Nurana ertirleriň bähbidine hyzmatdaşlyk

Indi 70 ýyldan gowrak wagt bäri tutuş Ýer ýüzünde Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Çagalar hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlän Türkmenistanda hem bu baýramçylyk milli senenamada mynasyp orun aldy. Däp bolşy ýaly, biz bu şanly sene hem-de ýurdumyzyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynda gazanylanlar baradaky maglumatlary okyjylara ýetirmek üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyna ýüz tutduk.
Aleksandru NARTEA,
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary:

— 1949-njy ýylda esaslandyrylan Çagalary goramagyň halkara güni 1950-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri bellenilip, onuň maksady ýurtlaryň hökümetleriniň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çagalar bilen bagly meselelere çekmekden ybaratdyr. Bu senäni dabaralandyrmak bilen, döwletleriň her biri çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek babatda ýokary jogapkärçiligini açyp görkezýär. Mundan başga-da, her ýylyň 20-nji noýabrynda Bütindünýä çagalar güni hem bellenilýär.
Tutuş Ýer ýüzünde çagalaryň hukuklaryny ilerletmek maksady bilen, 1946-njy ýylda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) häzirki wagtda dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunda çagalaryňdyr ýaş raýatlaryň goraglylygyny, sagdynlygyny we bilimliligini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýar. ÝUNISEF Türkmenistanda 1992-nji ýylda işe başlap, 1994-nji ýyldan bäri onuň edarasy doly güýjünde hereket edýär. Şu ýyl bolsa biz Türkmenistanyň BMG-niň düzümine agzalygynyň, şeýle-de Çagalar gaznasynyň ýurtda işe başlamagynyň 30 ýyllygyny belleýäris.
Ýeri gelende aýtsak, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasy ähli çagalaryň, şol sanda mümkinçiligi çäkli çagalaryň hem hukuklaryny öz içine alýan ählumumy resminamadyr. ÝUNISEF, öz gezeginde, her bir çaganyň howpsuz we özi hakynda alada edilýän gurşawda ösmäge, özüne hormat goýulmagyny, goraglylygyny duýmaga hukugynyň bardygyny ykrar edýär. Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýada 18 ýaşa çenli islendik şahs çaga diýlip kesgitlenilip, olaryň hukuklary adam hukuklarynyň hatarynda goýulýar. Oňa laýyklykda, her bir çaganyň ýaşamaga, sagdyn ulalmaga, abadan durmuşda ýaşamaga, okamaga hem-de ösmäge, öz mümkinçiliklerini doly derejede amala aşyrmak üçin deňsizligiň aradan aýrylmagyna, şol sanda sözüniň diňlenilmegine hukugy bardyr. Bularyň ählisi biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ählisi-de möhümdir, nähili ýagdaý bolanda-da çagalar bu hukuklaryň hiç birinden mahrum edilmeli däldir. Konwensiýa baradaky has giňişleýin maglumatlar bilen wekilhanamyzyň www.unicef.org/turkmenistan/ saýty arkaly hem tanşyp bilersiňiz.
Çaganyň hukuklary hakynda gürrüň edilende, olara at hem-de raýatlyk bermek boýunça hukuklar barada aýratyn nygtamak isleýärin. Çagalar doglan wagtynda hasaba alynmalydyr, olara Hökümet tarapyndan ykrar edilen at dakylmalydyr. Islendik çaga raýatlyga eýe bolmalydyr. Sebäbi resmi ýagdaýda hasaba alynmasa, çagalar saglygy goraýyş, bilim bilen bagly esasy hyzmatlardan peýdalanmakda, okuw ýa-da syýahat, dürli çärelere gatnaşmak üçin gerekli resminamalary almakda kynçylyk çekýärler. Islendik çaga bilim almaga hukuklydyr. Olaryň tölegsiz esasda başlangyç bilim almaga, orta we ýokary bilimiň elýeterliliginiň üpjün edilmegine haky bardyr. Çagalar mekdebe gatnamaga höweslendirilip, mekdepler bolsa howpsuz gurşaw bolmalydyr. Berilýän bilim, öz gezeginde, çaganyň şahsyýetini, zehinini we başarnyklaryny doly ýüze çykarmaga ýardam etmeli. Çagalara terbiýe berlende, olaryň hukuklaryna hormat goýmaly, hiç haçan kemsitmelere ýol bermeli däl. Şunda ÝUNISEF-niň Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde inklýuziw bilim boýunça degişli Konsepsiýany işläp taýýarlaýandygyny hem bellemek gerek.
Türkmenistanda çagalaryň saglygyny goramak babatda hukuklarynyň amala aşyrylmagyna mysal hökmünde olaryň meýilnamalaşdyrylan sanjymlaşdyrma bilen gurşalmagyny, saglygyny berkitmek we dikeltmek boýunça, şol sanda palliatiw hyzmatlaryň üpjün edilmegini görkezmek bolar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tagallalary netijesinde çagalaryň immunizasiýa bilen gurşalmagy 98 göterimden hem geçýär. Munuň özi ýurtda her bir çaganyň diýen ýaly ömrüniň bütin dowamynda dürli ýokançlardan goralandygyny alamatlandyrýar. Şu ugurdaky işleriň ählumumy pandemiýa bilen bagly dörän kynçylykly şertlerde-de dowam etdirilendigini aýratyn nygtamaly. Çagalary sanjymlar bilen üznüksiz üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan her ýylda 15 million amerikan dollary möçberinde goýberilýän serişdeleriň hasabyna çagalaryň immunizasiýa hukugynyň amala aşyrylmagyny gazanyp bolýar. ÝUNISEF-niň wekilleri hökmünde biz bu möhüm işe işjeň gatnaşmaga şatdyrys we çagalaryň saglyga hukugynyň üpjün edilmegi ugrunda tagallalary üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirýäris.
ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda ýurtda soňky onýyllyklaryň dowamynda çagalaryň tas ählisi diýen ýaly sanjymlaşdyrylyp, ýüze çykyp biläýjek çaga kesellerinden goraglylygy üpjün edildi, çagalaryň has köpüsiniň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi gazanyldy. Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň şeýledigine «Çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanylmagy we beýleki birnäçe kanunçylyk namalary hem aýdyň şaýatlyk edýär. ÝUNISEF çaganyň hukuklary ulgamynda ýurduň döwlet edaralarynyň 14-si, şol sanda Adalatçynyň diwany bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.
Türkmenistanly ýaş nesilleriň ählisini we olaryň ene-atalaryny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlap, çagalaryň röwşen geljeginiň bähbidine bilelikdäki işimizi dowam etdirmäge çagyrýaryn.
Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».