Bu gezekki üstünlik — futbolçylarymyzyňky!

Ýurdumyzyň kuraş we sambo boýunça milli ýygyndylarynyň ýakynda Aziýa çempionatlarynda gazanan üstünligini şu günler futbolçylarymyz hem dowam etdirýär. Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek gatnaşýan yklym ýaryşynda — Aziýanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, iň güýçli sekizlige girmegi başar-dy.
1-nji iýunda badalga berlen we 19-njy iýuna çenli dowam etjek bu ýaryş Özbegistanda geçirilýär.
Bije çekişlikde «A» toparça goşulan türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri Özbegistanyň, Eýranyň we Kataryň ýygyndylary boldy. Bu döwletleriň Aziýada futbolyň iň ösen döwletleri hökmünde tanalýandygy mälimdir. Metbugat üçin berlen beýanatlarda baş tälimçi Ahmet Agamyradowdyr futbolçylar kiçigöwünlilik bilen «Güýçli garşydaşlar bilen futbol oýnap, halkara tejribämizi art-dyrmaga geldik» diýseler hem, toparçalaýyn duşuşyklaryň ahyrynda tutuş yklym türkmen futbol-çylarynyň güýjüni ykrar etdi. Olar Eýran, Katar ýaly güýçli garşydaşlaryny ýaryşdan çykaryp, çärýek finala çykmaga hukuk gazandylar.
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy yklym ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 1-nji iýunda özbek fut-bolçylary bilen geçirdi. Aziýanyň Kubogyndaky ilkinji oýun ildeşlerimizi birjik-de aljyratmady, tersine, olar güýçli garşydaşyny ýiti hüjümler bilen aljyraňňylyga saldylar. Janköýerleriniň öňünde açylyş duşuşygyna çykan ýerli ýygyndy diňe 75-nji minutda Ulugbek Hoşimowyň 11 metrlik jeri-me urgusy netijesinde hasaby açyp bildi. Duşuşykda türkmen futbolçylary hasaby deňläp bilmedi. Şeýlelikde, Ahmet Agamyradowyň şägirtleri ilkinji duşuşygynda ýerli ýygyndydan 0:1 hasabyn-da asgyn geldiler. Şeýle-de bolsa türkmen futbolçylary halkara jemgyýetçilikde uly seslenme dö-retdiler. Daşary ýurt neşirleri yklym ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýandyklaryna garamazdan, türk-menistanly ýaşlaryň güýçli garşydaş bilen mynasyp oýnandyklaryny ýazdylar. Şol gün Kataryň hem-de Eýranyň ýygyndylary oýny 1:1 hasabynda tamamladylar.
Türkmen futbolçylarynyň ikinji garşydaşy has-da güýçlüdi. 4-nji iýunda Daşkent şäherindäki «Bunýodkor» stadionynda geçirilen duşuşykda bu gezek Eýranyň ýaşlar ýygyndysy bilen güýç synanyşyldy. Halkara jemgyýetçiligiň garaşyşy ýaly, eýranly ýaşlar duşuşyga ýiti hüjümler bilen başladylar. Hatda 8-nji minutda Alireza Bawieh Resul Çaryýewiň goraýan derwezesine top hem geçirdi. Ýöne bu ýagdaý biziň ildeşlerimizi aljyratmady. 28-nji minutda Arzuwguly Saparguly-ýew 11 metrlik jerime urgusy arkaly hasaby deňledi. Bu deňlik ildeşlerimizi ganatlandyrdy. 80-nji minutda Teýmur Çaryýew akylly tilsimleri we güýçli urgusy netijesinde hasaby 2:1-e ýetirdi. Şeý-lelikde, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy yklym ýaryşyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Şol gün Kataryň ýygyndysynyň özbek futbolçylaryndan 0:6 hasabynda asgyn gelmegi Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyny çärýek final üçin umytlandyrdy. 7-nji iýunda Kataryň ýygyndysy bilen bol-jak duşuşykda ildeşlerimizi deňlik hem kanagatlandyrjakdy. Ýöne bu deňlik olara ýeňil düşmedi. Katarly ýaşlar 65-nji we 73-nji minutlarda Osamah Abdulkarim Ahmed Al-Tairiniň geçiren golla-ry bilen 2:0 hasabynda öňe saýlandylar. Şeýle-de bolsa umytdan düşmedik türkmen futbolçylary 75-nji minutda hüjümçi Begençmyrat Myradowyň tapawutlanmagy bilen hasaby ýygyrdylar. Şondan 7 minut soňra Begençmyrat duşuşykdaky ikinji topuny hem geçirdi. 2:2 hasabyndaky deňlik ildeşlerimiziň ýaryşyň çärýek finalyna çykmagy üçin ýeterlik boldy.
Bu kiçi-girim üstünlik däl. Türkmenistanyň we Täjigistanyň ýygyndylary 2013-nji ýyldan bäri ge-çirilip gelinýän yklym ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşdylar. Özi hem türkmen futbolçylary ýaryşyň bije çekişligine reýtingdäki orny iň pes ýygyndylaryň arasyndan — dördünji torbadan goşuldylar. Muňa garamazdan, olar şu torbanyň wekilleriniň içinden çärýek finala çykyp bilen ýeke-täk topar boldular.
Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 45-den gowrak milli federasiýalarydyr assosiasiýalarynyň arasynda ilki iň güýçli 16-lyga, soňra-da iň güýçli 8-lige girmek, hakykatdan-da, uly üstünlikdir. Munuň aňyrsynda futbolçylarymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň durandygyny aýratyn nygtamak gerek.
Yklym ýaryşynyň çärýek final duşuşyklaryna 11-nji iýunda badalga berler. Şol gün türkmen fut-bolçylary «B» toparçany birinji orunda tamamlan Awstraliýanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. El-betde, Awstraliýanyň ýygyndysy — güýçli garşydaş! Ýöne ildeşlerimiz hiç bir güýçli garşydaş-dan çekinmeýändiklerini subut etdiler! Katar — Türkmenistan duşuşygyndan soňra geçirilen met-bugat maslahatynda baş tälimçiniň hem nygtaýşy ýaly, türkmen ýigitleri ýene-de ýeňiş üçin meý-dana çykar! Belki, ýeňişler bilen ýoly dowam etmek başardar!
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».