Toplumlaýyn çemeleşme gurluşyk işleriniň hiliniň we netijeliliginiň esasydyr

Ahal welaýaty, 4-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyry-gy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamany üstünlikli durmuşa geçir-mek bilen baglanyşykly meseleler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji maýynda hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň çäklerinde gurluşyk taslamasynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyp, birnäçe teklipleri öňe sürdi.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şu günler merkeziň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmaga degişli alnyp barylýan işler barada giňişle-ýin maglumat berdiler.
Bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň garamagyna merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezil-di. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Aýratyn-da, bu ýerde ady ro-waýata öwrülen Akhan atly bedewiň heýkeliniň şekil taslamasy, onuň ýerleşdiriljek ýeriniň çyz-gylary hem-de Akhan şaýolunyň ugrunda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary häzirki zamanyň ösen tejribesi nazara alnyp taýýarlanyldy. Şunda bu künjegiň toprak-howa şertle-ri göz öňünde tutuldy.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalary makullap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we de-gişli düzedişlerini girizdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze binagärlik çözgüdiniň aýdyň netijesi bolan täze şäheriň ke-mala gelmegi ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň we dur-muşymyzyň her bir pursadynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler.
Soňra hormatly Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça degişli ýolbaşçylar bi-len türkmen gurluşykçylaryny hünär taýdan kämilleşdirmek, olaryň ösen döwletlerden bolan hyz-matdaşlar bilen tejribe alyşmaklaryny guramak maksady bilen, täze döredilen komitet tarapyndan bu ugra degişli hünärmenlerden, gurluşykçylardan ybarat topary döredip, Wýetnama iş saparyna ugratmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Komitetiň başlygy D.Orazow ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklar üçin zerur bolan mermer daşlaryny ykdysady taýdan amatly ýagdaýda getirmek maksady bilen, dünýäniň dürli ýurtlary-nyň işewür düzümleri, şol sanda Wýetnamyň önümçilik düzümleri bilen mermer daşyny almak we hünärmenleri okatmak boýunça degişli gepleşikleriň geçirilendigini habar berdi. Türkmen gurlu-şykçylarynyň hünär derejesiniň we tejribesiniň ýokarlandyrylmagy meýilleşdirilen gurluşyklaryň ýokary hilini hem-de olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegini üpjün eder.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merke-ziniň gurluşygynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, şolaryň ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara, bildirilýän beýleki talaplara, hususan-da, milli bezeg aýratynlyklaryna doly laýyk gelmegi häzirki günüň möhüm talaby bolup durýar. Şunda gurluşykçylaryň hünär taýdan kämilleşmegine möhüm orun degişlidir.
Hormatly Arkadagymyz täze merkeziň günbatar tarapynda ýerleşýän üzümçilik we bagçylyk ho-jalyklary baradaky gürrüňe geçip, bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň we beýleki miweli baglaryň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Habar berlişi ýaly, bu ýerde üzümiň hem-de miweli baglaryň, şol sanda şetdalynyň dürli görnüşle-ri ösüp ýetişýär.
Milli Liderimiz bu künjekde üzümçiligi we bagçylygy ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýly toprak-ho-wa şertleriniň bardygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzda azyk üpjünçili-gini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ekologik ýagdaýyň gowulanmagyna mümkinçilik berjekdi-gini belledi. Çünki ýurdumyzyň dürli künjeklerinde miweli baglardan ybarat zolaklaryň meýdany-nyň giňeldilmegi, üzümçiligiň ösdürilmegi gaýtadan işleýän senagatyň netijeliligini ýokarlandyr-makda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda has möhümdir.
Soňra Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde taryhy ähmiýeti ägirt uly işleriň bitirilýändigini belläp, sebitiň täze merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýun-ça haýyr-sahawat gaznasynyň merkezi edara ediş binasyny gurmak baradaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, komitetiň ýolbaşçysy merkezde muzeý, kitaphana we fotosuratlar bilen işlemek boýunça bölümi döretmek hakyndaky haýyş bilen ýüzlendi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sa-hawat gaznasy tarapyndan sogaply işler alnyp barylýar, çagalaryň saglygyny berkitmek, degişli sagaldyş-dikeldiş işlerini geçirmek boýunça ägirt uly goldawlar berilýär.
Gaznanyň döredilen gününden bäri ýerine ýetirilýän işler baradaky maglumatlardan ybarat gym-matlyklary muzeýde goýmaga ygtyýar berilmegi barada haýyş beýan edildi. Şunuň bilen bagly-lykda, D.Orazow hormatly Arkadagymyzdan döwlet Baştutanymyza bu baradaky maglumatlary ýetirmegi hem-de Arkadagly Serdarymyzdan bu ugurda degişli işleri geçirmäge rugsat alyp ber-megini haýyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz milli gurluşyk senagatynyň häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýän merkeziň gurulmagynyň wajyplygy barada aýdyp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýe-te eýedigini belledi we gurluşygyň ähli pursatlaryny beýan edýän maglumatlary bir ýere jemlemek baradaky pikiri makullap, komitetiň başlygynyň haýyşyny döwlet Baştutanymyza ýetirjekdigini aýtdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz täze dolandyryş merkeziniň günbatar tarapynda ýerleşýän üzüm-çilige geldi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň meýdanyny gözden geçirip, ýetişdirilýän ekinleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirliginiň ýolbaşçysy Ç.Amanow bu künjekde müdirlige degişli 40 gektar ekerançylyk meýdanynyň bardygyny, onda köp görnüşli miweli baglaryň, şol sanda şetdalynyň dört görnüşiniň, üzümleriň kişmişlik görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini habar berdi.
Hojalyk müdirliginiň ýolbaşçysy hormatly Arkadagymyzyň bu ýere gelip, iş we durmuş şertleri bilen gyzyklanmagynyň özleri üçin uly mertebedigini nygtady hem-de döwlet tarapyndan döre-dilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň doly üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli ze-rur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bagçylygyň we üzümçiligiň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy taýdan öwrenilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki dö-würde ýurdumyzda ter gök we miwe önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek möhüm wezipe hök-münde kesgitlenildi. Munuň özi halkymyzyň saçaklarynyň berekedini artdyrmak bilen bir hatar-da, amatly howa gurşawynyň emele gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Şeýle hem hormatly Arkadagymyzyň garamagyna ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edarala-rynyň Hojalyk müdirligine degişli bu ýerdäki ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän miweleriň irki görnüşleri görkezildi. Ç.Amanow milli Liderimizden müdirligiň synag meýdança-synda üzümiň täze döredilen görnüşine at dakyp bermegi haýyş etdi.
Alym Arkadagymyz türkmen halkynyň “Dile geldi — bile geldi” diýen paýhasly jümlesine salgy-lanyp, bu künjekden Kärizek obasynyň seleňläp görünýändigini nazara alyp: «Goý, üzümiň täze görnüşiniň ady hem Kärizek bolsun!» diýdi we bu künjekde dürli miweleri, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly howa gurşawynyň hem-de suwly çeşmeleriň bardygyny aýratyn nygtady.
Hormatly Arkadagymyz, taryhdan belli bolşy ýaly, bu künjekde datly miweleriň, ýokumly üzüm-leriň köp görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy. Munuň özi ilaty miwelerdir gök önümler bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bularyň ählisi häzirki döwürde ata-babalarymyz-dan miras galan daýhançylyk däpleriniň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýän-digini görkezýär. Bu işler döwletimiziň rysgal-berekediniň artmagyna, halkymyzyň saçaklarynyň sahawatyna sahawat goşulmagyna ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.