryýetdir.
Hakykatdan-da şeýle bolýan bolsa, onda tebigatyň beýikligi mahal-mahal dünýä indermeginde hem kanunalaýyklyk, hem sazlaşyk, hem adalat bar. Belki, genial şahyrlar halkyň ruhy rysgaly hökmünde jahana gelýändirler. Mümkin.
Meniň bu setirlerim Magtymguly barada ylmy iş däl-de, beýik halypa baradaky şahsy pikirler. Ylmy makalalarda awtorlar ähli zady delillendirip, hemme zady takyklap, meseläni çürt-kesik çözjek bolýarlar. Meniňçe, öňürti talantyň tebigatyny aýdyňlaşdyrmaly bolsa gerek. Biziň daşymyzy gurşap alan tebigatyň syryny doly açmak, belki, adama hiç haçan başartmaz. Her niçik bolanda-da, entek açylmadyk syrlaryň az däldigini, nähili okumyş-da bolsak, boýun almagymyz gerek. Magtymguly Pyraga-da şu nukdaýnazardan garalmalydyr diýip pikir edýärin.
Magtymguly biziň ganymyza ene süýdi bilen girdi. Sebäbi biziň ata-babalarymyz adamkärçiligi Magtymgulynyň setirleri bilen ölçelmeli kada-kanun hökmünde kabul edipdirler. Magtymgulynyň goşgulary olar üçin ahlak kodeksi ýaly bir zat bolup galypdyr.
Magtymgulynyň bize gelip ýeten ähli goşgularyny ara wagt salyp, gaýtalap-gaýtalap okap gidip oturyşymyz. Şeýtmek ruhy zeruryýete öwrülipdir. Maňa şahyryň Hywa şäherinde okan medresesini ençeme gezek synlamak miýesser boldy. Balkanyň Gerkez obasyny bolsa men has soň gördüm.
Biz garaňky gatlyşyp barýan çaglary Gerkez obasyna inilýän belentlikde durus. Jülgäniň düýbünde kem-kem elektrik çyralary ýanýar. Biz bir zatlary aňşyrjak bolýarys. Dürli duýgular-da bolýar. Magtymguly magat bu ýerde, ine, şu jülgäniň düýbünde ýaşamadyk bolaýanda-da, bu daglaryň şahyry görendigi gümansyz. Emma keremli daglara, beýik gaýalara geplemek berilmändir. Birdenkä Gerkez obasynyň dik depesinde ilkinji ýyldyz göründi. Bu oraşan ýagdaýy-da Magtymgulynyň ady bilen baglanyşdyrasyň gelýär. Ýyldyz — Gündogar poeziýasynda kän ulanylýan simwol. Biz Magtymgulynyň özüni hem ýyldyza deňeýäris. XVIII asyryň garaňkylygynda dörän iňňän parlak ýyldyz!
Magtymgulynyň — gadymy Gündogar poeziýasynyň iň görnükli pälwanynyň birine öwrülen adamyň beýlekilere mahsus bolan sadalygy, pälipesligi (sadalyk beýikligiň baş şerti diýýärler) özünde jemländigine göz ýetirmek kyn däl:
Dehistanyň baýrynda,
Bady-sabany görsem.
Hawa, biz onuň şundan uly zady arzuw etmejekdigine ynanýarys. Sebäbi seýilgähde daňyň atyşyny synlamakdan, daňyň beýik buşlukçysy bolan şypaly şemaly demiňe sormakdan, şeýdibem, owadan jahana syn kylmakdan uly lezzet, beýik bagt, şondan gymmatly pursat bolup bilmez. Bu pursat ylhamyň dag çeşmesi ýaly çogup çykýan pursadydyr, dünýäniň eşretini duýmagyň hem-de oňa haýran galmagyň pursadydyr, päklik hem-de galplyk barada, beýiklik hem-de peslik barada, haýyr hem-de şer barada pähimlenmegiň pursadydyr. Şahyr tebigatyň peşgeş beren perzendidir, şonuň üçin-de, onuň ylhamyny tebigatdan üzňelikde göz öňüne getirip bilmersiň. Şahyr durmuşyň beýik aşygydyr, ähli gözel zatlaryň bolsa janpenasydyr.
Taryhy şahslar bilen gyzyklanyp, olary öwrenýärler käte şol şahsyň döremegini onuň bilim-sowady ýa-da hossarlarynyň täsiri bilen baglanyşdyrýarlar-da, meseläni ap-aňsat çözüp oturyberýärler. Magtymguly Pyragy babatda-da şeýle delile ýüzlenilýän mahaly az däl. Meşhur şahyr atasynyň ogluna täsirini ýetirendiginiň juda bolup biljek ýagdaýdygyny inkär edip bolmaz. Emma Magtymgulyny şahyr hökmünde kemala getiren, taplan, ony filosofik ugra gönükdiren hem-de iň bir tragik geniniň derejesine ýetmäge iteklän ýagdaýy onuň «durmuş» diýip göz öňüne getiren zadyndan aldanandygy, ondan eden umydynyň çykmandygy, takdyryň şahsy zarbalarynyň awusy bilen gös-göni baglanyşdyrmak dogry bolsa gerek.
Magtymguludan nijeme asyr ozal Nowaýy adamyň agysyna aglamaýan adamy adam hasap etmeýändigini aýdyp geçipdir. Beýik şahyrlaryň ýörelgesini beýik arzuw birleşdirýär. Olar biziň indi «poeziýa» diýip atlandyrýan zadymyzyň teoriýasy düzülmänkä ýaşapdyrlar hem-de ýazypdyrlar. Emma olar halkyň parasat-pähimi, arzuw-islegi tutuş durkuna siňdirilende, diňe şonda poeziýanyň güýje girýändigine, ganat bekleýändigine, göreşmäge taýýardygyna hemmeden gowy düşünipdirler.
Elbetde, Magtymgulyny Magtymguly eden esasy zat onuň poeziýasynyň on iki süňňüne siňdirilen ynsanperwerlikdir. Öz kalbyňy başga kişiniň hesretine dagladyp bilmek, megerem, şahyrlygyň iň ilkinji şertidir, onuň şahyrçylyk agramyny ölçeýän iň ygtybarly ölçegidir. Bu şert ähli asyrlaryň, ähli halklaryň şahyrlaryna degişlidir. Aslynda, sungatyň ýüzi adamzat ony döredeli bäri ideala tarap ahyry. Magtymgulynyň ynsanperwerliginiň ruhuny şeýle äşgär beýan edýän aşakdaky iki setirine ýüzleneliň:
Peşe bilen pilni tutup, bu pelek oýun kylar,
Peşe diýip agyrtmagyl, içinde jany bardyr.
Poeziýanyň göçme manyly häsiýetine belet her bir okyjy bu setirlerde gürrüňiň diňe peşe bilen pil barada barmaýandygyna gowy düşünýändir. Biziň atalarymyz «Özüňi süýt saýsaň, alnyňdan çykan adamy gaýmak saý» diýip gulagymyza guýanlarynda, biz çagadyk, bu sözleriň düýp manysyna oňly düşünip bilmezdik, ýöne diňlärdik-de, baş atyp atyp oňaýardyk. Indi Magtymguly ýaly beýik şahsyň:
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr —
diýen şeýle pespäl, şeýle kiçigöwünli sözlerini okap, onuň barypýatan analitik tebigaty barada oýlanýarys. Hawa, beýikligiň oraşan bir alamatynyň pespällikdigine, sadalykdygyna, dogabitdi kiçigöwünlilikdigine ynanmazlyk mümkin däl. Ine, tebigatyň bu-da bir kanuny. Ilkinji gar beýik daglaryň depesine düşýär, duman daglaryň gerşine gonýar, bulutlar daglaryň egnine labyr atýar. Halkyň, il-günüň agyrysy-ynjysy hem, ilki bilen, halkyň şahyrlarynyň ýüregine sanjylýar, adalatsyzlygyň awusy, ilki bilen, şolaryň ýüregine ornaýar. Şahyryň ýüreginiň durmuşy duýup duran ygtybarly barometre meňzedilmeginde howaýylyk ýok bolarly.
* * *
Ýyldyzlar ýaly, beýik şahyrlaryň-da şöhlesi diňe öz topragyna, öz halkyna düşmek bilen çäklenmeýär. Biziň zamanamyzda her bir halkyň ruhy hazynasy adamzadyň iň pähimdar ogullarynyň goýan mirasynyň hasabyna görlüp-eşidilmedik derejede baýlaşdy. Biz Aristoteliň hem-de Danteniň, Nowaýynyň hem-de Puşkiniň, Baýronyň hem-de Firdöwsiniň, Şilleriň hem-de Balzagyň, Tolstoýyň hem-de Serwantesiň, Aýtmatowyň hem-de Gamzatowyň, Auezowyň hem-de Twardowskiniň ruhy dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik aldyk. Bu häzirki zaman okyjysynyň iň uly artykmaçlyklarynyň biridir. Biziň Magtymgulymyz hem bütin dünýäde tanalýar. Onuň parasadynyň güýji, akylynyň ýitiligi million-million okyjylary haýran galdyrýar. Beýik şahyr şeýle pukaralyk bilen: «Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, // Ýurdy Etrek, ili gökleň, ady Magtymguludyr» diýip ýazanda, wagtyň özüni adamzadyň iň pähimdar ogullarynyň hatarynda goýjakdygy babatda oýlanmadyk bolmagy gaty mümkin. Sebäbi beýle adamlar özi hakda oýlanmagy uslyp bilenoklar, olar il-gün üçin ömürlerini bagyş edýärler.
Magtymguly şöhratyň adamy bolan däldir. Ýyllaryň geçmegi bilen, şöhratyň özi ony yzarlap tapdy. Magtymguly özüniň ýalyna, ýyldyryma meňzeş ömründe ynsan mertebesiniň goragynda durdy, adamkärçiligiň beýik aýdymçysy boldy, halky agzybirlige, adamlary biri-birine ýakynlaşmaga çagyrdy.
* * *
Ýetginjeklik çaglarymyzda biz Magtymgulynyň kitabyny maňlaýyna sylýan ýaşululary kän görüpdik. Adamlar diňe gudratly zatlary şeýdip hormatlaýarlar. Şol mahallar biz çalasowat ata-babalarymyza beýik şahyryň ýazan goşgularyny okap berýärdik, ýöne özümiz welin, goşgularyň gudratyny duýup bilemzokdyk. Sebäbi biz o zatlara akyl ýetirerden ýaşdyk.
Magtymgula düşünmek üçin akylyň birneme goýalmagy talap edilýär eken. Emma oňa indi doly düşünýäris diýip aýtmaga-da miltimiz ýok.
Bir gezek Moskwadan gelen bir ýazyjy Magtymgulynyň ýubileýiniň geçiriljekdigini eşidipdir-de, onuň nähiliräk şahyrdygyny bizden sorady. Meniň geňirgenýändigimi görüp, ol ýene sowal berdi:
— Türkmeniň Puşkini diýýärler?!
— Ýok ol Puşkin däl, ol Magtymguly! — diýip, men seslendim.
Magtymgulyny okamadyk kişä onuň kimdigini düşündirmek kyn. Ony öz gudratynda terjime etmek bolsa mümkin däl. Şuňa garamazdan, Magtymgulynyň goşgularynyň bir bölegi rus diline dürli şahyrlar tarapyndan terjime edildi. Bu ugurda yhlas bilen işlän adamlar minnetdarlyga mynasypdyr. Onuň adamkärçilige eýlenen, biziň halkymyz üçin ahlak kanunyna öwrülen ölmez-ýitmez goşgulary bilen bir gezek tanşan adam soňra hiç haçan Magtymguludan örküni üzüp bilmez. Sebäbi beýik pähimdaryň poeziýasy adamkärçilik ugrundaky gaýduwsyz göreşini dowam etdirýär. Magtymguly häzirki döwürde hem iň zamanabap şahyrlygyna galýar.
Biziň halkymyzyň Magtymguly barada rowaýatlary döretmeginiň ýöne ýerden däldigini aýdasyň gelýär. Emma şol rowaýatlaryň hakykatyň serhedinden çykýan ýerini aňmak kyn. Sebäbi biz Magtymgulyny bu gezip ýören adamlardan başgaçarak görnüşde göz öňüne getirýäris, ony iň bir adaty beýik şahyrlardan hem ýokarrakda göz öňüne getirýäris:
Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Munda döwlet dönüp, duşmana gelgeý.
Muny diýýän adam kim bolup biler? Muňa diňe şahyr diýip bolmaz ahbeti!
Ýa-da:
Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar...
Magtymguly adamyň ýaradylyşyndaky kemterlik barada aýdýar, ol adam özüniň gowşak tarapyny bilmezek bolýar diýip aýdýar. Magtymguly bu sözler bilen diňe öz zamanadaşlaryna däl, bize-de ýüzlenýär. Biziň wezipämiz onuň goşgularyna haýran galmak däl-de, özümiz üçin şol goşgulardan netije çykarmakdyr. Adam özünden talabedijiligi iň soňky derejä çenli güýçlendirmese, öz-özüne gazaply daramasa, kämillige ýetip bilmez. Beýik pähimdar özüne ýüzlenip:
Magtymguly, ilki özüň düzetgil —
diýeninde muny söz owadanlamak üçin aýtmandygyna ynanmak bolar.
Elbetde, şindiki adamlar Magtymgulynyň döwründäki adamlar däl — adam has çylşyrymlaşdy. Durmuş özüniň üýtgewsiz kanunlaryna daýanyp, adamlary mahal-mahal garaşylmadyk synaglaryň astyna salýar.
Magtymgulynyň zamanabaplygy onuň adam baradaky filosofiýasy bilen baglanyşyklydyr. Çeper edebiýata ýöne ýere «adamy öwreniji senet» diýip at berilmeýär. Ynsan tebigatyna Magtymguly ýaly çuňňur göz ýetiren, şol tebigaty şeýle giň açyp görkezen şahyra seýrek duş gelinýär. Uly iliň agysyna Magtymguly ýaly ýanyp-bişen, şol adalatsyzlygy öz ýowuz asyrynda gazaply paş edip bilen şahyr hem kän däl. Beýik şahyrlaryň ykbalynda şahsy mertlik, edermenlik hiç haçan az rol oýnamandy.
Jemgyýetiň ýetip bilen derejesinden bir gez ýokary galan şahslar özüni ýeke duýýar, şonuň üçin-de, olara ýaşamak ýeňil düşenok diýýärler. Bu kesgitlemäniň Magtymguly Pyraga-da gös-göni degişlidigini tassyklamak bolar. Gowy adam hemmeleri özi ýalydyr öýdýär, soň ýaman adama gabat gelmegi olara biçak ýokuş degýär. Magtymguly ýaly beýikler bolsa şol ýaman adamlaryň nogsanyny-da öz nogsany hökmünde kabul edýär.
Magtymgulynyň ady «şahyr» hem-de «poeziýa» diýen düşünjelere täzeden garamaga bizi mejbur edýär. Şahyry öz döwrüniň, öz jemgyýetiniň ynsaby, namysy hasap edýärler. Şahyry adalatyň iň gaýduwsyz esgeri hökmünde görýärler. Özüniň şahyrdygyna ynanýanlar özleriniň agramyny taryhy wezipäniň şu belentligi bilen ölçäp görmelidirler. Şonda özümiziň ýeňil tarapymyzy görüp bileris. Ony boýun almak ýa-da almazlyk bolsa her kimiň mertligine bagly.
Häzir öwüt beriji goşgularyň möwriti geçdi diýen bir pikir bar. Emma edebiýatyň aňrybaş borjy öwretmek däl-de, başga nämemiş?! Adamyň adamkärçilikli bolmagyna, akylly-başly, edep-ekramly bolmagyna, ýokary ahlakly bolmagyna ýardam etmeýän edebiýat nähili edebiýatmyş?! Ýa-da hemmämiz akylyň aňrybaşyna ýetäýdikmikäk?! Beýle gedemlikden ykbal saklasyn!
Beýiklik pespällikden başlanýar. Biz şuňa-da Magtymgulynyň mysalynda göz ýetirýäris. Diýmek, pespällik hem döwrebap häsiýet bolmaly.
Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.