Welosiped — durnukly ösüşiň maksatly menzillerinde

Welosiped sürmegi öwrenmek diňe oglanjyklaryň däl, eýsem, gyzjagazlaryň hem çagalykdan ilkinji «üstünlikleriniň» biri. Bu biziň çagalyk döwrümizde-de şeýledi, häzir hem şeýle. Çagalaryň welosiped sürmegi öwrenmek üçin telim ýola ýykylsa-da, gözüne ýekeje düwme ýaş hem inmeýşine, gaýtam, özi bilen bile ýykylan welosipedi galdyryp, täzeden synanyşanyna siz hem şaýat bolansyňyz. Welosiped sürmäge bolan höwes halys kalbyňda atygsap duran bolmasa, beýdip bolmaýar. Oglanjyk ony sürmegi öwrenen dessine hemmelere buşlap çykar, agşam naharynda hemmeleriň bu «uly üstünlik» barada gürrüň etmegini islär.
Şu zatlar hakynda pikir öwrüp, Çagalary goramagyň halkara gününiň, olaryň tomusky dynç alşa gidýän gününiň we Bütindünýä welosiped gününiň biri-biriniň yzyndan tirkeşip gelmegi, ýönelige däl diýip pikir edýärsiň. Diňe biziň ýurdumyzda däl, juda kän döwletlerde çagalar tomusky dynç alşa çykýarlar. şeýle-de Bütindünýä welosiped gününiň dabaralary Ýer ýüzünde uly gerime eýe bolýar.
Ýazgylarymyzy çagalyk we çagalar baradaky pikir ýöretmeler bilen başlan hem bolsak, Bütindünýä welosiped gününiň hemmeler, şol sanda ulular üçin hem uly şanly senedigini aýtmak gerek. Şol gün Ýer ýüzünde ählihalk tarapyndan welosiped sürülýär. «Gawun gawundan reňk alar» diýlişi ýaly, welosiped sürmeýänler hem sürýänleriň göreldesine eýerip, olara goşulýarlar. Bir şäherde köpçülikleýin welosiped sürülmegi şol şäheriň ekologiýasyna, adamlaryň ömrüniň uzak bolmagyna täsirini ýetirýär. Eger ýekeje gün bütin dünýäde hemmeler welosiped sürse, emele geljek tämizlik barada özüňiz pikir öwrüp görüň!
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ykrarnamasyna eýe bolan Bütindünýä welosiped gününi şu ýyl aýratyn ýakymly dabaralar bilen belleýäris. Çünki mart aýynda dünýäniň iň iri guramasynyň Baş Assambleýasy ýene-de Türkmenistanyň öňe sürmeginde welosipedi jemgyýetçilik ulagy hökmünde ykrar etdi. Diýmek, bu ýyl adaty bir welosipediň däl-de, jemgyýetçilik ulagynyň şanyna baýram belleýäris. Bu aýratyn ýakymly ýagdaý.
Welosipedi sürmegiň beýleki ulaglara garanda, ekologiýa taýdan arassa ulagdygyny, üstesine-de, hemişe welosiped sürmegiň adamyň saglygyna peýdalydygyny bellemek onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýetiniň uludygyna güwä geçýär.
Ýene bir aýratynlyk, şu ýyl bu baýramy täze döwrüň goýnunda, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda belläris. Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz 19-njy martda kasam kabul edip, ýokary döwlet wezipesine girişensoň, aprel aýynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe ýolbaşçylyk etdi. Birigün — 3-nji iýunda ýene-de Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, Bütindünýä welosiped gününi belläris. Goý, adamzadyň saglygynyň, dünýäniň abatlygynyň, arassalygynyň şanyna tutulýan toý ýeneki toýlara, şanly senelere ulaşsyn!
Maral AKMYRADOWA,
«Bereketli toprak».