Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

Köp ýyllaryň dowamynda Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsir etmegi deri bozulmalaryna — fotogarramak hadysasyna getirýär. Fotogarramak erkeklerde-de, aýallarda-da duş gelýär. Fotogarrylygyň alamatlary 40 ýaşdan soň ýüze çykyp başlaýar, emma degişli çäreler berjaý edilende, onuň öňüni almak mümkindir. 
Zeperlenmeler, köplenç adamyň ýüzünde, boýnunyň ýeňse ýüzünde, elleriniň arka tarapynda ýüze çykýar, ol ýerlerde deriniň görnüşi, durky, reňki üýtgäp bilýär. Deri gowşak, myssaran, maýyşgak däl, edil ýukalan, gurak, dürli tegmilli, reňki üýtgän ýaly bolup görünýär. Zeperlenmeler deride dürli görnüşli örgünleriň örmegi bilen ýüze çykýar, meselem, deriniň gyzaran ýerliginde örgünleriň düwürtik ýa-da gabarçak görnüşinde örmegi mümkin. Bu alamatlar her ýylda deriniň açyk ýerlerinde şol bir görnüşde, Gün şöhlesiniň ýiti döwri 7 — 10 günüň dowamynda gaýtalanýar. Tomus günleri Gün şöhlesiniň täsiriniň astynda yzygiderli bolnanda, deriniň Gün şöhlesine duýgurlygy peselýär. Köp näsaglaryň keseliniň ýitileşmegi her tomus gaýtalanýar.
Deriniň Gün şöhlesiniň täsiriniň netijesinde wagtyndan ozal garramaklyga sezewar bolmagynyň öňüni almak üçin durmuşda birnäçe şertleri berjaý etmeli:
— Günüň aşagynda bolmagy çäklendirmeli;
— Günden goraýan eşikleri (meselem uzyn ýeňli, açyk reňkli nah matadan tikilen köýnekleri, ýaglyk, başgap) geýmeli, saýawan götermeli;
— tomus günleri Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goraýan serişdeleri ulanmaly;
— her bir adamyň özi, kiçi çagalarda ejesi deriniň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaly, üýtgeşmeler peýda bolanda, deri lukmanyna ýüz tutmaly;
— Gün şöhlesinden goraýan dürli serişdeleri deri lukmanynyň maslahaty boýunça peýdalanmaly;
— yssy howaly ýurtlarda bolsa Günüň ýiti şöhlesiniň täsirini göz öňünde tutup, deri keselleriniň (fotodermatit, fotogarramak, Günli iteşen, Günli ekzema, Günli dowamly gijilewük, ýagny allergiýa ýaly, deriniň melanomasy, tegmilleriň döremegi, ýakal düşmekligi we ş.m.) öňüni almak üçin ýaz aýlaryndan, ýagny mart aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, göni düşýän Gün şöhlesinden goranmaly;
— deriniň sagdynlygyny saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň, dogry iýmitlenmegiň ähmiýetiniň uludygyny göz öňünde tutmaly.
Gülnar MÄMMEDOWA, 
Ýokanç keselleri merkezleri 
müdiriýetiniň Merkezi 
deri-wenerologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri.