Türkmenistan 275 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmäge iberer
Golaýda hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly hajy Serdarymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, şu ýylyň 2 — 22-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin watandaşlarymyzyň 275-si Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda bolar. Degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly ruhy-ahlak ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň, munuň üçin döwlet tarapyndan zerur mümkinçilikleriň döredilýändiginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy.
Allatagalanyň öýüne — keramatly Käbä, mukaddes Mekge-Medinä zyýarat edip, haj parzyny berjaý etmek külli musulmanlaryň arzuwydyr. Ol ýerler tutuş yslam dünýäsinde iň mukaddes, keramatly ýerler hasaplanylýar. Olar yslamyň serweri — pygamberimiz Muhammet alaýhyssalamyň Watanynda ýerleşýär. Soňky ýyllarda adamzat ýaşaýşyna uly howp salan koronawirus pandemiýasy zerarly girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, zyýaratçylaryň haj parzyny berjaý etmegi üçin mümkinçilikler bolmady. Häzirki wagtda dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň gowulanmagynyň netijesinde dürli halklaryň wekillerinden ybarat musulman ymmatyny bir ýere jemleýän mukaddes Mekge-Medinä, keramatly Käbä zyýarat edip, haj parzyny berjaý etmek mümkinçiliginiň gaýtadan dikeldilmegi ähli zyýaratçylarda ruhy galkynyşy döredýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda boldy. Edil Gahryman Arkadagymyz ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň hem döwlet Baştutany wezipesine girişenden soňra daşary ýurda ilkinji saparyny Mekge-Medinäniň keramatly topragyna, yslam dünýäsindäki iň mukaddes ýerlere zyýarat etmekden başlamagy pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň päklik, şükranalyk, ynsanperwerlik, ýagşa ýaran bolmak, haýyr işi jäht tutmak, mukaddesliklere togap etmek ýaly ruhy-ahlak gymmatlyklaryna uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Zyýarat saparynyň çäklerinde, iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede hormatly Prezidentimiz üçin mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamaga ýörite mümkinçilik döredildi. Türkmen halkynyň taryhynda ilkinji gezek şeýle mümkinçilik 2016-njy ýylyň maý aýynda mukaddes Käbä zyýaraty wagtynda Gahryman, hajy Arkadagymyza döredilipdi. Seýrek duşýan bu mümkinçilik musulman dünýäsinde türkmen halkyna, hajy Arkadagymyza, Arkadagly hajy Serdarymyza belent hormat-sarpa goýulýandygyny ähli aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Taryhy maglumatlara ser salanyňda, yslam dininiň dünýä ýaýradylmagynda, dünýä dinleriniň birine öwrülmeginde, onuň goragynda durmakda türkmenleriň bitiren hyzmatlarynyň örän uly bolandygyna göz ýetirýärsiň. Halkymyz hut şol taryhy hyzmatlary üçin hem yslam dünýäsinde şeýle belent hormatyň, abraý-mertebäniň eýesidir. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, geçmişi beýik milletiň geljegi-de beýikdir.
Arkadagly Serdarymyz mukaddes Käbeden keramatly nyşan, çuňňur hormat-sarpanyň aýdyň beýany hökmünde özüne gowşurylan teperrigi ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýerleşýän Gurbanguly hajy metjidinde goýdurdy. Golaýda hormatly Prezidentimiz welaýata amala aşyran toý saparynyň çäklerinde bu ýerde bolanynda, mukaddes teperrigi ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň metjitlerinde-de gezekli-gezegine goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Watandaşlarymyz mukaddes teperrigi ýüze sylyp, hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň rowaç almagyny, ýurdumyzyň asudalygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyny dileg etdiler. Munuň özi parasatly halkymyzda yslamyň mukaddes gymmatlyklaryna belent hormat-sarpa goýulýandygynyň ýene bir aýdyň ýüze çykmasy boldy.
Haj her bir musulmanyň hökman ýerine ýetirmeli bäş parzynyň biridir. Şoňa görä-de, ony arzuw etmeýän, ýüreginde beslemeýän musulman ýokdur. Gahryman Arkadagymyz halkymyza peşgeş beren «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynyň «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat» atly bölüminde muny turuwbaşdan nygtaýar. Musulmançylygyň yslam dininiň döremeginden ozalky döwürlerdäki türkmençilik ýol-ýörelgeleri bilen hem ugurdaş, meňzeş many-mazmunly däp-dessurlaryny birkemsiz berjaý edýän türkmen halky şeýle hökmany parzdyr borçlaryna uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, mukaddes Käbä diňe teniňi däl, eýsem, kalbyňy-da päkläp barmagy zerur hasaplaýar. Hajy Arkadagymyz öz kitabynda mukaddes topraga arassa duýgy-düşünjeler bilen aýak basmalydygyny nygtaýar.
Hajy Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, mukaddesliklere togap etmek, öten-geçenleri hatyralamak, geçmişe, mirasa sarpa goýmak ýaly asylly ýol-ýörelgeleri barha rowaçlanýar. Haýyr-sahawatly çözgütler esasynda, howandarlyga mätäç çagalara goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ilatyň haýyşy boýunça ýurdumyzyň sebitlerinde, has anygy, Ahal welaýatynyň Änew, Balkan welaýatynyň Hazar şäherlerinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent, Lebap welaýatynyň Döwletli etraplarynda, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde täze metjitleriň hem-de olaryň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen binalaryň gurulmagy ýaly belent ynsanperwer işler, şeýle-de Ahal welaýatynyň häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan täze edara ediş merkeziniň çäginde birbada 5,5 müň adamyň namaza durmagyna mümkinçilik berjek metjidi gurmak baradaky teklibiň makullanylmagy munuň aýdyň mysallarydyr. Watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, hemmetaraplaýyn kämil ýaş nesilleri terbiýelemekde şeýle ynsanperwer işlere uly ähmiýet berilýär. Şeýle işleriň dowamat-dowam bolýandygy üçin agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýar.
Goý, mukaddes Mekge-Medinä zyýarata ugrajak watandaşlarymyzyň sapary üstünlikli geçsin! Olaryň ata Watanymyzyň asudalygy, döwletimiziň berkararlygy, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagy, halkymyzyň abadan durmuşynyň, bolelin ýaşaýşynyň dowamat-dowam bolmagy üçin etjek doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».