Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Seýed Ebrahim Raisiniň arasyndaky gepleşikler

Tähran — Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy döwle-tiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olaryň gün tertibine tagalla-lary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, se-bitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleri girizildi.
Häzirki döwürde ýakyn goňşy ýurt bilen hyzmatdaşlyk diňe bir özara bähbitli esasda däl, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar ikita-raplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine güýçli itergi bolup, bilelikdäki işleriň netijeleri bo-ýunça toplanan tejribeleri, bar bolan serişde hem-de ykdysady mümkinçilikleri nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan çemeleşmeleri kesgitlemekde oňyn şertleri üpjün etdi.
...Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni sapar mahalynda bolýan “Serwestan” bina-syndan “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň öňündäki meýdança-da belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Seýed Ebrahim Raisi birek-birek bilen doganlarça görüşdiler.
Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşanlaryndan soň, haly düşelen ýoda bilen meýdançanyň mer-kezine geçdiler. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly nyzama düzüldiler. Türkmenis-tanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy. Belent mertebeli türkmen myhmanyna harbylar uly hormat bildirýärler. Iki ýurduň Prezidentleri Hormat garawulynyň ser-kerdesiniň hasabatyny kabul edip, Eýranyň Döwlet baýdagyna hormatyň nyşany hökmünde tag-zym edýärler hem-de hatara düzülen esgerleriň öňünden geçýärler.
Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Eýranyň Baştutany belent mertebeli myhmany köşge ça-gyrýar. Bu ýerde Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy öz ýurdunyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baş-tutanymyz, öz gezeginde, eýranly kärdeşini Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bi-len tanyşdyrdy.
Soňra iki ýurduň Liderleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy boldy.
Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasyna gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de belent mertebeli türkmen myhmanyny Tähranda görýändigine şatdygyny nygtady. Eýranyň halky dost-lukly türkmen halkynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine guwanýar. Eýran Ys-lam Respublikasynyň Prezidentiniň aýdyşy ýaly, onuň ýurdunda döwlet Baştutanymyzyň bu sa-paryna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gezekki gepleşikler netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň pugta binýadyny emele getirýän gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsiz-digini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we eýran topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, şu ýyl Türk-menistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulma-gyna 30 ýylyň dolýandygyny belledi. Şu ýyllaryň içinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilendigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz Prezident Seýed Ebra-him Raisini bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýä döwletleri, ilkinji no-batda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ös-dürmäge we berkitmäge uly üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Bu gatnaşyklar häzirki wagta çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen birnäçe döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarda öz beýanyny tapdy.
Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda oňyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellenildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türk-men-eýran hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir, onuň çäklerinde ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri, iki goňşy ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara fes-tiwallardyr sergiler munuň mysaly bolup durýar. Iki dostlukly ýurduň iri halkara we sebit gurama-larynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsi-ýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Eý-ran bilen gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny nygtady we dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary berkitmek babatda edýän şahsy tagallasy, aýratyn ünsi üçin Prezident Se-ýed Ebrahim Raisä minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Şeýle-de ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýul-ýan hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça işjeň pikir alşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän sebi-tara we halkara syýasatyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Türkmen myhmanlary bilen mähirli salamlaşyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisi Eýranyň özüniň ygtybarly hyzmatdaşy we hoşniýetli dosty hasaplaýan goňşusy bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de wekilçilikli toparyny kabul etmäge hemişe şatdygyny nygta-dy. Eýran Lideri nobatdaky saparyň goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň iň ýokary wezipede Tährana guran ilkinji saparydygyny nygtap, bu gezekki gepleşikleriň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarylan ikitaraplaýyn syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.
Eýran-türkmen hyzmatdaşlygynyň özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesine daýanýan ygtybarly binýadynyň bardygyny belläp, Eýranyň Baştutany onuň ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary barada aýdyp, Prezident Seýed Ebra-him Raisi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyk-lanmalarynyň syýasy erke esaslanýandygyny nygtady. Bu maksatlar degişli Ylalaşyklar we Äht-namalar bilen berkidilen şertnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer.
Ulag-kommunikasiýa pudagy we energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurla-rynyň biri hökmünde görkezildi. Soňky ýyllarda emele gelen düzümleriň mümkinçilikleriniň neti-jeli peýdalanylmagy bu ugurdaky gatnaşyklaryň berkidilmegine täsirini ýetirer. Bar bolan müm-kinçilikleri durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy ýakyn wagtda söwda-ykdysady ugurdaky eýran-türkmen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün eder we özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrar, pudaklaryň köpugurly esasda ösdüril-megine giň ýol açar.
Ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Dün-ýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan eýran we türkmen halklarynyň baý taryhy-medeni mirasy bu babatda oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.
Halkara syýasatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň çözgüdine bolan garaýyşlaryň we çemeleş-meleriň ýakyndygyny kanagatlanma bilen belläp, Prezident Seýed Ebrahim Raisi taraplaryň sebit-de parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, özara ynanyşmak we düşünişmek ýag-daýyny emele getirmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalarynyň ähmiýetlidigini aýratyn nygtady. Tähranda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň iki goňşy döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, Eý-ranyň Baştutany çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylap, görkezen myhmansöýerligi hem-de bilelikde işlemäge döreden oňaýly şertleri üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baş-tutanymyz, ilki bilen, bu saparyň Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde Eýrana amala aşyran ilkinji resmi saparydygyny belläp, onuň şu günki duşuşyga aýratyn many berjekdigine ünsi çekdi.
Iki halkyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we özara düşünişmek gatnaşyklary-nyň berkidilýändigi we ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdy-sady hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi berilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegine zerur şertler döredilýär. Döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.
Daşary syýasy ugurda, ilkinji nobatda, halkara we sebit howpsuzlygyny, durnuklylygyny berkit-mek bilen bagly garaýyşlar netijeli özara hereketleriň esasy bolup durýar. Häzirki şertlerde ýurtla-rymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyz-matdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklary-ny mundan beýläk-de giňeltmek möhüm bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň bitarap daşary syýasa-tyny yzygiderli goldaýandygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türk-menistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen Kararnamalaryň kabul edilmeginde awtordaş bolup çykyş edendigi üçin Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin di-ýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Biziň syýasy we diplomatik ugurdaky özara hereketlerimizde häzirki zamanyň howplaryna — halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmäge esasy orun berilýär. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky döwlet serhedi dostlugyň we hoşniýetliligiň serhedidir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky serhet we beýleki degişli ul-gamlardaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly ähli meseleleri düýpli ara alyp maslahatlaşmak zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisiniň geçirilmegi teklip edildi.
Döwletara gatnaşyklarymyzda Hazar deňzini parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşdyryjy-lyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňişligine öwürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Doly kuwwa-tynda işleýän Hazar ulag ulgamynyň döredilmeginiň biziň ýurtlarymyzdan birnäçe ýöriteleşen wezipeleriň çözülmegini talap edýändigi gürrüňsizdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň hyzmatdaşlar bilen nyrh ýeňilliklerini hödürlemek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, milli operatorlaryň arasynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmak ýaly, möhüm meseleler boýunça işe başlamaga taýýardygyny nygtady.
Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek, ekologiýa, innowasiýalar we ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy babatda aý-dyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu wezipeleriň ählisiniň şu ýyl Türkmenis-tanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň dowa-mynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.
Owganystana ýardam etmek boýunça halkara tagallalary işjeň goldamak bilen, goňşy ýurtlar bo-lup, owgan meselesi boýunça işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellemek isleýä-rin. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Eýranyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyny geçirmek mümkinçiligine seredilmegini teklip edýärin diýip, hor-matly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwletara gatnaşyklar barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz şu günki gepleşiklere iki ýurduň ara-syndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berýän waka hökmünde doly esas bi-len garalýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamyny uzak möhletleýin hyzmat-daşlygyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda kesgitlemek bilen, biziň ýurdumyzyň Eýrany Demirga-zyk — Günorta demir ýoly boýunça Pars aýlagynyň portlaryna çenli iň gysga ýol hökmünde esa-sy hyzmatdaşy hasaplaýandygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek maksa-dy bilen, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ägirt uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek baradaky başlan-gyç öňe sürüldi.
Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny gysga wagtda durmuşa geçirmek üçin tagallalaryň güýçlendirilmegi zerur bolup durýar. Mälim bolşy ýa-ly, bu taslama Hindistan we Gazagystan hem resmi taýdan goşuldy. Biziň döwletlerimiziň ara-synda gazy «swop» görnüşinde ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berlip, iki ýurduň degişli edaralaryna gazyň «swop» boýunça üçünji ýurtlara iberilmeginiň öwrenilmegi tek-lip edildi.
Elektrik energiýasy pudagynda iki ýurduň arasyndaky Mary — Maşat ýokary woltly elektrik ul-gamynyň eýran böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny hem-de ulanmaga taýýardygyny göz öňünde tutup, häzirki wagtda bu ulgamyň türkmen böleginiň gurluşygyna ýakyn wagtda başla-mak meselesine seredilýär. Türkmenistan şu ýyl Eýranyň energoulgamy arkaly türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlara ibermäge başlamagy teklip edýär.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygy we suw pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly geljegiň bardygy-ny aýdyp, bu babatda “Dostluk” suw howdanynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak meselelerine ünsi çekdi hem-de Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça bilelikdäki utgaşdyryjy toparyň döredilmegini teklip etdi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatna-şyklaryň işjeňleşdirilmegi we hil taýdan ösdürilmegi üçin, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türk-men-eýran hökümetara toparynyň işine aýratyn jogapkärçilik düşýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň güýzünde bu toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, netijeli işlemek üçin döredi-len mümkinçilik we özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bolan gyzyklan-malar, şeýle-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin, Prezident Seýed Ebrahim Raisä we EYR-nyň wekiliýetiniň agzalaryna minnetdarlyk bildir-di. Eýranyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edildi.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Pre-zidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki komiteti döretmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrli-gi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Maýa goýumlar, ykdysady we tehniki kömek boýunça gu-ramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eý-ran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda ylmy, medeni, dö-redijilik we bilim taýdan alyşmagyň Maksatnamasy; Hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenista-nyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) arasynda özara dü-şünişmek hakynda Ähtnama; Daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türk-menistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasy-nyň Daşky gurşaw departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdy-sady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkim-ligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gü-lüstan welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysa-dy, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Şomali welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary düýn Tähranda eýran kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyz-matdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça resmina-malar toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda gümrük edaralary boýunça özara gatnaşyklar bi-len baglanyşykly ylalaşyklar bar. Ol Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyş-magyň tehniki şertlerini öz içine alýar. Durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça degişli ylala-şyklar gazanyldy. Şunda Zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministr-ligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwler, zähmet we durmuş abadançylygy mi-nistrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde iki ýurduň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Habar beriş agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Äht-nama gol çekildi. Medeni-ynsanperwer, hususan-da, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýaz-malar instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arhiwler we milli kitaphana guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Şeýle-de ýurtlarymyz ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmi-ýet berýärler. Tähranda degişli düzümleriň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda bu ugur-daky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we «Türkmenista-nyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Eýran Yslam Respublikasy-nyň «Rasan Rail Pars Co.» hem-de «Wagon Bar Caspian» kompaniýalarynyň arasynda halkara ýük daşamalar babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Ýurdumyzyň işewür düzümleriniň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Eýran Yslam Res-publikasynyň Kiçi kärhanalar we senagat şäherçeleri guramasynyň arasynda özara düşünişmek ha-kynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek gerek.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary metbugat üçin gysgaça ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, Eýranyň Baştutany Seýed Ebra-him Raisi Tährana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin, hormatly Prezidenti-miz Serdar Berdimuhamedowa we ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalaryna hoşallyk bildir-di. Bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi bellenildi. Eýranyň Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklar diňe bir goňşu-çylyk gatnaşyklary bolman, eýsem, doganlyk, medeni hyzmatdaşlygyň pugta binýadydyr.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe eýran-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet be-rendigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň Prezidenti 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda hormatly Arkadagymyz bilen geçiren duşuşygyny aýratyn mähir bilen ýatla-dy. Onuň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklan-ma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ulag, aragatnaşyk, söwda-ykdysady, suw we gaz ulgamlary, elektroenergetika ugurlary boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirdi.
Işjeň we dostlukly ýagdaýda geçirilen şu gezekki gepleşikler, sözüň doly manysynda, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezdi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyry emele getirdi diýip, Prezident Se-ýed Ebrahim Raisi nygtady hem-de gol çekilen resminamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi-niň eýran-türkmen gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şu gezekki geçirilen gepleşikleriň çäklerinde gol çekilen resminamalar geljek 20 ýyl üçin döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Tähranyň we Aşgabadyň möhüm orun eýeleýändiklerini görkezdi. Munuň özi taraplaryň eýran-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge bo-lan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýokary derejede geçirilen duşuşykda ga-ralan meseleleriň biri boldy. Munuň özi Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat strategiýa-synyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, eýran Lideri Türkmenistanda geçirilmegi meýilleş-dirilýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çek-di.
Eýranyň Prezidenti sözüniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ony ösüşiň sebit we dünýä dere-jesine çykarmakda täze, anyk ädimleriň ädiljekdigine pugta ynam bildirýändigini nygtady. Belle-nilişi ýaly, owgan meselesi boýunça iki ýurduň garaýyşlary ýakyndyr hem-de parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin bu goňşy ýurtdaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdy-rylmagy zerurdyr.
Çykyşynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza we ýurdumyzyň wekiliýetine ýene bir gezek hoşallyk bildi-rip, Prezident Seýed Ebrahim Raisi ählumumy gyzyklanmalara, iki goňşy ýurduň we olaryň halk-larynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm ugurlaryna kybap gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gadymy eýran topragynda mähirli garşylandygy hem-de netijeli gepleşikler babatda zerur şertleriň döredilendigi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Ýokary derejedäki duşuşyk iki doganlyk döwletiň gatnaşyklary-na mahsus bolan açyklyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda geçi-rildi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlary we geljekki mümkinçilikleri ara al-nyp maslahatlaşyldy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika we ulag pudaklary biziň hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugurlary bolmak bilen, bu ugurda bar bolan kuwwatlyklary has-da netijeli peýdalanmagyň möhümdigini nygtadyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge-de uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Iri halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy-nyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýanlygy üçin Prezident Seýed Ebrahim Raisä minnetdarlyk bil-dirdi.
Hazar deňzindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döw-let Baştutanymyz eýranly kärdeşini şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baş-tutanlarynyň VI sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Owganystan meselesiniň wajypdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň Owganystana gülläp ösýän, sebit we halkara taslamalara işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde garaýandyklaryny nygtady. Döwlet Baştutanymyz geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamala-ryň giň toplumyna gol çekilendigini belledi we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýrana nobatdaky sapa-ryň maksadalaýyk derejede amala aşyrylandygyny belläp, bu ýurduň dostlukly halkyna bagtyýar-lyk, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgünden Eýran Yslam Res-publikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi, oňa Prezident Seýed Ebrahim Raisi hem gatnaş-dy.
 
Eýranyň Beýik ruhy lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen mähirli salam-laşyp, häzirki döwürde dost-doganlyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň köpasyrlyk ýörelgeleriniň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bel-ledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen wekiliýetiniň adyndan resmi saparyň dowamynda gadymy eýran topragynda mähirli garşylanandygy hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň Beýik ruhy liderine Türk-menistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasy-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berýän şahsy goldawy üçin aýdan minnetdarlyk sözlerini ýetirdi.
Uzak ýyllaryň dowamynda kemala gelen türkmen-eýran gatnaşyklary köpugurlylygy bilen tapa-wutlanýar. Goňşy Eýran bilen doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň ilkinjileriniň hatarynda Tährana resmi sapar bilen gelmeginiň Türkme-nistanyň Eýran bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belle-di.
Özara gatnaşyklar barada aýdyp, söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň diňe bir iki goňşy döwlet bolman, eýsem, doganlyk gatnaşyklary bilen bagly döwletlerdigini nyg-tadylar. Pikir alyşmalaryň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Aýatolla Ali Hameneýi sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ornuny belledi-ler. Söhbetdeşler ägirt uly mümkinçiliklere we oňyn geljege eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge meýillidiklerini tassykladylar.
Döwlet Baştutanymyz doganlyk eýran topragynda mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, Aýatolla Ali Hameneýini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we EYR-nyň Beýik ruhy lideri hoşlaşanlarynda, türkmen we eýran halklaryna tüýs ýürekden mähirli arzuwlary-ny aýtdylar.
Soňra “Hafeziýe” köşgünde döwlet Baştutanlary eýran halkynyň milli gymmatlyklaryna we goň-şy ýurduň amaly-haşam sungatyna degişli sergini synladylar. Sergide Eýranyň milli önümleri, şe-killendiriş sungatyna degişli eserler, haly we haly önümleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ser-giniň goňşy ýurduň milli gymmatlyklary, özboluşly taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmaga müm-kinçilik berýändigini belledi.
 
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy. EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimizi binanyň içine girmäge çagyrýar.
Binanyň eýwanynda Mohammed Bager Galibaf belent mertebeli türkmen myhmanyny şu günki duşuşyga gatnaşýan Eýranyň wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, öz nobatynda, Yslam geňeşiniň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň wekili-ýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, belent mertebeli türkmen myhmany we Moham-med Bager Galibaf binanyň “Aýna” zalyna geçýärler.
Bu ýerde geçirilen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi we ony ýakynda Eýranyň parla-mentiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Mohammed Bager Galibaf hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady. Bu gezekki sapar tarap-laryň uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi-ne uly gyzyklanma bildirýändigini alamatlandyrýar. Dostluk we birek-birege ynanyşmak ýagda-ýynda geçen duşuşykda iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletara gat-naşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaş-lygy işjeňleşdirmegi, hususan-da, türkmen-eýran parlamentara duşuşyklarynyň geçirilmegini we özara tejribe alşylmagyny ýola goýmagy teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz myhmansöýer eýran topragynda mähirli kabul edi-lendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Yslam Şurasynyň Başlygyny we EYR-nyň par-lamentiniň agzalaryny özlerine amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Mehrabad” Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Tutuşlygyna alnanda, hormatly Prezidentimiziň nobatdaky resmi sapary uzak möhleti nazarlaýan döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary öz içine alýandygyny hem-de iki döwletiň milli bähbitlerine kybap gelýändigini görkezdi. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ara-syndaky gatnaşyklar parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, durnukly ösüşiň ro-waçlanmagyna, iki ýurduň we sebitiň halklarynyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna hyz-mat edýär. Ýokary derejede geçirilen nobatdaky duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar ileri tutulýan ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar.