Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelik-däki giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 4-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýy-lyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de bir-näçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämme-dowa söz berdi. Ol şu ýylyň başyndan bäri milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýerine ýe-tirilen işler barada maglumat berdi.
Mejlisiň iki maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si hem-de Mejlisiň kararla-rynyň 15-si kabul edildi. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda dürli ulgamlaryň we pudaklaryň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny kä-milleşdirmek boýunça işler dowam edýär.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Mejlisiň deputatlary kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek meseleleri babatda halkara guramalar bilen duşuşyklaryň ençemesine gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hormatly Prezi-dentimiziň goldaw bermeginde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýa-synyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanun-çylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýanwar — maý aýlarynda amala aşyrylan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.
Halk Maslahatynda we Mejlisde döredilen iş toparlary sebitleri ösdürmäge, ýerli öz-özüňi dolan-dyryş edaralarynyň, notarial we salgyt düzümleriniň işini kämilleşdirmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny seljerýärler hem-de ara alyp maslahatlaşýarlar. Halk Maslahatynyň iki mejlisinde kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan makullanyldy we kabul edildi.
Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda halkara maslahatlar, forumlar we sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Halk Maslahatynyň agzalary GDA-nyň Parlamentara Assamb-leýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Russiýa Federasiýasynyň Tata-rystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitiniň mejlisine gatnaşdylar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda iş sapar-larynda bolandygy, şolaryň barşynda ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan işler bilen tanşan-dygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçir-mek ulgamynda uly işleriň alnyp barylýandygyny, bu işe aýratyn üns berilýändigini nygtady. Ýaş nesli hakyky watançylyk we milletiň belent ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemek, ýaş türkmenistanlylaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmagy, aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda işleri kämilleşdirmek bilen baglylykda Milli Geňeşiň Halk Mas-lahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik gura-malary, şol sanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Zenanlar birleşigi bilen bilelikde bu işe has işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow ähli ulgamlarda durnukly mak-roykdysady görkezijileri üpjün etmek maksady bilen ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen iş-ler barada hasabat berdi.
Bäş aýda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möç-beri 10,6, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 41,8 göterim artdy. Ýanwar — maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny mali-ýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi.
Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmek, halkara tejribä esasla-nyp, býujet-salgyt işini döwrebaplaşdyrmak, býujet, salgyt, bank we pul-karz ulgamlarynyň kada-larynydyr düzgünlerini kämilleşdirmek, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet maýa goýumlarynyň netijeli bolmagyna gözegçilik etmegiň, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, täze önümçilikleri ýola goýmagyň, maýa goýumlary we işe-würlik, göni daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur işleri amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtady. Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ýagdaýlary seljermegi, işleri ta-labalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da go-wulandyrmak, azyk harytlarynyň ýeterlik möçberdäki gorlaryny döretmek we içerki bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. De-gişli düzümlere ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz we kadaly üpjün etmek üçin maliýe serişde-lerini bölüp bermek teklip edilýär. Şeýle-de 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde sarp edijileri azyk harytlary bilen bökdençsiz hem-de kadaly üpjün etmek üçin ýeterlik möçberde maliýe seriş-delerini göz öňünde tutmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň azyk howp-suzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dol-laryny bölüp bermek barada karara gelendigini, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdeleriniň bölünip berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün et-mek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini azaltmak, ýerli önümçiligi ösdürmek bo-ýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda guş eti we ýumurtga, esasan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi-niň agzalary tarapyndan öndürilýär. Olaryň önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmak maksady bilen, iýmlik bugdaýy, mekgejöweni we soýany ösdürip ýetişdirmek hem-de bu ekinleri ýetişdirmäge is-leg bildirýän taraplara goşmaça ýer böleklerini bölüp bermek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, guşçulygyň oba hojalygynyň okgunly ösýän pudaklary-nyň biridigini belledi. Bu örän düşewüntli, gysga wagtyň içinde özüni ödeýän işewürlik pudagyň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Obasenagat toplumynyň bu pudagynyň durnukly ösdürilmegi we giňeldilmegi ýakyn geljekde birnäçe artykmaçlyklary döreder diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşiniň täze derejesini, täze iş orunlarynyň döredilmegini, goşmaça maýa goýumlaryň çekilmegini şolaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen birlikde, munuň özi ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün et-mäge, şeýle önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini ep-esli azaltmaga ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, wise-premýere bu resminamada göz öňünde tutulan çä-releriň öz wagtynda we takyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimize kabul eden çözgütleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu resminamalarda bellenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudakla-rynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnamanyň 110,6, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 127,2, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnamanyň 115,8, polipropilen ön-dürmek boýunça meýilnamanyň 141,9, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnamanyň 107,2, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnamanyň 119,7, tebigy we ugurdaş gazy çykar-mak boýunça meýilnamanyň 111,5, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilna-manyň 121,9 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Nebit we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hem hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere nebitgaz top-lumynyň önümçilik-hojalyk işini yzygiderli seljermek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyr-mak barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Obasenagat toplumy bo-ýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmegiň möçberleriniň gör-kezijileri hem-de ýurdumyzda azyk önümleriniň öndürilişi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk etmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi başarmaýan-dygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet strategi-ýasynyň pes derejede durmuşa geçirilýändigini, bu pudagyň esasy wezipeleriniň binýatlyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtady.
Oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýy kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýar. Milli ykdysadyýetiň bu esasy pudagynda netijeli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilişi hem şu döwürde kanagatlanarly däl diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga az üns berilýändigini, ýerli toprak-howa şertlerini nazara alyp işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny giňden ornaşdyrmaga hem ýeterlik üns berilmeýändi-gini belläp, ýurdumyzyň oba hojalygyny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyr-mak meseleleriniň ýaramaz çözülýändigini nygtady.
Suw serişdelerini rejeli ulanmaga, oba hojalyk ekinleriniň ekilýän ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmäge, zeýkeş akabalaryny arassalamaga-da ýeterlik derejede üns berilmedi. Bu kemçilikleriň ählisi Daşoguz welaýatyndaky ýagdaýda anyk ýüze çykdy. Bu welaýatda gowaça ekmek boýunça meýilnama hem bellenen möhletinde ýe-rine ýetirilmedi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow E.Orazgeldiýewi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Hormatly Prezidentimiz, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, B.Arazowy Daşoguz welaýaty-nyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şol etrabyň häkiminiň orunbasary G.Baýramdurdyýewiň üstüne ýükledi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunba-sary wezipesine A.Ýazmyradowy belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk mesele-leri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini habar berdi.
Soňra täze bellenen wise-premýere söz berildi. Ol özüne bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, bu düzümiň öňünde goýlan maksatlary hem-de wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirmek ugrunda ähli güýjüni, tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer A.Ýazmyradowa, welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýur-dumyzyň ilatynyň ýerli azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Ot-iým binýadyny döretmek üçin zerur işler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmelidir. Bu ugurda maldarçylyk hojalyklarynyň, hususy pudagyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylma-gy üçin degişli işler alnyp barylmalydyr, oba hojalyk maksatly ekin meýdanlarynyň we öri meý-danlarynyň maksadalaýyk hem-de netijeli ulanylmagyny gazanmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Oňyn dünýä tejribesinden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny we tohumçylygyň hili-ni ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigi, pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmaly-dygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň netijeliligini has-da artdyrmak boýunça mundan beýläk-de maksadalaýyk çäreleriň görülmelidigini belläp, degişli resminama gol çekdi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Ça-kyýew hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplumda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 112,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamak baradaky meýilnama 111,3 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,1 göterim ýe-rine ýetirildi. Ýanwar — maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş “Türkmende-mirýollary” agentligi boýunça 115,2, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 134,1, “Türk-menhowaýollary” agentligi boýunça 101,8, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 106, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 108 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda içerki gatnaw-lardaky çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilmegi, azaldylmagy bilen bagly ýolagçy we ýük gatnawlary-ny artdyrmak, ýolagçy gatnatmak boýunça hyzmatlaryň ýokary hilini hem-de howpsuzlygyny üp-jün etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly, bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň multimodal logistika mümkinçi-liklerinden doly peýdalanylmalydyr we bu ugur mundan beýläk-de işjeň ösdürilmelidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika toplumynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de paýtagtymyzyň häkim-liginiň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe önüm öndürmek we gurluşyk-senagat ulgamynda işleri ýerine ýetirmek bara-daky meýilnama 148,8 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi şu ýylyň ýan-war — maý aýlarynda degişli meýilnamany 112,7 göterim berjaý etdi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi önüm öndürmek hem-de işleri amala aşyrmak baradaky meýilnamany 169,0 göterim ýerine ýetirdi.
Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 128,1 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş dep-gini 116,8 göterime, onuň eksport edilişiniň ösüş depgini bolsa 150,3 göterime deň boldy. Hasa-bat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek hem-de hyzmatla-ry ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 169,7 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäher häkimligi bo-ýunça şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar baradaky meýilnama 118,3 gö-terime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki bazary daşary ýurtlar-dan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat önümleri we gurluşyk serişdeleri bilen üpjünçiligi-ni gowulandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, innowasion teh-nologiýalara hem-de ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna esaslanýan täze önümçilikleri dö-retmegi dowam etdirmelidigini nygtady. Elektron senagatda döwrebap önümleriň öndürilmegini üpjün etmek babatda hem degişli görkezmeler berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda toplumynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda, ge-çen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň möçberleriniň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň görkezijileri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýere ýüzlenip, soňky döwürde gözegçilik edýän düzümleriniň işine gözegçiligi gowşadandygyny, ilatyň sarp ed-ýän harytlarynyň, aýratyn-da, oba hojalyk pudagynyň önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýun-ça işleriň haýal alnyp barylýandygyny nygtady. Söwda toplumynyň, sanly ulgamy ornaşdyrmak nazara alnanda, häzirki zaman üpjünçilik düzümlerini emele getirmek boýunça işler hem ýaramaz ýola goýlupdyr. Şonuň netijesinde söwda ulgamynda köp sanly düzgün bozmalara ýol berilýär. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça işleriň hem ýaramaz alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda entek uly mümkinçilik-leriň bardygyny, olaryň ýeterlik ulanylmaýandygyny belledi.
Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, Ç.Gylyjowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesine Batyr Atdaýewi bellemek barada karara gelendigini habar berip, ony Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatdy.
B.Atdaýew bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, söwda toplumynyň öňünde goý-lan wezipeleri çözmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow oňa jogapkärli işinde üstünlikleri ar-zuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Baş prokuroryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Baş proku-roryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi B.Begmyradowyň üstüne ýüklemek kararyna gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz täze bellenen wise-premýere ýüzlenip, biziň ýurdumyzyň amatly ulag gat-nawlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini, şonuň netijesinde dünýäniň ähli ýurtlary bilen diýen ýaly ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady. Şu-nuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda ön-dürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça has netijeli işleri alyp barmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen ýygjam daşary-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns bermek barada tabşyryk berildi.
Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän ha-rytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak babatda degişli işler geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidenti-miz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow döwlete dahylsyz pudagyň kuwwatyny doly derejede ulanmak, şol sanda daşary ýurtlara ibermek üçin çig maly gaýtadan işlemek boýunça gyssagly çäreleri işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe 2022-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen hem-de milli sene-namamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, maslahatlar, söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary we sergi-ler, wagyz-nesihat çäreleri, täze desgalaryň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen hünärmenleri sanly ulgam arkaly halkara duşuşykla-ryň, okuw maslahatlarynyň hem-de sergileriň birnäçesiniň işine gatnaşdylar.
Hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleri, medeniýet ulga-myny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýeri-ne ýetirilişini beýan etmek babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň amala aşyran işleri ba-rada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tomusky dynç alyş möwsümi-niň başlanmagy bilen medeni edaralarda we teatrlarda çagalar üçin sahna oýunlaryny, çäreleri gu-ramagyň, ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Wise-premýere kagyzda çykarylýan gazet-žurnallary elektron görnüşe geçirmek boýunça işleri iş-jeň dowam etdirmek, bu ugurdan zerur hünärmenleri taýýarlap, redaksiýalaryň işgärleriniň wezipe sanawyny kesgitlemek, möhüm wezipe bolan sanly ykdysadyýete geçmek boýunça alnyp baryl-ýan işleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmegi güýçlendirmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri bara-da hasabat berdi.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýurdumyzyň okuwçylary halkara ders we internet olimpia-dalarynda üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş hem-de bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleriň geçirilmegi utgaşdyryldy, aspirantura hem-de doktorantura kabul edişlikler amala aşyryldy.
Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine uly üns berildi, şolarda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Degişli Kararlara laýyklykda, buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi hem-de Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 —2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassa-hananyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahana-larynyň açylyş dabaralary geçirildi.
Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň türgenlerini iri halkara ýaryşlara taýýarlamak işleri alnyp baryl-ýar. Hasabat döwründe türgenler sport ýaryşlarynyň 12-sine gatnaşdylar hem-de 22 medal gazan-dylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir okuw ýylynyň tamamla-nandygyny, şoňa görä, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryndan başga-da täze okuw ýylyna hem gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi. Tomus möwsüminiň başlanmagy bilen çagalaryň we ýetginjekleriň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dynç alyş çäreleri gu-ralmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň bilim işgärleri bilen boljak maslahatyna hem düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem wise-premýere halkara derejede «Sanly bi-lim» ulgamyny döretmegiň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak we ony Ministrler Kabine-tiniň nobatdaky mejlisleriniň birinde teklip etmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda DIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklar babatda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şu ýylyň 1-2-nji iýu-nynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapa-ry boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz Mekge şäherinde umra hajyny berjaý etdi hem-de Medine şäherine baryp gördi.
Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Aprel aýynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bolsa iş sapary bilen Türkmenis-tana geldi.
Häzirki wagtda möhüm halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça işler dowam edýär. Daşary iş-ler ministrlikleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň geçen döwründe bu ugurda duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Ýanwar — maý aýlarynda dürli ýurtlar bi-len, şol sanda bilelikdäki hökümetara toparlaryň hem-de beýleki degişli düzümleriň çäklerinde yk-dysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyklar we gepleşikler yzygiderli guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň we daşary ýurtlaryň hökümet wekiliýetleriniň sa-parlaryna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de beýleki halkara meselelere bagyşlanan maslahatla-ra, çärelere gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi yslam dünýäsinde mukaddes saýyl-ýan keramatly ýerlere — Mekgä we Medinä zyýarat edip, umra hajyny berjaý edendigi bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Arkadagly hajy Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumy-zyň abadançylygy, beýik tutumlaryň rowaçlanmagy üçin eden doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işle-riniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, onda, esasan, iki meselä seredilendigini, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdür-mek, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek, telekeçiligi höweslendirmek boýunça möhüm wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam edip, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna girişilendigini belläp, bu welaýatlaryň häkimlerine orak möwsümini ýokary hilli, gysga möhletde, ýokary derejede geçirmek, möwsümde tehnikalary bökdençsiz işletmek, kärendeçi gallaçylar bi-len tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda il sylag-ly ýaşulularyň gatnaşmagynda girişiljekdigini belläp, öňde boljak möwsümi guramaçylykly geçir-mek boýunça zerur taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde bug-daý, pagta, gök we bakja ekinlerini öndürmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi-ni, bu işlerde ýola goýlan degişli guramaçylyk meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy ýo-la goýmak barada anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Atdaýewe ýüzlenip, ýurdumyzda söwda toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, hususyýetçiligi ösdürmek bilen baglanyşyk-ly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekip, toplumyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şunuň bi-len baglylykda ýurdumyzda harytlaryň bolçulygyny ýola goýmak, söwdanyň we hyzmatlar ulga-mynyň medeniýetini ýokarlandyrmak, bazarlarda dürli görnüşli azyk önümleriniň üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak meseleleri häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Şun-da toplumyň ähli düzümleriniň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz kiçi we orta telekeçiligiň işini ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny hö-weslendirmek we hususyýetçiligiň ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda eýeleýän ornuny pugta-landyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan iş-leriň netijeleri, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň dep-ginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär diýip belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli amal edilýär. Hökümetimiziň we halkymy-zyň guramaçylykly işi netijesinde jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,2 göterim möçberde boldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow senagat maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlary-nyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki binalaryň bellenen möçberde gurlup ulanmaga berlendigini aýtdy. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerini dünýä bazarla-ryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala aba-dançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.