Ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi

Şu gün ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçiri-len göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi-ler. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa bu işe 10-njy iýunda girişerler.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine gö-nükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwletimiz daýhanlar üçin ähli şertleri döredýär. Olar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de suw bilen doly üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl ýurdu-myzyň sebitlerinde bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, ony ýitgisiz ýygnama-gyň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi ata Watanymyzyň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyryl-magynyň kepilidir.
Asylly däbe görä, ýerlerde galla oragyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar ata Watanymy-zyň, ähli türkmen halkynyň rowaçlygy we abadançylygy üçin Beýik Biribardan doga-dileg etdi-ler. Aksakgal ýaşulular: “Çäjiňe bereket!” diýen sözler bilen oraga girişdiler we nobaty zähmetsö-ýer kombaýnçylara berdiler.
Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Rowaç”, “Ýolöten-3”, “Ýolöten-1”, “Juwan”, “Watan”, “Gy-zylşaglawuk-25”, “Miras”, “Ýokumly” ýaly, ýokary hasylly görnüşleri ekildi.
Diýarymyz boýunça 2022-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “Сlaas”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli däne ýygýan kombaýnlaryň 2 müň 64 sanysy işlediler. Gije-gündizleýin esasda işlediljek ýokary öndürijilikli tehnikalar ýetişdirilen bol hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdür-megiň Konsepsiýasyna laýyklykda, satyn alnan ýokary öndürijilikli “John Deere” we “Сlaas” ky-symly galla orujy kombaýnlar telematik ulgamlar bilen üpjün edilýär.
Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowa-mynda gallaçylara hyzmat eder. Olar işledilýän tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaç-lyk şaýlary bilen üpjün ederler. Galla meýdanlarynda oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin zerur durmuş şertleri döredildi. Ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary, göç-me söwda ýola goýlar.
Ýygnalan hasyly kabul ediş bölümleriniň 154-sine, elewatorlara hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 9 müň 800-den gowragy işlediler. Galla oragyna çenli degişli barlaghanalar taýýarlanylyp, olarda “Türkmens-tandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlärler. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýer-lerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.
Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejri-beli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda okuw-önümçilik maslahatlary geçirildi.
Olaryň dowamynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa oba zäh-metkeşleri barada edýän hemişelik aladasy, ata Watanymyzyň rowaçlygyna we abadançylygyna saldamly goşant goşýan ekerançylaryň mynasyp durmuşy hem-de netijeli zähmeti ugrunda döre-dilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taý-dan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygy-ny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäre-ler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm ön-dürijileriniň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýdan bol ha-syl almagyň girewidir.
Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olara teh-niki hyzmatlary, tohumlary, mineral dökünleri, ösümlikleriň gorag serişdelerini almak üçin ýeňil-likli şertleriň döredilmegi, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höwes-lendirilmegi olaryň öz zähmetiniň netijelerine gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň, tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçi-lige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalygy boýunça ýokary hünärli işgär-leriň taýýarlanylmagyna uly üns berýär.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýy, abadançylyk derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Ýaşaýyş derejesi boýunça oba ýerleri şäher derejesine barha ýakynlaşýar. Mahlasy, bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edil-meginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýe-tişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda toplanan tejribe döwrebap tehnologiýalar hem-de yl-myň gazananlary bilen netijeli utgaşdyrylýar.
Bu ugurda toplanan tejribä sebitde we dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlan-magy ata Watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Galla oragyna badalga berilmegi mynasybetli galla meýdanlarynyň ýanynda möwsümiň başlan-magynyň hormatyna şu günki geçirilen dabaralarda sergiler ýaýbaňlandyryldy. Olarda oba hoja-lyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezil-di. Şeýle-de welaýatlaryň aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.
(TDH)
Surata düşüren Ilaman Çüriýew.