Dergähler açylar çagdyr bu çaglar

Arkadagly Serdarymyzyň haj zyýaratyna köňül kelamy
Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, halkda Hakyň ady bar.
Halka ýakynlyk — Haka ýakynlyk.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1-2-nji iýunda Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolup, Iki Mukaddeslige togap eýläp, umra hajyny berjaý eden pursatlary bu hakykatyň misilsiz güwäsine öwrülip, agzybir ilimiziň göwnüne ganat, kalbyna kanagat berdi. Asyl-ha, bu pursatlara «mawy ekranda» syn eden ildeşlerimiziň her biriniň keramatly topraga hut özi zyýarat eden deý täsin duýgulary başdan geçirendigine ynanýarys.
Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesindäki ilkinji daşary ýurt sapary hökmünde-de taryhy ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, uzyn ýollaryň ilkinji ädimi takwalaryň her namazyň başynda: «Alnym Käbä, ýüzüm kybla» diýip ýagşy niýet edýän, köňülde besleýän Mekge-Medine menzillerinden başlandy.
Hormatly Prezidentimiziň keremli Käbä zyýaraty ençeme asyr arzuwlanan berkarar döwlete eýe edip, türkmen halkyny ýalkandygy üçin Beýik Perwerdigäre hamdu-senalary aýtmagyň möhüm pursadydyr.
Ýurduň ykbaly ynanylan adam hökmünde bu belent wezipede güýç-gaýratyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmajakdygyny dile getirmek bilen, il-halk üçin bitirjek işlerinde mundan beýläk-de gujur-gaýrat bermegini, ulus-ilimizi hemişe abadan, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşatmagyny Gudraty Güýçli Allatagaladan dileg etmegiň pursadydyr.
Dünýe ýaşly türkmen halkynyň arap dünýäsi bilen gadymydan gadyrly gatnaşyklaryna has-da rowaçlyk bermegiň täze badalgasydyr.

Halka ýakynlyk — Haka ýakynlyk
Mukaddes ýerlere mukaddes duýgy-düşünjeler bilen barylýar.
Ýagşy ýerlere köňül päkligi bilen gadam goýulýar.
Biribar bilen ýüzbe-ýüzlük, öňi bilen, adamyň ruhy dünýäsinde wysal tapýar.
Şoňa görä, ilimizde “Köňül almak Käbelik” diýilýändir.
Hut şonuň üçin Döwletmämmet Azady:
Käbe weýran etmekden müň mertebe
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý, dede
 — diýendir...
Şemsi Töwrizi bolsa: “Allany söýmegiň müşgili ýokdur. Ýaradan gözeldir, kämildir. Iň kyny dogrusy-hatasy bilen, sogaby-günäsi bilen, ýaradylmyş ynsanlary söýüp bilmekdir” diýipdir.
Türkmeniň Arkadagly Serdary haj zyýaratyna külli adamzada umman ýaly uç-gyraksyz, uly söýgüsi bilen bardy.
Hakyň razylygynyň halkyň razylygyndan başlanýandygyny ýürekde beslemek bilen, ulus-iline ogullyk wepasy, sydky-yhlasy bilen bardy.
Uzak geljegiň hakyna, röwşen ertirleriň hatyrasyna belent maksatlary, nurana doga-dilegleri bilen bardy.
Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 19-njy martynda sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, türkmen halkyna kasam eden pursatlary bilen mukaddes Käbede elini Gara daşa goýup, doga-dilegler eden pursatlarynyň arasynda mäkäm ruhy baglanyşyk bar.
Döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişmek dabarasynda aýdan: “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!” diýen sözleri bilen Hakyň huzurynda dile getirilen sözleriň ruhy birligini duýman bolmaýar.
Aslynda, Arkadagly Serdarymyzyň haj zyýaratynyň, ruhy jähetden, köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny has-da gowulandyrmak, her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalaryndan, watandaşlarymyzyň welaýatlaryň her birinde metjitleri, olaryň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýlary gurmak baradaky haýyşlaryny goldamagyndan, täze, döwrebap hassahanalary açyp ulanmaga bermek, Gadyr gijesi mynasybetli, iş kesilenleriň köp sanlysynyň günäsini geçmek ýaly ynsanperwerlige ýugrulan döwletli işlerinden başlanandygy aýdyňdyr.
Hormatly Prezidentimiziň zyýarata ugramagynyň öň ýanyndaky gün, 31-nji maýda Döwletliler köşgüne baryp, çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşmagynda, olaryň okuwy, ýaşaýyş şertleri bilen içgin gyzyklanmagynda-da çuňňur ruhy many bar. Bu ýerde köşgüň binasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak baradaky başlangyç hem öňe sürüldi.
Haj ybadaty şeýle sahawatly tutumlardan asla üzňe däldir...

Türkmenler we yslam gymmatlyklary
Türkmen halky — gursagy Allaly halk. Yslam dininiň iň gowy ýörelgeleri halkymyzyň has aňyrlardan gelýän ýörelgeleri bilen täsin bir sazlaşyklylykda goşulyp-garylyp, birleşip, bitewi milli ýol-ýörelgämizi düzýär. Hatda bir topar kadalar yslamdan has öňden barmy ýa-da yslam bilen geldimi — muny aýyl-saýyl etmegem çynlakaý ylmy seljermeleri talap edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysy” atly kitabynda giňişleýin söz açmak bilen, gymmatly maglumatlary, pikir-garaýyşlary okyjylara ýetirýär. Ine, olaryň käbiri:
“Yslam dünýäsi, şol sanda arap dünýäsi türkmen halky, türkmen taryhy, türkmenleriň yslam dini bilen gatnaşygy barada juda köp maglumatlary bilýärler we türkmenlere uly hormat goýýarlar... Türkmenlere goýulýan hormatyň, elbetde, berk taryhy esaslary bar. Taryhyň anyk hem şöhratly sahypalaryny yzarlap, araplar türkmenleri örän sowatly, ylymly, mert, gaýratly, ygrarly, suhangöý, sahy, gaýduwsyz hem batyr halk diýip bilýärler”.
“...Orta asyrlarda arap dilinde eser ýazan, yslam ýol-ýörelgesini düşündiren türkmen şahyrlary, akyldarlary, alymlary juda köp bolupdyr. Gurhany teswirlemekde türkmen alymlarynyň bitiren işleri ummasyzdyr...”.
“...Türkmenler yslama garşy edilen dokuz sany haçly ýörişiň dokuzysyny-da yzyna serpikdiripdirler, yslam dinini ýok bolmak howpundan halas edipdirler, yslamyň dünýä dinine öwrülmegini gazanmakda taryhy hyzmatlary bitiripdirler. Bular barada araplar, bütin musulman dünýäsi juda gowy bilýändir we bulary hiç mahal unudýan däldir. Şonuň üçin olar hemişe türkmenlerden hoşaldyrlar we türkmenlere aýratyn gowy nazar bilen garaýandyrlar...”.
Gahryman Arkadagymyz kitabyň bir bölümini “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat” diýip atlandyrmak bilen, onda 2007-nji ýylyň aprelinde, 2016-njy ýylyň maýynda bu keremli mekana amala aşyran zyýaratlarynyň täsirlerini ýürekdeşlik bilen paýlaşýar.
...Aýdylyşyna görä, Muhammet pygamberiň mazarynda XI asyrda ýazylan “Nureddin Mahmud Metjid” diýen ýazgy — asly atabeg türkmenlerinden bolan hökümdaryň ady saklanyp galypdyr. Bu hökümdaryň bir gijede üç gezek pygamberi düýşünde görşi, bu düýşünden hikmet alyp, Medinä gelşi, pygamberiň gubruny howpdan halas edişi hakynda täsinden täsirli rowaýat şu günlere gelip ýetipdir.
...Ine, onsoň, Arkadagly Serdarymyzyň haj zyýaraty wagtynda Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtüginiň serpilip, mübärek gapylarynyň açylmagy, onuň içinde namaz okamak üçin seýrek mümkinçiligiň döredilmegi, mukaddes ýerden nyşan hökmünde teperrik gowşurylmagy ýaly belent hormatyň gözbaşlaryna has aýdyň göz ýetirýärsiň. Mälim bolşy ýaly, şeýle uly hormat halkymyzyň taryhynda ilkinji gezek 2016-njy ýylyň maý aýynda hajy Arkadagymyza bildirilipdi.
Bu pursatlar hezreti Magtymgulynyň: “Dergähler açylar çagdyr bu çaglar” diýen senaly setirini ýada salýar. Muny halkymyz döwlet Baştutanymyzyň ýolunyň aklygyndan, ýoldaşynyň Haklygyndan nyşan saýýar.

“Alnym Käbä, ýüzüm kybla”
Şäherlerde ýaşamak bar. Şäherleriň adamyň aňynda, kalbynda ýaşamagy bar. Yslamyň dörän ýeri bolan gadymy Hijazyň Mekge, Medine şäherleri keramatly Käbe bilen, onuň mukaddes Gara daşy bilen, Safa, Merwe daglary bilen, Zemzem çeşmesi bilen, Muhammet pygamberiň aram tapan ýeri bilen, yslam taryhyndaky ilkinji metjidi bilen... ruhy dünýämizde ýaşap gelýän şäherlerdir.
Pederler Käbä barýan ýoluň her ädimini ybadat bilipdirler. Çagakak sähelçe ýoňlasagam, tomsuna depämize Gün ursa-da: “Käbä gitseň, gutularsyň!” diýip, enem bizi kybla tarap ýedi ädim ýörederdi. Gündizlerine çyralary ýerlikli-ýerliksiz ýakanymyzy görseler, “Çyrany gije ýakmalydyr, gündiz çyra Käbä gidermiş. Ony ýakyp goýsaň, ýolundan alyp galdygyň bolarmyş” diýip, birtöwra gürrüň ederdiler. “Guşlar nirä uçup barýarka?” diýenimizde, goňşy ýaşulynyň elini kölegeledip, “Olar Käbä barýandyrlar, hergiz ýaý çenäýmäweriň!” diýeni hem häzirki ýaly ýadymda.
Niçikmi, ýetilmesi azaply maksat-meýilden söz açylsa, “Herne ýagşy umytda bolalyň, “Umytly guş Käbä ýetmiş” diýerdiler. Çylşyrymly çen-salgydan söz açylsa, “Bir zady bolar-la, soraşyp Käbäni tapypdyrlar” diýerdiler...
Enelerimiziň, atalarymyzyň şu zeýilli gürrüňlerini şindi seriňde saldarlap, bu mukaddes menzil-mekanyň olaryň hemişe köňül telwasy, ömür ölçegi bolandygyna göz ýetirýärsiň.
Arkadagly Serdarymyzyň mukaddes topraga zyýaratynyň her bir pursadynyň bizi çyndan tolgundyrmasynyň özeni, örki, gör, nirelerden gaýdýar!

Mukaddeslik mertebesi
Türkmende enä “käbe”, ata “kybla” diýilýär. Bu aňlatmada ene-ata hormaty çürbaş belentlige çykýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Mekge-Medinä ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän aksakgal atalar, kümüş saçly eneler bilen bilelikde zyýarat etmegi hem şu hakykatyň hikmetini aýan-aýdyň görkezdi. Haka, halka ýakynlygyň ýene bir güwäsi boldy.
Özi-de hormatly Prezidentimiziň heniz uçaryň üstünden başlap, saparyň bütin dowamynda özleriniň hal-ahwallary bilen, ýurdumyzyň sebitlerindäki ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanandygyny, ýürekdeş söhbet edendigini ýaşulular köňül razylygy bilen gürrüň berýärler.
“Aýdylyşyna görä, Käbä sary ýola düşenler bu menzilde sylagly-sarpaly, ýagşy kişileriň ýoldaş duşmagyny ýagşylyga ýorupdyrlar, hajyň kabul boljakdygyna bir yşarat-nyşan hasaplapdyrlar. Biz bu babatda, gör, neneň bagty çüwen adamlar! Bize öz iliniň belent ynamyny gazanan döwlet Baştutanymyz bilen zyýarat etmek mertebesi miýesser etdi. Heý, onsoň, Arkadagly Serdarymyza alkyşyň, hoşallygyň çägi bolarmy?!” diýip, paýtagtymyzdan Hormatly il ýaşulusy Meretgeldi Gulgeldiýew ýürek kelamyny dile getirdi.
                                            ***
Halkyň öňüne düşýän, hataryň başyny çekýän Şahsyýetiň her sözünde müňlerçe, millionlarça sözüň güýji bardyr. Döwlet Baştutanynyň sözi — halkyň sözi. Döwlet Baştutanynyň arzuw-dilegi — ulus-iliň köňül sedasy.
Zyýaratyňyz kabul bolsun! Ýurt abadançylygynyň, bagtyýar durmuşyň hatyrasyna agzybir halkymyzyň adyndan eden doga-dilegleriňiz Hakyň dergähinde wysal tapsyn, Arkadagly hajy Serdarymyz!
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”