Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 31-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri-niň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini ge-çirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemle-rine garaldy, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk go-raýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bo-ýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýur-dumyzda durnuklylygy, kanunylygy hem-de düzgün-tertibi saklamak boýunça görlen çäreler ba-rada hasabat berdi. Ýurdumyzyň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerle-riň we serkerdeleriň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin degişli şertleri döretmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň barşy hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşuny tehniki taý-dan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik meselelerini çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Şeýle-de ugurdaş okuw mekdepleriň ýaş harby talyplarynyň hem-de harby gullugy geçýän esgerleriň ara-synda watançylyk-terbiýeçilik işlerini guramagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Ýaragly Güýçleriň hatarlaryndan ätiýaçlyga goýbermek we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýazky çagyryş möwsümi boýunça amala aşyrylýan işleriň degişli derejede, kanunçylyga laýyklykda geçirilişini berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtap, Döw-let howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýur-dumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam edip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden taý-ýarlyk görlüp başlanmalydygyna ünsi çekdi hem-de degişli görkezmeleri berdi.
Baş prokuror B.Atdaýew hasabat döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni ulanmak boýunça garamagyndaky düzümleriň alyp barýan anyk işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek babatda ýerine ýetirilen işler hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bo-ýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň sütünlerini berkitmekde, adalatlylygy, asudalygy üpjün etmekde prokura-tura edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şundan ugur alnyp, prokuratura işgärleri tä-sir etmek çärelerini netijeli ulanmalydyrlar, Türkmenistanda kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berk hem-de hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişi babatda gözegçiligi amala aşyr-malydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2022-nji ýylyň başyndan bäri düzgün bozulmalaryň öňüni almak hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy paýtagty-myzda we welaýatlarda ulag akymlaryny düzgünleşdirmek, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek babatda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň öňünde jenaýatçylyklary we administratiw hukuk düzgün bozulmalaryny öňünden duýdurmak, olaryň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmak, jemgyýetçilik tertibini goramak ýaly jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi. To-mus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmegi hemişe üns merkezinde saklama-gyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministre üstüne ýüklenen wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin has netijeli usullary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçilik-lerini ulanmalydygyny, sanly ulgamy ornaşdyrmalydygyny, şuňa laýyklykda, IIM-niň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmalydygyny aýtdy we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen iş-leriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň adalatlylyk hem-de kazyýet önümçiligi ýörelgelerini kä-milleşdirmek, işgärler bilen üpjünçiligi pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýe-tirmek üçin görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hukuk taýdan düzgünleşdirme-giň ähli ugurlaryny özünde jemleýän döwlet goraglylygynyň netijeli guraly hökmünde milli kazy-ýet ulgamyna uly ornuň berilýändigini nygtady. Bu edaranyň ileri tutulýan wezipeleri kanunyly-gy, adalatlylygy hem-de düzgün-tertibi üpjün etmekden, hukuk düzgün bozulmalaryna getiren se-bäpleri we şertleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi hem-de edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2022-nji ýylyň bäş aýynda geçirilen işleriň netijeleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramak, Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetde ylalaşyklylygy, halkymyzyň abadançy-lygyny üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu edaranyň öňünde, esasan, ýurdumyzy geljekde-de depginli ösdürmek üçin oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň kemala getirilmegi, döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak ýaly wezipeleriň durýandy-gyny belledi. Şolary üstünlikli çözmek üçin häzirki zaman ylymlaryndan, innowasion tehnologiýa-lardan oňat baş çykarýan işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerurdyr.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ýanwar — maý aýlarynda ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragyndaky serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň düzgün-tertibini, söweşjeň we ynsanperwer taýýarlygyny güýçlen-dirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy serhetçileriň öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, gije-gündiz gury ýerde we deňizde serhetdeş döwletleriň ählisi bilen dostluk, hoş-niýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan hem-de işjeň ösdürýän Watanymyzyň serhetleriniň el-degrilmesizligini üpjün etmelidigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri täze kanunlaryň taslamalary babatda tek-lipleri taýýarlamak hem-de öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi we dünýäniň hukuk ulanyş işinde he-reket edýän kadalar göz öňünde tutulyp kämilleşdirilýän milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakyn we uzak möhletleýin geljege niýetlenen maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegiň ygtybarly binýadyna öwrülen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talabyna laýyk işläp taýýarlamakda möhüm ugurlary giňişleýin öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow amala aşyrylýan toplumlaýyn hukuk özgertmeleriniň ähmiýeti barada aýdyp, onuň baş wezipeleriniň biriniň umumy kabul edilen halkara kadalary we ölçegleri milli kanunçyly-ga laýyk getirmekden ybaratdygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça görlen yzygiderli çäreler, gümrükhanalarda geçirilýän işler hem-de ýur-dumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýeti-rilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewraziýa yklymynda üsta-şyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän geostrategik ornunyň barha artýandygyny nygtady. Bu ugurdaky işleriň möçberiniň artmagy gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine has jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýär diýip, döwlet Baştu-tanymyz belledi hem-de harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýurdumyzyň gümrük serhetleri arkaly geçmek düzgüniniň berjaý edilişini hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna degişli amallaryň halkara ölçegleriň talaplaryna laýyk geçirili-şine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işlerini neti-jeli guramak maksady bilen, 2022-nji ýylyň bäş aýynda görlen toplumlaýyn çäreler hem-de hor-matly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçleriň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, bu eda-ranyň işine hem täzeçil usullary, sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmalydygyny, şunda daşary ýurtla-ryň oňyn tejribesini ulanmalydygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerde-başysy edaranyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitläp, gullugyň işinde migrasiýa me-seleleri babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna pugta eýermegi, işgärler bilen üpjünçili-ge ilkinji nobatda üns bermegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary-na ýüzlenip, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys. Biziň şu maksatlara esaslanyp kabul eden Harby doktrinamyz hem goranyş häsiýetine eýedir. Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzü-mini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berki-deris. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirmegi dowam ederis diýip nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymy-zyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üs-tünlikleri arzuw etdi.