Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gu-ralan welosipedli ýörişe gatnaşdy

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýa-synyň 82-nji plenar mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda degişli Kararna-ma kabul edildi we dünýäniň 56 döwleti onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ynsan saglygy, raý-daşlyk, dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de belent ynsanperwer taglym-lara ygrarlylygy alamatlandyrýan bu senäniň döredilmegi parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýa-synyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köp-çülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň bira-gyzdan kabul edilendigini hem ýatladýarys. Onuň awtordaşlary bolup 62 döwlet çykyş etdi. Bu-laryň ählisi dünýä bileleşigi tarapyndan Watanymyzyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi-niň ösdürilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň kämilleşdirilmegine, milli, sebit hem-de äh-lumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşandynyň ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Halkyň saglygy we bagtyýarlygy, ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak baradaky alada, be-den hem-de ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler, milli maksatnamalardyr giň gerimli taslamalar şu möhüm wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ynsan saglygynyň, onuň mümkinçilikleriniň doly açyl-magynyň wajyp şertidir. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ýurdumyz-da emele gelen hem-de yzygiderli ýagdaýda geçirilýän, müňlerçe watandaşlarymyzy — ähli ýaş-daky we dürli hünärdäki adamlary birleşdirýän köpçülikleýin sport çäreleriniň has-da işjeňleşdiril-megine ýardam berýär. Şunda bu ugurda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreleriň durmuş hem-de ekologik meseleler bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Häzirki zaman dünýäsin-de ekologiýa bilen bagly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan olaryň deňeçer çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyna uly goşant goşýar, uzak möhletleýin, ylma esaslanýan te-bigaty goraýyş strategiýasyny durmuşa geçirýär, oňyn başlangyçlary öňe sürýär.
Welosiped, hakykatdan-da, ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi hökmünde ykrar edilendir. Hereket etmegiň, syýahatçylygyň, boş wagtyňy işjeň hem-de peýdaly geçirmegiň örän amatly se-rişdesidir.
Şu gezekki welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly bezegine öwrülen «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy. Bu täsin binada Watanymyzyň baý taryhy, häzirki zaman gazananlary, türkmen halkynyň ruhubelent-ligi, parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymlaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly-dygy öz beýanyny tapdy.
Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mej-lisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edara-larynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik gura-malarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilha-nalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem bar.
Hemmeler ýokary ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy garşyla-ýarlar.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gülläp ösüşini hem-de türkmen sportuny wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyga öz-boluşly sowgat boldy.
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň ker-weniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça agzybirlikde herekete başladylar.
Säher bilen tomus paslynyň ýakymly howasy hem-de ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp görnüşi ýur-dumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere dahyllydygyňa buýsanç duýgusyny döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly ýörelge hil taýdan täze maz-muna eýe boldy. Welosipedli ýörişiň geçýän ýollarynyň ugrunda guralan döredijilik toparlarynyň çykyşlary bu günki baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Bu gün Türkmenistanda welosiped sportunyň giňden wagyz edilmegi, sportuň ekologik taýdan arassa bu görnüşine ilaty, esasan-da, ýaşlary çekmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Çünki welosiped beden saglygyny berkitmegiň hem-de özüňi oňat duýmagyň örän ne-tijeli serişdesidir.
Welosiped sportunyň görnüşiniň köpdügini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda şosse we trek ýa-ryşlary, motorly welosiped ýörişleri we beýlekiler bar, olaryň her biri hem ýörite ugurlara bölün-ýär. Sport giňişliginde ýakynda peýda bolan hem-de eýýäm meşhurlyga eýe bolup başlan maun-tinbaýk (daglyk ýerler üçin niýetlenen welosipedlerde ýaryşmak) görnüşini has gyzykly hasapla-ýarlar. Welosipedde dürli tilsimleriň ýerine ýetirilmegini öz içine alýan welosiped sportunyň fris-taýl görnüşi hem meşhurdyr. Tebigy ýa-da ýörite gurnalan päsgelçilikli ýollaryň geçilmegini göz öňünde tutýan welotrial görnüşi hem uly gyzyklanma eýe. Bularyň ählisi welosiped sporty bilen çynlakaý meşgullanýanlar üçin öz isleglerine görä ugry saýlap almaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda hem welosiped sporty we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin äh-li şertleriň döredilendigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we welaýatlarda ýa-ryşlary, türgenleşikleri geçirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze nesli-ni terbiýelemek, geljekki olimpiýaçylary kemala getirmek üçin niýetlenen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ugurdaş düzümler döredildi.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän üsti ýapyk görnüşli Welotrek toplumy onuň ýöriteleşdirilen desgalarynyň biridir. Ol ähli görkezijilere, şol sanda tehniki üpjünçilik babat-da şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Onuň münberleri 6 müň tomaşaça niýet-lenendir. Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä derejesindäki bäsleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabadyň Welot-rek toplumynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnama-syna girizilen welosiped boýunça ýaryşlar geçirildi.
Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bol-mak bilen, bu abraýly düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär, sport döwleti hökmündäki abraýyny barha ýokarlandyrýar.
Welosipedli gezelençler barada aýdylanda, ol ýokary ruhubelentlik duýgusyny döredýär, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, daşky dünýä bilen tanyşmak, tebigatyň täsin künjeklerinde bolmak mümkinçiligini emele getirýär. Soňky wagtlarda welosipedli syýahatçylygyň giň gerime eýe bol-magy munuň mysalydyr. Pyýada ýöremek bilen deňeşdirilende, welosipedli gezelençler uzak ara-lyklary az wagtda geçmäge mümkinçilik berýär. Awtoulaglarda gezelenç etmek bilen deňeşdiri-lende, welosiped päsgelçilikli ýerlerden geçmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Umuman, mu-nuň özi işjeň dynç almagyň, şol sanda boş wagtyňy maşgala agzalaryň bilen gyzykly geçirmegiň örän amatly görnüşidir.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda ajaýyp beden we sport taýýarlygyny, şahsy göreldesi bilen işjeň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny görkezdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolan döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýo-la goýan asylly maşgala ýörelgelerini mynasyp dowam etdirip, sport bilen yzygiderli meşgullan-maga uly üns berýär, munuň özi adamyň fiziki we ruhubelentlik ýagdaýyna oňat täsir etmek bi-len, zähmetsöýerlik, özüňe erk etmek, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär.
...Arkadagly Serdarymyzyň öňüni çekýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlary paýtagty-myzyň ýollary boýunça hereketini dowam etdirdiler. Giň şaýollaryň ugrunda daş-töweregi aba-danlaşdyrylan çäkler bilen gurşalan ak mermerli binalar, belent ýaşaýyş jaý toplumlary bina edildi. Giň şaýollar, göwnüňi açýan dürli görnüşli güllere beslenen seýilgählerdir seýilbaglar, tomsuň ys-sy günlerinde salkynlyk eçilýän suw çüwdürimleri Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan hem-de dünýäniň owadan şäherleriniň biri diýlip ykrar edilen Aşgabadyň täsin binagärlik toplumlary bilen sazlaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýolugra Bitarap Türkmenistan we Arçabil şa-ýollarynyň çatrygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orun-basary Ç.Purçekowa ýüzlenip, ýol düzümleriniň desgalarynyň bezegi babatda, şol sanda ýerasty geçelgeleriň hem-de ýol aýrytlarynyň ýanaşyk çäkleriniň milli bezeg usullaryny, hususan-da, öz-boluşly mozaika böleklerini ulanmak arkaly ýerine ýetirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýe-rine ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyryp, türkmen paýtagtynyň yzygiderli abadanlaşdyrylmagyna hem-de bagy-bossanlyga bürelmegine, şäherde nusgalyk arassaçylyk derejesiniň saklanmagyna, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi-ne aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny belledi.
Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan oňyn özgertmeleriň öňüni çekýän hem-de gün-günden gözelleşýän Aşgabat täze eýýamyň aýdyň nyşanydyr. Paýtagtymyz, hakykatdan-da, binagärligiň gerimi, innowasion häsiýetli özboluşly bezeg çözgütleriniň we milli binagärligiň ga-dymy ýörelgeleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen haýran galdyrýar. Watanymyzyň baş şäheri barha ös-mek hem-de öz çäklerini giňeltmek bilen, döwrebap megapolis hökmündäki ornuny pugtalandyr-ýar. Şunda Aşgabatda amala aşyrylýan, uzak geljege niýetlenen şähergurluşyk maksatnamasy ýa-şaýjylar üçin ýokary derejede amatly şertleriň döredilmegine, ýakymly şäher gurşawynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.
...Hemişe bolşy ýaly, paýtagtymyzda ir säherden ýaşaýyş joşup başlady. Paýtagtymyzyň ýaşaýjy-lary işe, körpeler bolsa ene-atalarynyň ugratmagynda çagalar baglaryna tarap howlugýarlar. Uly ýaşly aşgabatlylaryň köpüsi, säheriň tämiz howasyndan dem almak üçin, ir bilen gezelenje çykdy-lar. Tomus säheriniň arassa howasy hemme ýerde ýokary ruhubelentlik döretdi, adamlara tutuş güne ýeterlik gujur-gaýrat eçildi.
Welosiped sporty baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, onuň taryhynyň 1868-nji ýylda Fransi-ýada guralan ilkinji resmi ýaryşlardan — iki kilometr aralyga geçirilen bäsleşiklerden başlanandy-gyny ýatlatmak isleýäris. 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Afinyda geçirilen birinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. 1900-nji ýylyň aprel aýynda bolsa Parižde Hal-kara welosipedçiler birleşigi (UСI) döredildi.
Türkmenistanda hem welosiped sportunyň taryhynyň XIX asyryň ikinji ýarymynda, 1894-nji ýyl-da Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň döredilmegi bilen başlanandygyny bellemek gerek. Şondan bir ýyl soň, sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlar guraldy. Häzirki döwürde sportuň bu gyzykly görnüşi ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe boldy.
Häzir çagalaryň we ýaşlaryň barha köp sanlysy welosiped sportuna çekilýär. Körpe nesil sportuň bu görnüşini uly höwes bilen özleşdirýär. Şu gezekki welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde ter-biýelenýänleriň işjeň gatnaşmaklary hem muňa şaýatlyk edýär. Olar Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren welosipedlerinde ussatlygyny görkezip, ýaşytdaşlaryna görelde bolýarlar. Döwletli-ler köşgüniň ýaş türgenleri şunuň ýaly sport-sagaldyş çärelerine hemişe ruhubelentlikde gatnaşýar-lar.
Ýurdumyzda ösüp gelýän nesil üçin döwrebap bilimi ele almaga, ukyp-başarnyklaryny doly aç-maga, döredijilik we sport bilen meşgullanmaga, saglygy berkitmäge gönükdirilen ähli şertler dö-redildi. Şunda aýratyn goldawa mätäç çagalara uly üns berilýär. Bu ugurda geçen ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hema-ýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yzygiderli işler geçirilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda Çagalary goramagyň halkara gü-ni mynasybetli bu haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuş taýdan aýratyn goldawa mätäç ýaş türkmenistanlylara sowgat almak üçin serişdeler bölünip berildi. Ozal habar berlişi ýaly, 1-nji iýunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk çäreleri geçirilip, olaryň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň — Arkadagly Serdarymyzyň adyndan degişli sowgatlar körpelere, şol sanda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara gowşuryldy.
...Welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlary Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça ýoluny do-wam edip, Aşgabadyň merkezine tarap ugur aldy.
Ýeri gelende aýtsak, welosiped sürmek ýylyň ähli paslynda diýen ýaly açyk howada wagtyňy gy-zykly geçirmäge mümkinçilik berýär. Welosiped ulagyň ýönekeý hem-de elýeterli görnüşidir. Ol 1817-nji ýylda döredildi diýlip hasaplanýar. Soňra welosipediň gurluşy yzygiderli özgerdildi hem-de döwrebaplaşdyryldy. 1885-nji ýyldan başlap, ulagyň bu görnüşi häzirki keşbine getirildi. Şondan soňra welosiped sporty ösüş ýoluna düşdi.
Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, welosiped sürlende, bedene kadaly agram salynmagy bilen, ada-myň çydamlylygy we işe ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary, myşsalar, nerw ulgamy ber-keýär. Welosiped sporty, welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär. Welosiped sürmek bedeniň mad-da aýlanyşygyny hem gowulandyrýar, onuň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, uzak wagtlyk şähdaçyklyk berýär. Aýaklaryň yzygiderli hereketleri ganyň damarlarda doňup galmagy-nyň öňüni alýar. Munuň özi hereketleriň sazlaşygy üçin netijeli türgenleşik bolup, ünsüňi bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.
Welosiped sürlende, sürüjiniň nazary dürli aralykda ýerleşýän zatlara gönügýär. Onuň netijesinde göz myşsalary berkeýär, bu bolsa göz keselleriniň öňüni almaga ýardam berýär. Mundan başga-da welosiped sporty kaloriýalary sarp etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ukynyň hem-de iýmit siň-dirişiň gowulanmagyny, hatda ömrüň dowamlylygynyň uzalmagyny hem alymlar welosipediň ar-tykmaçlyklarynyň hatarynda kesgitleýärler. Bularyň hemmesi adamyň özüni duýşuna, fiziki, psi-hologik we ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem welosiped sporty bilen tutuş maşgala we dost-ýarlar bilen bilelikde meşgullanyp hem-de gezelenç edip bolar.
Welosipediň ekologik taýdan arassa ulag serişdesi bolup durýandygy hemmelere mälimdir. Adam saglygy hem-de onuň doly derejeli durmuşy daşky gurşawyň ýagdaýyna gönüden-göni baglydyr. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýokarda agzalan Kararnamalaryň kabul edilmegi, welosipedi hem-de welosiped sportuny wagyz etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler, tebigaty goramak boýunça amala aşyrylýan milli strategiýa biziň ýurdumyzyň ählumumy ähmiýete eýe bolan mö-hüm ekologik meseleleri çözmäge goşýan uly goşandydyr. Saglyk we sport, ekologik abadançy-lyk hem-de durnukly ösüş bir bitewi düşünjelerdir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň bellenen aralygyny geçip, ahyrky nokada — paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüniň ýanynda ýerleşýän pellehana geldi.
Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin sport-ekologik çärä gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw et-di we bu ýerden ugrady.
Mahlasy, bu baýramçylyk welosipedli ýörişi biziň jemgyýetimiziň jebisliginiň, türkmenistanlyla-ryň belent ynsanperwer gymmatlyklara üýtgewsiz ygrarlylygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
...Şu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da welosi-pedli ýörişler geçirildi. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin Watanymyzda döredilen aňrybaş amatly şertler netijesinde sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesi türkmenistanlylaryň saý-lap alan ýörelgesine öwrüldi, bu hereket ähli ýaşdaky ildeşlerimizi has-da jebisleşdirdi.
Baýramçylyk çärelerinde Türkmenistanda amala aşyrylýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli we oňyn syýasat öz beýanyny tapdy hem-de ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini ala-matlandyryp, Diýarymyzyň belent halkara abraýynyň nyşany boldy.