NESILLERIŇ ARASYNDAKY RUHY KÖPRI

Gadymy Mary topragynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň maksatnamasyna çäreleriň dördüsi girizildi. Welaýat merkezinde körpe nesilleriň “Zehinlije körpe” atly baýramçylyk dabarasy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň döredijilik toparlary bilen bilelikde türkmen we daşary ýurt nusgawy eserleriniň konserti, mekdebiň talyplarydyr mugallymlary bilen wokal sungaty boýunça geçen ussatlyk sapagy, şeýle-de Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen döredijiik duşuşygy geçirildi. Ýolöten etrabynda bolsa Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň “Bakyş” hem-de “Hajygolak” atly täze filmleri görkezildi. Biz welaýat merkezinde geçirilen çärelere gatnaşyp, tereň täsirlerden ýükümizi tutduk.
Maksadymyz dabaralaryň geçirilişi barada diňe maglumat bermek däl-de, hepdeligiň ikinji gününiň maksatnamasynda nesilleriň sazlaşygynyň göz öňünde tutulandygyna ünsüňizi çekmekdir. Günüň birinji ýarymynda çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdik. Aşyr dädäniň we türkmen ertekiler dünýäsiniň iň meşhur gahrymanlarynyň biri bolan Ýartygulagyň bilelikde alyp baran dabarasyndaky çykyşlar özüne şeýle bir baglaýar welin, körpe zehinleriň her birine ör turup el çarpyberesiň gelýär. Ilkinji pursatlardan tä tamamlanýança, hyýallaryňy çagalyk dünýäsine alyp gidýän çykyşlar milli sungatymyzyň geljeginiň şeýle zehinli çagalaryň elindedigini tassyklap, guwanjyňy artdyrýar.
Günüň ikinji ýarymynda bolsa ýaşuly nesliň iki wekiliniň ýaşlar bilen duşuşygyna şaýat bolduk. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ýaly ussatlarymyz, hakykatdan-da, bu günki sungatsöýer nesiller üçin nusgalyk görelde. Halypalaryň ylham akabasyndan dörän eserleri diňläp, gulagyň gananok. Olaryň ýaşlara berýän öwüt-nesihatlary hem uly durmuş we sungat mekdebiniň sapaklary.
Şeýlelikde, düýnki gatnaşan dabaralarymyz ýurdumyzyň körpe we ýaşuly nesilleriniň arasyndaky ajaýyp sazlaşygy emele getirendigi bilen aýratyn ýatda galdy.
Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gözel Annahanowa:
— Türkmen wokal sungatynyň Atageldi Garýagdyýew ýaly ägirdi bilen bir sahnada çykyş etmek, halypanyň ussatlyk maslahatlaryny diňlemek biziň üçin Medeniýet hepdeliginiň iň ýakymly, iň täsirli pursatlary boldy. Halypanyň aýdymlary bize hemişe ylham berip geldi. Bu gün sungat ussadynyň özüniň meşhur aýdymlaryny mekdebimiziň mugallymlary we talyplary bilen ýerine ýetirmegi biziň üçin hem uly baýramçylyk, hem uly synag boldy — diýip, köňül täsirlerini paýlaşmak bilen, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy ugrunda döredip berýän ähli şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Şatlyk Akmyradow bolsa bu bilim ojagynda geçirilen duşuşyk barada şeýle gürrüň berdi:
— Biziň ýokary okuw mekdebimizde, esasan, energetikleriň taýýarlanylýandygyna garamazdan, mugallymlarymyzdyr talyplaryň arasynda döredijilik bilen meşgullanýanlary hem kän. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa bilen bolan duşuşyk olar üçin uly ähmiýete eýe boldy. Duşuşyga Medeniýet hepdeligine gelen ýazyjy-şahyrlaryň hem gatnaşmagy onuň täsirliligini has-da artdyrdy.
Ýokary okuw mekdebimiziň döredijilik bilen meşgullanýan mugallymlarydyr talyplarynyň we işgärleriniň şygyrlar ýygyndysynyň çapdan çykanyna kän wagt geçenok. Şol ýygyndynyň giriş sözlerini hem Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa ýazypdy.
Milli medeniýetimize we edebiýatymyza uly sarpa goýýan, olaryň döwrüň talabyna laýyk ösdürilmegi ugrunda ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Agageldi ITALMAZOW.
“Türkmenistan”.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.