Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne baryp gördi

Aşgabat, 31-nji maý (TDH). Däp bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde dünýä äşgär edýär. Şu gün — bu ajaýyp senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy.
Çagalar, olaryň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu syýasatda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri hem-de parasatly ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bu ulgamda Türkmenistan eýýäm köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNISEF bilen ýakyndan we netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu senäniň milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň hataryna girizilmegi Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň ösüp gelýän nesliň hukuklary we bähbitleri babatda binýatlyk ölçeglerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanda hossarsyz galan çagalar aýratyn alada bilen gurşalandyr. Döwletimiz olar baradaky aladany öz üstüne alyp, çagalaryň uly we agzybir maşgala eýe bolmagy, özlerini bu maşgalanyň, jemgyýetimiziň doly hukukly agzalary hökmünde duýmaklary üçin ähli zerur şertleri döredýär.
Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüniň öňündäki meýdança bardy. Bu köşgüň ak mermerli binalary paýtagtymyzyň günorta böleginde — Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýär. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik hem-de şatlyk bilen mübäreklediler. Olar bu waka mynasybetli köpöwüşginli aýdym-sazly we tansly çykyşlaryny taýýarladylar. Döwletliler köşgünde çagalaryň döredijilik ukyp-başarnygyny we zehinini ýüze çykarmaklary, sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ajaýyp şertler döredildi.
Döwlet Baştutanymyz ýaş artistleriň ussatlygyna ýokary baha berip, köşgüň binasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kitaphana-muzeý toplumyna baryp gördi. Şol ýerde köp sanly kitaplar çagalaryň ygtyýaryndadyr. Bu neşirler çagalaryň gözýetimini giňeltmäge, döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär. Muzeýde dürli serişdeler, şol sanda Döwletliler köşgüniň döredilmeginiň taryhy we onuň işi barada gürrüň berýän wideogörnüşli serişdeler goýlupdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde terbiýelenýän çagalar bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz çagalara ýüzlenip, olaryň dynç alyşlary we boş wagtlaryny geçirişleri barada sorady, okuwda gazanýan üstünlikleri we okuw ýylyny nähili tamamlandyklary bilen gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tomus paslynyň — mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň ýetip gelendigini, eziz Diýarymyzyň dürli ýerlerinde, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ýerleşýändigini aýtdy we çagalaryň nirede dynç almakçy bolýandyklary bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz körpelere ýüzlenip, olaryň haýsynyň goşgy aýtmaga isleg bildirýändigi barada gyzyklandy. Şeýle hem çagalara okuwdan boş wagtlary sport bilen meşgullanýandyklary bilen bagly sowal berildi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ýurdumyzda bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Mekdebi tamamlaýan uçurymlara saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaga giň şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Döwletliler köşgüniň uçurymlarynyň haýsy hünäri saýlap almak isleýändikleri bilen gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sözlerine görä, bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär. Mekdebi tamamlaýan çagalar bolsa gutardyş synaglaryny tabşyryp başlarlar. Şeýle hem tomusky dynç alşa çykan çagalar ýurdumyzyň iň gözel künjeklerinde gurlan çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç alarlar. Öz saglyklaryny berkiderler.
Döwlet Baştutanymyz Döwletliler köşgünde terbiýe alýan çagalary Çagalary goramagyň halkara güni hem-de okuwyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwletimiziň çagalaryň oňat dynç almaklary, döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin hemişe alada edýändigini belledi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Hormatly Prezidentimiz çagalara ýüzlenip, olaryň gowy okamagyny we zähmeti söýmeklerini arzuw etdi. Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir. Şoňa görä-de, biz iň gowy zatlarymyzy olara bagyşlaýarys we bu hemişe-de şeýle bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biz bagtyýar çagalarymyzyň okamaklary, oňat dynç almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinini açmaklary üçin geljekde-de yzygiderli alada ederis. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-ekramly, berk bedenli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri dörederis. Ýaş nesil döwletiň özleri barada alada edýändigini we goldawyny hemişe duýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Çagalary goramagyň halkara güni hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, çagalara berk jan saglyk, okuwda we durmuşda uly üstünlikleri gazanmaklaryny, ata Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.
Öz nobatynda, çagalar hormatly Prezidentimiziň sowallaryna jogap berip, netijeli okamak, göwnejaý dynç almak we boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin döredilen ajaýyp şertler, özleriniň gyzyklanýan zatlary, sapaklardan daşary döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýandyklary barada gürrüň berdiler.
Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde terbiýelenýänler — Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň, umumymilli döredijilik gözden geçirilişleriniň, hususan-da, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigiň ýeňijileri hem-de halkara festiwallaryň ençemesiniň baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlar Döwletliler köşgüniň buýsanjydyr.
Köşkde terbiýelenýän ýaşlar bilim maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýändiklerini aýtdylar. Çagalar boş wagtlarynda kitap okaýarlar. Bu bolsa olara bilim dünýäsinde täsin açyşlary etmäge ýardam berýär. Şeýle hem çagalar eziz Watanymyzy — bagtly çagalygyň ýurduny wasp edýän goşgulary aýtdylar. Uçurymlar döwlet Baştutanymyza geljekki maksatlary, haýsy hünäri saýlap aljakdyklary barada gürrüň berdiler.
Köşkde terbiýelenýän çagalar hemmetaraplaýyn aladasy we berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şonuň netijesinde çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar, geljege ynamly garaýarlar, olaryň arzuwlary hasyl bolýar.
Soňra baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere sowgatlar gowşuryldy. Sowgatlar uly şatlyk bilen kabul edildi.
1-nji iýunda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşuryljakdygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 500 müň manadyň bölünip berlendigini nygtamak gerek.
Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi we bu ýerde döredilen durmuş şertleri, okuw otaglary bilen tanyşdy, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin göz öňünde tutulan mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň ünsüni çekdi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Döwletliler köşgüniň gurlup ulanmaga berlenine ençeme ýyl geçendigini, häzirki wagtda bu desganyň has könelişendigini, köşkde ýerleşýän binalaryň rejeleýiş işleriniň geçirilmegini talap edýändigini belläp, ýakyn geljekde ony has-da döwrebap ýagdaýa getirmegiň maksat edinilýändigini aýtdy. Bu ýerde ýerleşýän ähli otaglarda abatlaýyş işlerini geçirip, häzirki zamanyň enjamlary bilen üpjün ederis. Ýaşlarymyzyň oňat dynç alyp, bilimlerini artdyrmaklary üçin ähli şertleri dörederis diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Döwletliler köşgüniň binasyndan çykdy. Onuň öňündäki meýdançada köpöwüşginli aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen mähirli hoşlaşyp we olara iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek işinde uly üstünlikleri gazanandygyny ynamly aýtmak bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleriň ulgamy hereket edýär, ösüp gelýän ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegi we bilim almagy, olaryň boş wagtlaryny gyzykly, peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi, degişli hukuk binýady kemala geldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ugurdaş özgertmeler we maksatnamalar, şol sanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly strategiýa bu ugurdaky öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýerleşýän şypahanalardyr dynç alyş merkezleri ýaş türkmenistanlylaryň hyzmatynda. Çagalaryň täze bilimleri özleşdirmegi, gözýetimlerini giňeltmegi, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegi, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, hünär öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugurda edilýän tagallalar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolan köpýyllyk işleriniň dowamydyr. Şunda abadan we döredijilikli durmuşyň binýady hökmünde çagalaryň saglygyna aýratyn üns berilýär. Sebäbi hut çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň esasy häsiýetleri, onuň ahlak çelgileri, gymmatlyklary kemala gelýär. Gadymyýetden bäri türkmen halkynyň dünýägaraýşy we häsiýeti ýagşy, sogap işleri etmek, dürli sebäplere görä kynçylyklara sezewar bolanlara ýardam etmek ýaly asylly ýörelgelere ygrarlydygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde bu ýörelgeler ene-atasynyň howandarlygyndan mahrum bolan çagalaryň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepillikleriniň toplumynda, aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk ildeşlerimizi jemgyýetde uýgunlaşdyrmaga, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady çäreleriň ulgamynda öz beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Mejlisiň degişli karary bilen oňa Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Gazna çagalara tölegli lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermek, olaryň dynç almaklary hem-de beýleki zerurlyklary üçin serişdeleri geçirýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen jemgyýetinde ene-atasyndan mahrum bolan çagalary gözden salmaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen pursadyndan bäri netijeli işleri geçirýändigini bellemek gerek. Onuň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri we dürli meseleleri çözmekde gazna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Bularyň hemmesi çagalara özleri baradaky edilýän aladany duýmaga we jemgyýetde mynasyp orun eýelemeklerine mümkinçilik berýär. Geçen ýyl haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglaryny sowgat etmek barada çözgüt kabul edildi we bu awtoulaglar hassahanalaryň degişli bölümlerine berildi.
Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergi almaklary, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şu geçen döwrüň içinde hossarsyz çagalara we mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna geçirilen ýürek, bogun we göz operasiýalary maliýeleşdirildi. Şeýle hem protez (emeli agza) önümleri, eşidiş enjamlary, maýyplar üçin arabalar satyn alyndy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylda-da bu asylly iş dowam etdirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda ýurdumyzyň iň döwrebap hassahanalarynda — Lebap welaýatyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýat çagalar hassahanasynda, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna hossarsyz we mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna birnäçe operasiýalar geçirildi.
Diňe şu ýylyň maý aýynda Aşgabatdaky Halkara kardiologiýa merkezinde hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna ýürek, şeýle-de iki aýagyň dyz bogunlaryna operasiýalar geçirilip, olar gazna tarapyndan maliýeleşdirildi. Gaznanyň hasabyna Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde 23 sany çaga lukmançylyk anyklaýyş barlagy geçirildi. Şu maksatlar üçin uly möçberde pul serişdeleri bölünip berildi. Mundan başga-da, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýürek-damar ulgamynyň dogabitdi kemisligi bolan çagalara emeli gan aýlanyş enjamyny ulanmak bilen, ýürekde operasiýa geçirmek, şeýle hem okklýuder ulanmak arkaly rentgenendowaskulýar operasiýalary geçirmek üçin ABŞ-nyň 200 müň dollary gönükdirildi.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp görmeginiň barşynda çagalaryň saglygynyň goralyşyny kämilleşdirmek we mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak hem-de bejermek bilen bagly meselelere deglip geçildi.
670 orunlyk bu lukmançylyk toplumy 2015-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Ýöriteleşdirilen ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen merkeziň düzüminde bölümleriň 28-si bolup, olar döwrebap enjamlar, hususan-da, ýaşajyk näsaglaryň aýaga galma döwrüni gysgaldýan we az şikesli çylşyrymly endowaskulýar operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýän serişdeler bilen üpjün edilendir.
Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dogabitdi ýürek kemisligi bolan hassa çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde geçirilýän dikeldiş çäreleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de merkeziň mümkinçilikleri barada hasabat berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýürek operasiýasyna mätäç çagalaryň 220-si bar. Bu çagalary bejermek üçin iň täze we netijeli “AORTIC” serişdeleriniň ulanylýandygyny bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz merkeziň daýanç-hereket ediş kesellerini bejeriş bölümine hem bardy. Häzirki döwürde Türkmenistanda 100 çaga daýanç-hereket ediş keseli zerarly, degişli lukmançylyk kömegine mätäç.
Şonda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy — adam saglygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň anyk netijesidigini nygtady we bu merkezdäki çagalaryň bejergileri üçin haýyr-sahawat gaznasyndan ABŞ-nyň 400 müň dollary möçberinde pul serişdeleriniň geçiriljekdigini mälim etdi.
Mundan ozal, maý aýynyň başynda Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda Türkmenbaşy şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň başynda açylan köpugurly hassahananyň çagalar bölümine baryp gördi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bejergi alýan çagalaryň saglygy hem-de olara berilýän lukmançylyk hyzmatlary bilen gyzyklanyp, haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan bu çagalaryň doly sagalyp, öz deň-duşlary bilen deň derejede durmuşdan lezzet almaklary üçin zerur kömegiň beriljekdigini belledi.
Ýurdumyzyň sagaldyş, okuw-dikeldiş edaralarynda terbiýelenýänleriň hem haýyr-sahawat gaznasynyň üns merkezinde durýandygy bellärliklidir. Çagalaryň terbiýelenmegi, bilim almagy, saglyklaryny berkitmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan şeýle edaralar ýurdumyzyň paýtagtynda, ähli welaýatlarynda hereket edýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde hem bina edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu syýasat türkmen halkynyň köpasyrlyk ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, ähmiýetini ýitirmeýän umumadamzat taglymlaryna esaslanyp, hemmeler üçin deň mümkinçilikli jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilendir.
Ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny we sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, hususan-da, olaryň saglygyny berkitmek barada aýtmak bilen, munuň birnäçe möhüm şertleri, ýagny ekologik abadançylygy, dogry iýmitlenmegi, umuman, sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini öz içine alýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Bularyň ählisine ýurdumyzda yzygiderli üns berilýär.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň ösdürilmegi esasy wezipeleriň biridir. Bu işde çagalardyr ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berlip, onuň üçin ähli şertler döredildi. Ýurdumyzda stadionlar, beýleki ugurdaş desgalar we sport mekdepleri bilen bir hatarda, orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda, çagalar sagaldyş merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýaşaýyş jaý toplumlarynda degişli düzümler göz öňünde tutuldy.
Bedenterbiýe we sport çagalaryň bedenine oňyn täsir edip, olaryň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, daýanç-hereket ediş agzalarynyň berkemegine, nerw we ýürek-damar ulgamynyň işiniň gowulanmagyna, ukyp-başarnyklarynyň ösmegine, olarda ahlak-erk häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam berýän esasy şertleriň biridir. Yzygiderli türgenleşikler we bedenterbiýe maşklary çagalaryň häsiýetini taplaýar, olarda maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, saglyk üçin zyýanly endiklere garşy durmagy terbiýeleýär.
Ýurdumyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet strategiýasy oňyn netijelerini berýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan ýaşajyk ildeşlerimiziň sany barha artýar. Olar dürli ýaryşlara, şol sanda Diýarymyzda geçirilýän köpçülikleýin sport çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Meselem, şu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem uly ruhubelentlikde goşuldylar. Çagalar Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren welosipedlerine ussatlyk bilen erk etdiler. Döwletliler köşgüniň ýaş türgenleri şeýle sport-sagaldyş çärelerine eýýäm ençeme gezek gatnaşdylar.
Watanymyzyň geljegi bolan bilimli, sagdyn we watansöýüji nesilleri terbiýelemek baradaky alada halkymyza mahsus bolan maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini gorap saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara uly hormat goýulýar, döwletimiz olara hemmetaraplaýyn, şol sanda ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça goldaw berýär.
Şu ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde, asylly däbe görä, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabaralary boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” ady dakyldy, köp çagaly maşgalalara has oňaýly öýleriň açarlary gowşuryldy. Munuň özi olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.
Mahlasy, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany, sözüň doly manysynda, arzuwlaryň hasyl bolýan we bagtyýar çagalaryň ýurdy diýip atlandyrmak bolar. Ýaşajyk ildeşlerimiziň şadyýan gülküleri munuň iň ajaýyp subutnamalarydyr.