Ekologik abadançylyk ugrunda

 

Tebigaty, has anygy, biologik köpdürlüligi — ekoulgamy goramak ýurdumyzyň durmuş özgert-meleriniň esasy ugruny düzýär. Türkmenistan diňe öz çäginde ýa-da sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem ekologik abadançylygy üpjün etmekde netijeli çäreleri durmuşa geçirýär, bu ba-batda öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine şert döredýär. Bu bolsa ýaşaýşyň we umumy ekologik gurşawyň gowulanmagyna amatly täsirini ýetirýär. Häzir tutuş dünýä ekologik meseleleri çözmäge we daşky gurşawy goramaga Türkmenistanyň uly go-şant goşýandygyny ykrar edýär.
«Tebigaty goramak nesilleri goramakdyr» diýen aýtgyny köpiňiz eşiden bolsaňyz gerek. Tebigat bilen ynsanyň bitewüdigi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Olaryň özara sazlaşykda bolmagy, je-bisligi adamzadyň howpsuz we abadan ösüşini üpjün edýän ilkinji zerur şertdir. Ýurdumyzda te-bigatyň gözelliklerini, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meseleleriň döwlet syýasatynyň mö-hüm ugurlarynyň birine öwrülmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda daşky gurşawy go-ramaga, topragymyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen işler utgaşykly alnyp barylýar.
Ýurdumyzda her ýylda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. 20-nji martda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda badalga berlen giň gerimli bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümi hem jemgyýetçilik taýdan bähbitli ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobat-daky subutnamasy boldy. Şol gün ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda dürli baglaryň — pürli, saýa-ly, miweli we beýleki agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdyldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda Türkmenistanda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy belle-nilen ýylda 25 million, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi ýylynda bolsa 30 milli-on düýp agaç nahaly oturdyldy. Özi-de agaç nahallarynyň toprak-howa şertlerine laýyk görnüşleri saýlanyp alynýar. Ministrler Kabinetiniň 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilendigini aýtdy.
Şeýlelikde, ýurdumyzda ekologiýa syýasatyny amala aşyrmakda ýene bir uly ädim ädildi. Yzygi-derli geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, her bir şäheriň, obanyň daş-töwereginde uly tokaý zolaklary döredildi, Köpetdagyň etekleri, derýala-ryň kenarlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy gök begrese bürenýär, şäherlerimiziň we obala-rymyzyň gök öwüsýän seýilgähleri ýylyň dowamynda gözüňi dokundyrýar. Çöllük ýerler hem özgerýär, bu çäklerde sazak, gandym, çerkez ýaly Garaguma mahsus bolan ösümlikler ekilýär. Ählumumy bag ekmek maksatnamasynyň ähmiýetlidigini, ozaly bilen, ekologik abadançylygy üp-jün etmekde, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmekde örän peýda-lydygyny bellemelidiris.
Daşky gurşawy goramakda halkara hyzmatdaşlyk häzirki döwrüň möhüm ekologik meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Golaýda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäher-lerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goşan goşandy üçin halkara güwänama-nyň berilmegi Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň, tebigaty goramak ug-runda edýän tagallalarynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Tutuş dünýäde häzirki zamanyň iň wajyp meseleleriniň biri hökmünde ekologik abadançylyga uly üns berilmeginiň netijesinde howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleş-mäge garşy göreşmek, ýerleriň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny hem-de onuň bioköpdürlüligini goramak we beýleki ençeme ugurlar içgin öwrenilýär. Gurulýan täze durmuş-medeni maksatly binalar, şol sanda senagat desgalary, zawod-fabrikler daşky gurşaw bilen sazla-şykly bolmagy talap edýär. Ine, şonuň üçin hem tebigy çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmagyň we daşky gurşawy önümçilik galyndylaryndan goramagyň zerurlygy uly ekologik mesele hök-münde ýüze çykýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan nebitdir gazyň, himiýa çig mallarynyň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň ýurdy hasaplanýar. Olary rejeli peýdalanmak, halk hojalygynyň, şeýle hem halkymy-zyň bähbitlerine ulanmak iň esasy wezipeleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda topragy, su-wudyr howany tehnogen hapalanmadan gorap saklamak babatda uly işler alnyp barylýar. Mysal üçin, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda innowasion tehnologiýalar, şol sanda Gün we ýel ener-giýasyny öndürýän tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, önüm öndürýän kärhanalarda ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak dowam etdirilýär. Bu giň möçberli çäreler ýurdu-myzda durmuş-ykdysady ulgamyň tebigat bilen sazlaşykly ösmegini we ekologik talaplaryň gy-şarnyksyz berjaý edilmegini üpjün edýär.
Kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän kanunlara aýratyn orun berilýär. Gürrüň, hususan-da, Suw hakynda kodeks, «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlikler dünýäsi hakynda», «Haý-wanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Tokaý kodeksi barada barýar. Bu kanunçy-lyk namalary ýurdumyzyň we sebitiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen mak-satnamalaýyn işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň tebi-gaty goramak babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýändigini milli hem-de bilelikdäki döwletara maksatnamalardyr taslamalaryň durmuşa geçirilişinde hem görmek bolýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda suwy rejeli peýdalanmak, suw hojalyk pudagynda häzirki zaman til-simatlaryny we öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça köp işler amala aşyryldy. Giň gerimli işler häzir hem alnyp barylýar. Türkmenistan “Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak, Bereket etrabyndaky geçen ýyl ulanmaga berlen, göwrümi 18 million kub metr bolan howdan ýaly iri gidrotehniki taslamalary durmuşa geçirmek bilen, beýleki döwlet-leri hem suw serişdelerini goramaga, suwdan netijeli peýdalanmaga we daşky gurşawa aýawly ga-ramaga çagyrýar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasy ulanylan suwlary gaýtadan peýdalanmakda öňdebaryjy dünýä tejribesi bolup durýar. Onuň ykdy-sady we ekologik jähetden getirjek peýdasynyň wagtyň geçmegi bilen diňe artjakdygyny aýdýar-lar.
Türkmenistan suwy netijeli peýdalanmak boýunça sebit we halkara gatnaşyklary ösdürmegiň işjeň tarapdarydyr. 23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam ar-kaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmagy we onda ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde ekologik meselä aýratyn üns bermegi şeýle gatnaşyklaryň ähmi-ýetini has-da artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu foruma gatnaşmagy we onda çykyş etmegi suw diplomatiýasy boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga ägirt uly goşant goşýan Türkmenistanyň abraýynyň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şol meseleler boýunça ýurdumyz soňky ýyllarda möhüm teklipler bilen çykyş etdi. BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak ýaly teklipleriň dünýäde giň goldaw tapandygyny buýsanç bilen aýtmalydyrys. Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaz-nasyna başlyklyk etmegi, 2010-njy ýylda paýtagtymyzda BMG bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekil-megi BMG, şol sanda Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy bo-ýunça sebit merkezi bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etdi.
Gurulýan desgalarda «ýaşyl» innowasion tehnologiýalary ulanmak, desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlananda, olaryň ýanaşyk ýerlerinde bag ekmek, seýilgähleri döretmek ýurdumyzda hökma-ny talap bolup durýar. Geçirilýän köpçülikleýin ekologik çäreler, mysal üçin, belli bir günlerde paýtagtymyzda ulaglaryň hereketini çäklendirmek hem daşky gurşawy, adamlaryň saglygyny go-ramaga, amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge uly goşantdyr. Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty, öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlary hut şu maksada gulluk edýär.
Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».