Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän özboluşly tebigy şypahana bolan Gökderä ugratmak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý, röwşen geljegimiz bolan ýaşlary kemala getirmek ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda gurulýan döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi ata Watanymyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan hem-de bagtyýar çagalygyň ýurdudygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletimiz mekdep okuwçylarynyň okuw ýylyny tamamlap, tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin alada edýär. Ine, şu ýylyň iýun aýynyň başynda hem ýurdumyzyň ähli çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky möwsüm badalga aldy. Gökderedäki hem-de welaýat merkezlerindäki sagaldyş merkezleri dynç almaga gelýän ilkinji çagalary kabul etdiler.
Meşhur çagalar toparlarynyň şadyýan aýdymlary we şowhunly tanslary, sahna oýunlary çagalar üçin döredijilik sowgady boldy. Paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan gelen çagalar baýramçylyk äheňinde bezelen awtobuslarda tomusky başdan geçirmelere tarap ugradylar. Köpetdagyň jülgesindäki sagaldyş merkezlerinde-de çagalary uly şatlyk bilen garşy aldylar. Ýaş nesilleriň aýdym-sazly dabaraly ýörişi ähli sagaldyş merkezlerini gurşap aldy.
Çagalaryň doly derejede dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin bu ýerde ähli şertler döredilipdir. Sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter merkezleri, el iş gurnaklary, teatr we şekillendiriş studiýalary, kitaphanalar göz öňünde tutulypdyr.
Türkmenistanyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasyny işläp taýýarladylar. Olaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde dynç alyş merkezlerinde her tomusky möwsümde sungat ýoluna ýaňy başlaýan artistleriň we çagalar çeper höwesjeň toparlarynyň, döwlet we halkara derejedäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň gatnaşmaklarynda köp sanly bäsleşiklerdir konsertler, sport çäreleri, sahna oýunlary, edebi çykyşlar guralýar.
Mekdep okuwçylary üçin kompýuter programmalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça, şol sanda beýleki dürli gurnaklar göz öňünde tutulypdyr. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hünär ukybyny ele almakda tejribe toplamak üçin terbiýeçilere kömek bermek maksady bilen, Gökderä gelerler.
Teatr, sirk, meşhur aýdym-saz we tans toparlary hem ýaşajyk tomaşaçylar bilen duşuşmaga taýýarlyk görýärler. Çagalar üçin paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guralar.