Döredijilik adamy hemişe täzeçilligiň gözleginde bolýar. Ol öz döredijilik ummanyny kürekläp ýörşüne her gezek özboluşly we özüneçekiji eserleri döredýär.
Bu eserler dörediji ynsanda ýaşaýşa bolan söýgini döredýär, kämillige tarap ýol arçaýar. Dörediji öz eseri bilen okyjynyň, diňleýjiniň ýüregine girip, kalbynyň taryny kakyp bilse, oňa mundan uly bagt ýok. Şeýle isleg-arzuwlar her bir medeniýet we sungat adamsynyň baş maksadydyr.
Halk arasynda at alyp, özüni ykrar etdiren ýa-da döredijilik dünýäsiniň bosagasyndan ýaňy ädim äden bolsun, parhy ýok, islendik döredijilik işgäri öz ukyp-başarnygyna daýanyp, döredijilik mümkinçiligine köp yhlas siňdirip, Watanyny, halkynyň milli däp-dessurlaryny, medeniýetini wasp edýär, onuň dünýä ýaýylmagyna, döwrebaplaşmagyna goşant goşýar.
Döwletiň medeniýet ulgamyna berýän ünsüniň düýp özeni-de, dünýä halklary bilen jebisligi — medeni gatnaşyklary saklamakdan ybaratdyr. Köki taryhyň uzak geçmişine uzaýan ebedi dost-doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda dürli ugurlarda çygrynyň giňelip gitmegi hem medeni gatnaşyklar bilen aýrylmaz baglydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr!» diýip belleýşi ýaly, medeniýetimiziň görlüp-eşidilmedik ajaýyplyklary dünýä ýaýylyp, halklaryň kalbyna ýol salýar. Biziň halkymyzyň medeni däp-dessurlary dostlugyň, agzybirligiň, bitewüligiň, birek-birege ynanyşmagyň çagyryşy bolup, bütin älem-jahana ýaň salýar. Hemişe parahatçylygyň jarçysy hökmünde gatnaşyklary ebedileşdirýär.
Medeniýet ulgamynyň şanyna hepdeläp toýlanýan toýlar dünýä döwletlerinde az-az bolsa gerek. Biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiligine goýulýan sarpanyň nyşany hökmünde dabarasy dag aşýan toýlar bellenilýär. Ýakymam, ýalkymam üýtgeşik bolan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni halkymyzyň köňlüniň senasyna öwrülip, dabaralanyşy bilen ýüreklerde uly orun alýar. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan şeýle toýlar toýlara ulaşyp, agzybirligimizi, dostanalygymyzy pugtalandyrýar, göwnaçyklyga, ruhubelentlige, maksadaokgunlylyga, belent sepgitlere atarýar. Her bir döredijilik adamsynyň durmuşynda täze sahypany açýar. Täze eserleridir aýdym-sazlary döretmekde, şygyr çemenini bogmakda ylham daragtyny gülledýär.
Halkymyzda «Şägirtsiz halypa, halypasyz şägirt bolmaz» diýen düşünje heňňamlar aşyp, biziň şu günlerimizde hem ýörgünli. Munuň özeninde çuň many bar. Islendik käriň, hünäriň nesilme-nesil geçirilmeginiň gözbaşy hem hut şu ýol-ýörelgeden gaýdýar. Biziň bu gün ýolumyzy açyk-aýdyň görkezýän hem ugrukdyrýan, ädimlerimizde ösüşleri salgy berýän Halypamyz bar. Medeniýetiň we sungatyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyz bar. Goý, aýdymçy bolaly, ýazyjy ýa-da şahyr bolaly, biziň üçin nusgalyk mekdebi döreden milli Liderimiziň göreldesi durmuşymyza şamçyragdyr.
Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň her bir ülşüniň halkymyzyň durmuşy bilen arabaglanyşdyrylmagy, müdimileşdirilmegi, edil daşa ýazylan ýaly baky möhürlenilmegi — şan-şöhratly pederlerimiziň yhlasyna berilýän uly sarpadyr, belent mertebedir. Çünki milli mirasymyzyň şu güne çenli hoşalap çöplenen ähli gymmatlyklary halkymyzyň geçmişine bolan ygrarydyr, geljegine ynamydyr.
Watanymyzyň berk binýatlylygyny pugtalandyrýan sarsmaz sütünleriň biri medeniýetdir. Medeniýet halkymyzyň başynyň täjidir, ýüzüniň tuwagydyr, kalbynyň senasydyr, baýlygydyr, gymmatlygydyr. Diline, dinine garamazdan, islendik halk bilen jebisleşdirýän, ýakynlaşdyrýan, ýürekdeşe öwürýän köprüdir. Bu gün bolsa şol köpriniň üsti bilen dostana gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny, hoşniýetli söhbetleriň üznüksizdigini buýsanç bilen belläsimiz gelýär.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda buýsançly, guwançly duýgulara atarýan medeniýet günlerimizi belleýäris. Milli medeniýetimiziň gülläp ösmeginde, dünýä ýaýylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň uly tutumlaryny dowamat-dowam eýleýän, rowaçly menzillere sary alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, toýlarymyz toýlara ulaşsyn!
Nartäç HAÝTGULYÝEWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.