«Bagtyýar nesillerdäki» bagtyýarlyk

Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi Gökdere jülgesiniň gözel we täsin künjeginde ýerleşýär. Tomsuň ilkinji günlerinde ag-zalan merkez welaýatyň şäherdir etraplaryndan gelen bagtyýar çagalary gujak açyp garşylady. Bu ýerde mekdep okuwçylarynyň 150-si dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda şadyýan dynç alyp, wagtlaryny göwnühoşlukda geçirýärler.
Salkyn saýaly jülgäniň bu gözel künjeginde çagalar uly alada we söýgi bilen gurşalansoň, olaryň şadyýan gülki sesleri örän joşgunly ýaňlanýar. Bagtdan paýly çagalar ýaş aýratynlygyna görä bir-näçe toparlara bölünip, her topara terbiýeçi-mugallymlar berkidilipdir. Toparlaryň arasynda özara bäsleşikleriň, şeýle-de ýörite meýilnama esasynda beýleki çäreleriň yzygiderli guralmagy, çagala-ryň dynç alşynyň her bir pursadynyň manyly geçmegine şert döredýär.
Gyzykly döredijilik agşamlary we bäsleşikler, sport ýaryşlary, aýdym-sazly medeni çäreler hem-de beýleki şüweleňler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Şeýle ýatdan çykmajak şüwe-leňlere ýaş nesliň gyzyklanmasy diýseň ýokarydyr. Merkeziň çäginden akyp geçýän Altyýap der-ýajygy hem bu ýere özboluşly gözellik eçilýär.
Çagalar dynç alyş-sagaldyş merkeziniň uly mugallymy Serdar Ýagmyrowyň aýtmagyna görä, merkezde geçirilen «Owadandyr Watanym!», «Geliň, surat çekeliň!», «Tebigat — biziň öýümiz!» atly surat bäsleşikleri, «El hünäri — il gezer» atly el işleriniň bäsleşigi, «Sport bilen sagdyn biz» atly sport ýaryşy zehinli, gujurly çagalary ýüze çykarmakda örän ähmiýetli boldy. Bäsleşiklerde tapawutlanan çagalara jemgyýetçilik guramalarynyň ýörite sowgatlarynyň gowşurylmagy olarda uly ruhubelentlik döredýär.
Merkezde çagalaryň her bir gününiň manyly geçmeginde döwrebap enjamlaşdyrylan kompýuter otagynyň, hünär we döredijilik, oýun oýnalýan, aýdym-saz otaglarynyň ähmiýeti-de diýseň ulu-dyr. Sport zallarydyr meýdançalary, üsti ýapyk we açyk suw howuzlary hem bagtyýar nesliň yg-tyýarynda bolmak bilen, olara ençeme hezillikleri peşgeş berýär.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde döredilen şeýle ajaýyp amatlyklar mer-kezde bolýan çagalary birek-birek bilen has-da ysnyşdyrmaga, olaryň gözýetimini giňeltmäge we täze okuw ýylyna täze güýç bilen barmaga itergi berýär. Munuň üçin bagtyýar nesliň Arkadagly Serdarymyza alkyşy bimöçberdir.
Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.