Toplumlaýyn çemeleşme gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň girewidir

Ahal welaýaty, 11-nji iýun (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň tä-ze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň barşy, desgalaryň çyzgy-lary hem-de bezeg taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde giň gerimli tasla-many üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek meseleleri bo-ýunça iş maslahatyny geçirdi.
Sebitde iň iri we ägirt uly ähmiýeti bolan bu taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdi-rilýär. Şäher düzümi durmuş hem-de beýleki maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýär. Şolaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgala-ry, edara binalary, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bar.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy.
Welaýatyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Ahal welaýaty-nyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew merkeziň çäklerinde gurulýan desgalar, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleri baradaky çyzgylar, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berdiler.
Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Baş meýilnamasy, merkeziň çäklerinde gurulýan Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, merkeziň Ruhyýet köşgüniň sahnasynda ýerleşdi-rilmegi meýilleşdirilýän ýazgylaryň görnüşleri, täze şäheriň sirk binalary toplumynyň içki bezegle-riniň, tomaşa zalynyň görnüşleri we binada oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň, serişdeleriň çyzgylary bar. Şeýle-de bu ýerde ýol-ulag düzümine degişli inženerçilik desgalarynyň görnüşleri görkezildi.
Hormatly Arkadagymyz taslamalaryň we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarynyň aýratynlyk-lary, özboluşly binagärlik çözgütleri bilen gyzyklanyp, binalaryň gurluşygynda hem-de timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmagynyň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandy-gyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz sirkiň eýwanynda we zallarynda ýerleşdiriljek bezeg serişdeleri, suratlar bilen tanşyp, binada ýerine ýetirilýän işlerde türkmen bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklarynyň nazara alynmalydygyny belledi. Şunda ulanylýan serişdeleriň hil derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna merkeziň çäginde oturdylmagy meýilleşdiril-ýän, ady rowaýata öwrülen Akhanyň ýadygärlik binasynyň aýratynlyklary boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Şeýle-de Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikel-diş merkezinde göz öňünde tutulýan muzeýiň ýerleşdiriljek ýeriniň çyzgylary görkezildi. Degişli ýolbaşçylar merkeziň Baş meýilnamasy düzülende, öňdebaryjy binagärlik meýilleriniň we iş tejri-beleriniň öwrenilendigini habar berdiler.
Gahryman Arkadagymyz täzeçil usulda gurluşyk meýilnamalary düzülende, oňa ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty-nyň talyplarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimi-ziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýany bolan täze merkeziň gurluşygynda ulanylýan serişdeler ygtybar-lylygy, uzak möhletleýinligi, ekologik taýdan arassalygy, owadanlygy, ýerli howa şertlerine la-ýyklygy bilen tapawutlanmalydyr.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowa-mynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri-niň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp bar-ýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanylyşy barada giňişle-ýin maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, desgalaryň gurluşy-gynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň köçeleriniň ýerleşdirilişi, olaryň ugrunda bina ediljek in-ženerçilik desgalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilme-giniň, işleriň bellenilen tertibe görä dowam etdirilmeginiň, ekologik talaplaryň göz öňünde tutul-magynyň günüň möhüm talabydygyny ýatlatdy.
Hormatly Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri dur-muşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýo-lugra merkeziň desgalarynyň biriniň ýanynda saklandy we bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdele-riniň görnüşleri, olaryň hil derejesi bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz jemagat hojalygy-na degişli düzümleriň desgalarynyň gurluşygynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek belledi.
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.