Ýüpek gurçugynyň täze görnüşi synag edildi

Ýakynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty hasaplanýan oba hojalyk pudagynda ýüpek gurçugyndan piläniň reňkli görnüşlerini almakda synag işleriniň geçirilendigi baradaky hoş habar halkymyza ýetirildi. Bu hoş habary eşiden badymyza ýüpek gurçugyndan reňkli piläni almaga gatnaşan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Pile kabul ediş we guradyş kärhanasynyň müdiri Seýitmyrat Durdymyradow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.
— Seýitmyrat, mälim bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň pileçileri Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak ýüpek gurçugynyň pilesini tabşyryp, uly üstünlik gazandylar. Elbetde, bu üstünlige her bir pileçi şärik diýsek, ýalňyşmarys. Çünki ýurdumyzyň dokma senagaty, pile kabul edýän we guradýan, piläni gaýtadan işleýän kärhanalary üçin çig malyň — piläniň bereketli harmanyny döretmekde Gökdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri hem billerini berk guşap, zähmet çekdiler. Pursatdan peýdalanyp, bu zähmet üstünligi bilen sizi we ähli pileçi kärendeçileri gutlaýarys. Biz şu wagta çenli piläniň diňe adaty — ak görnüşiniň bardygyny bilýärdik. Ylmyň ösmegi we oba hojalykçy alymlaryň irginsiz ylmy gözlegleri esasynda piläniň reňkli görnüşini öndürmek hem ýola goýlupdyr, üstesine-de, reňkli piläni almak üçin ilkinji synag işleri siziň kärhanaňyzda geçirilipdir. Bu işler dogrusynda gürrüň beräýseňiz?!
— Gutlagyňyz üçin sag boluň! Arkadagly Serdarymyzyň goldaw bermeginde bu gazanylan üstünlikler, hakykatdan-da, ýurdumyzyň ähli pileçi kärendeçileriniň asylly zähmetleriniň miwesidir. Sebäbi ýakynda tutuş ýurt boýunça pile tabşyrmagyň şertnamalaýyn borçnamasy artygy bilen berjaý edildi. Bu işe etrabymyzyň kärhanasy-da saldamly goşandyny goşdy. Etrabymyz welaýat boýunça ilkinjileriň hatarynda pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany 40 tonna 85 kilogram, ýagny 100,2 göterime ýetirmegi başardy. Etrapda 500-e golaý pileçi kärendeçimiz bar. Bu aýdanlarymyz biziň uly üstünligimiz. Indi synag geçirilen ýüpek gurçuklary we olardan alnan reňkli pileler barada gürrüň bereýin.
Şu ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolan «Türkmenýüpek» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Hytaý Halk Respublikasy bilen öňden baglaşylan şertnamasy esasynda ýüpek gurçugynyň täze tohumy satyn alnyp, onuň 5 gutusy kärhanamyza synag geçirmek üçin berildi. Synag geçirilen döwründe ýüpek gurçuklarynyň bu täze görnüşiniň adaty, ýylba-ýyl özümizde ak piläni saraýan ýüpek gurçuklaryndan tapawutly taraplary bar.
Bu ýüpek gurçuklarynyň bir aýratyn tapawudy, pile saraýan döwrüne girişenlerinde, pile ýüplükleriniň reňkiniň tebigy sary we gülgüne reňklerde bolmagydyr. Ýüpek gurçuklarynyň bu täze görnüşleriniň biologiki gurluş aýratynlygy olara reňkli piläni saramaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, bir gutudan 40 kilogramdan gowrak pile alynýan bolsa, synag geçiren gutularymyzyň her birisinden 96 kilograma golaý pile aldyk. Netijede, reňkli pile berýän ýüpek gurçuklaryny biziň ýurdumyzda hem idedip, oňat netije alyp boljakdygy iş ýüzünde subut edildi.
Şular ýaly ýüpek gurçuklarynyň täze tohumlarynyň önümçilige girizilmegi dokma toplumynyň işini köp babatda ýeňilleşdirer. Şeýle synag işleri geljek ýyllarda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem geçiriler. Ýurt boýunça geçirilen synag işleri oňat netije berse, geljekde onuň önümçilige giriziljekdigini ynam bilen aýdyp bileris. Bu bolsa häzirki wagtda ýurt boýunça alan pilämiziň görkezijisini has-da artdyrar.
— Biziň bilen söhbetdeş bolup, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Geljekde-de ýurdumyzy ýüpek gurçugynyň pilesi bilen üpjün etmekde çekýän asylly zähmetiňizde üstünlikler hemra bolsun!
— Sag boluň! Işlemäge, agrosenagat pudagyny hem-de önümçilik senagatyny ösdürmäge uly mümkinçilikleri we şertleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».