Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministr-ler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyrado-wyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçir-di. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak, kombaýnlaryň we ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat ber-di. Şol bir wagtyň özünde gowaçalaryň hatarara bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Welaýatda ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önümleriň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi. Şeýle-de häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hem-de beýleki inženerçilik ulgamyna degişli desgalaryň gurluşyklarynyň dep-ginini güýçlendirmek, olary bellenilen möhletinde tamamlamak ugrunda amala aşyrylýan işler ba-rada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallaçy daýhanlaryň durmu-şynda gyzgalaňly möwsüm bolan galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ony ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamagyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, tabşyrylan ha-syl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda, bökdençsiz geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sebitiň ýeralma, gök we bakja ekinleri ös-dürilip ýetişdirilýän meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi-niň üpjün edilmelidigini belläp, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli mak-satly desgalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini, olaryň bellenen möhletinde ulanmaga berilmelidigini aýtdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp ba-rylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän işler, galla ýygyjy kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň, galla kabul ediş bölümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edil-ýändigi barada hasabat berdi. Şeýle-de welaýatda gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk işleri tala-balaýyk alnyp barylýar.
Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de hatarara bejergini ýokary hilli geçir-mek, ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Hä-kim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan binalardaky işleriň ýagdaýy, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryny bellenen möhletde tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynda ulanylýan kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, galla kabul ediş bölümleriniň işiniň talabalaýyk ýola goýulmalydygyna, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştuta-nymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, gowaça ekilen ýerlerde alnyp baryl-ýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara, daýhançylygyň ösen tejribesine laýyk gelmelidigini belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda gant şugun-dyrynyň ekişine guramaçylykly girişmek üçin zerur taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp baryl-malydyr.
Şu günler ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen içerki ba-zary doly üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylyk-da, bu ekinlerden bol hasyl almak ugrunda ähli zerur çäreler görülmelidir. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar-da dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýdyp, olaryň bel-lenen möhletinde we ýokary hil derejesinde tabşyrylmagynyň üpjün edilmelidigini aýtdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ha-sabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragy-ny guramaçylykly geçirmek, orakda ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz we sazlaşykly işini ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara we topragy mineral dökün-ler bilen iýmitlendirmek, gowaçalara ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde welaýatda şaly ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Hasabatyň çäklerinde welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önüm-ler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumatlar beril-di. Şu ýyl sebitde gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň depgi-nini güýçlendirmek ugrunda degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işle-riň depginlerini güýçlendirmek, aýratyn-da, galla oragyny gysga möhletde we ýokary hilli tamam-lamak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekilen meýdanlarda şu gyzgalaňly döwürde alnyp ba-rylýan ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, onda oba hojalyk tehnikalarynyňdyr guralla-rynyň doly güýjünde işledilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi. Şol bir wagtyň özün-de şaly ekişini guramaçylykly geçirmäge möhüm ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, demirgazyk sebitde-de önüm bolçulygyny gazanmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, şunda içerki bazarlarda dürli görnüşli gök-bakja önümleriniň bolçu-lygyny üpjün etmegiň döwrüň möhüm wezipesidigini belledi. Şeýle-de medeni-durmuş we önüm-çilik maksatly desgalaryň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigi, olaryň bel-lenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň gazanylmalydygy tabşyryldy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek, orakda işledilýän oba hojalyk tehnikalarynyň öndürijiligini artdyrmak, gowaçalara agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg etmek işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, ýetişdirilen hasy-ly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak hem-de bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmäge my-nasyp goşant goşmak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berildi. Welaýat-da şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär.
Häkim şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik mak-satly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy-na laýyklykda, gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde ulan-maga tabşyrmak babatda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça işleri aýratyn gözegçilik-de saklamagyň zerurdygyny aýdyp, orakda işledilýän kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ula-nylýan awtoulaglaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, olara iş üstünde tehniki hyzmaty ýola goý-mak meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunda tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz gowaçalara edilýän ideg işleriniň, şol sanda hatarara bejergi-niň, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola go-ýulmalydygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde welaýatda şaly ekişi hem agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmelidir.
Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanla-ryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnamak, bazarlarda önüm bolçulygy-ny üpjün etmek meseleleri häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şunda ýerleriň hasyllyly-gyny artdyrmaga, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna laýyklykda çemeleşilmelidir. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilme-gi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup gutaryl-malydygyny, gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, aýratyn-da, galla oragyny guramaçylykly geçirmek we bu möwsümde işledilýän tehnikalaryň ýokary öndürijiligini üpjün etmek ugrunda edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi. Häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçalara ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şunda hata-rara bejergä, gowaçalaryň mineral dökünler bilen iýmitlendirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi, olaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi üçin zerur çäreler görülýär.
Häkim welaýatda gant şugundyrynyň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalar barada ha-sabat berdi. Şunda içerki bazarlarda önüm bolçulygynyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Oba milli maksatnamasyna we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýo-karlandyrmak boýunça hemmetaraplaýyn tagallalar edilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, möw-sümde ulanylýan dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, galla kabul ediş bölümleriniň işi tala-balaýyk ýola goýulmalydyr, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilmelidir. Hor-matly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaçalara edilýän ideg işleriniň agrotehniki ka-dalara laýyk gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň, içerki ba-zarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek ugrunda edilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydy-gynyň wajypdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtyň özünde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depginlerini güýçlen-dirmegi, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumy-zyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýit-gisiz ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler, gowaça ekilen meýdanlarda al-nyp barylýan ideg işleri we ýazlyk ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrun-da amala aşyrylýan hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi.
Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, eke-rançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de olaryň ýitgisini azaltmak maksady bilen, toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegi, ýetişdirilen hasylyň talabala-ýyk saklanmagy we gaýtadan işlenmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçiril-megi wajyp talap bolup durýar diýdi. Gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getir-mek maksady bilen, alnyp barylýan ideg işleriniň depginleri güýçlendirilmelidir, olar agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmelidir. Şunuň bilen birlikde, degişli welaýatlarda şaly ekişiniň talaba-laýyk alnyp barylmagy, şugundyr ekişine görülýän taýýarlyk işleri yzygiderli gözegçilikde saklan-malydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmelidigi-niň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilýän ýeral-madan, gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nyg-tady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş suwlary bilen üp-jünçiliginiň we suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri-digini belläp, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, olaryň ulanylyşynda häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri ylmy esasda seljerip, degişli tek-lipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny ta-mamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar dur-muşynyň, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri ar-zuw etdi.