NEBIT ÖNÜMLERINIŇ DÖWREBAP DESGASY

Düýn Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda önümçilik maksatly täze desganyň açylyş dabarasy boldy. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Ýolöten nebit önümleri kärhanasynyň täze açylan bu döwrebap desgasyny «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat bölüminiň gurluşykçylary bina etdiler. Bu ýerde ýerleşdirilen 31 sany çelek 14 müň 900 kub metr ýangyjy saklamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da täze binada birbada 8 sany awtoulaga ýangyç guýmaga mümkinçiligi bolan estakada gurlupdyr. Şeýle-de 26 sany awtoulaga niýetlenilen ulagjaý göz öňünde tutulypdyr. Täze gurlan nebit önümleri kärhanasyna Soltanbent menzilinden demir ýol şahasy hem çekilipdir. Bu ýerde birbada 10 sany demir ýol çelegini kabul edip bilýän guýujy estakada gurlupdyr. Ýangyn howpunyň öňüni almak bilen baglanyşykly Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň ýöriteleşdirilen binasy bolup, ol iki sany ýangyn söndüriji awtoulaga niýetlenendir. Şeýle-de 2 sany ýangyna garşy suw howzy göz öňünde tutulypdyr. 
Täze binanyň gurluş aýratynlyklary barada gürrüň bermegini sorap, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat bölüminiň ýolbaşçysy Maksat Meretdurdyýewe ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: 
— Ýolöten nebit önümleri kärhanasynyň täze binasynyň jemi tutýan meýdany 8 gektara barabar bolup, onda edaranyň dolandyryş binasy ýerleşýär. Binada işlemek üçin ähli amatly şertler döredilen. Otaglaryň ählisi-de döwrebap iş otaglary bolup, olar häzirki zamanyň iň kämil kompýuter, innowasion tehnologiýalary, internet ulgamy we enjamlar bilen üpjün edilen. Bu bolsa işleri döwrebap derejede, talabalaýyk alyp barmaga uly ýardam berýär.
Bu gün biziň üçin goşa baýram, goşa toý. Biziň täze binany açyp işe girizen günümiz hormatly Prezidentimiziň Şa gadamy Mary welaýatyna düşdi. Arkadagly Serdarymyzyň öz toý saparynyň çäginde kärendeçi bilen duşuşmagy, Gurbanguly hajy metjidinde bolmagy, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenilip bina edilen 3 müň orunlyk täze desgany açyp bermegi toý şatlygymyza şatlyk goşdy. Biz — gurluşykçylara gurmaga, döretmäge, bina galdyrmaga ak ýollary açyp berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! 
(Öz habarçymyz). 
Surata düşüren Azym ŞEKEROW..