Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär

Ahal welaýaty, 28-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamanyň amala aşy-rylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan ilkinji iş masla-hatyny geçirdi.
Hormatly Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerine iş saparlaryny amala aşyryp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň dur-muş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ýerinde öwrenip, olary üstünlikli ýe-rine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitleýär.
Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler, desgalaryň bellenen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hakynda maglumat berdiler.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler häzirki döwrüň ta-labyna we hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyk derejede dowam edýär. Häzirki zaman binagärlik çözgütleri esasynda dürli önümçilik desgalary, durmuş ulgamyna degişli binalar, ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurulýar.
Gahryman Arkadagymyz täze merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň gurluşyk we timarlaýyş işle-rinde ulanylýan serişdeler we olaryň aýratynlyklary hem-de hil derejesi bilen gyzyklandy. Şol se-rişdeler ygtybarlylygy, uzak möhletleýinligi, ekologiýasy, owadanlygy, ýurdumyzyň howa şertle-rine laýyklygy bilen tapawutlanmalydyr.
Merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesi-ni üpjün etmek we olary bellenen möhletde tamamlamak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstün-likli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Täze merkezde ady rowaýata öwrülen Akhan atly ahalteke bedewiniň heýkelini oturtmak çözgü-di kabul edildi. Şunda ajaýyp bedewiň heýkeliniň oturdyljak şaýoluna döwrebap at dakmak bo-ýunça pikir alyşmalar boldy. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen şöhratly bedewiň heýkeliniň oturdyljak köçesiniň Akhan diýlip atlandyrylmagynyň maksadala-ýyk boljakdygyny belledi we bu baradaky teklibi öňe sürdi.
Merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy we edara ediş merkeziniň şäheriniň hä-kimi Gahryman Arkadagymyzyň teklibini oňladylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, desgalaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeler ulanylma-lydyr. Olar ýerli tebigy-howa şertlerine, ýokary ekologik kadalara, aýratyn-da, milli bezeg aýra-tynlygyna hem-de berklik, oňaýlylyk talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şeýle hem Gahryman Ar-kadagymyz täze şäheriň desgalarynyň gurluşygynda işleýän gurluşykçylaryň işi we dynç alşy üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş maksatly özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde gur-luşyk ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi wajypdyr. Ahal welaýa-tynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň Türkmenis-tanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylandygyny bellemek gerek. Şun-da dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar. Şeýlelikde, ýakyn geljekde Köpetda-gyň etegindäki ajaýyp künjekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredi-jilik we ösüş ruhunyň aýdyň görkezijisi bolan täze şäher emele geler.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň Baýdak meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde köpçülikleýin medeni çäreleriň, daba-raly ýörişiň geçirilmegini nazara alyp, ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, meýdançanyň tö-weregindäki ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de adamlar üçin ähli amatlyklary bolan ýerasty geçelgeleriň gurulmagy babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Hormatly Arkadagymyz bu ýerde geçiren iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň üstün-likli çözülmeginiň wajypdygyny belledi we iş maslahatyny yzygiderli, ýagny her hepdede geçir-mek boýunça degişli ýolbaşçylar bilen pikir alyşdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edip, bu ýer-den ugrady.
Hormatly Arkadagymyz ýolugra täze merkeziň ýollarynyň, ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeleriniň gurulýan ýerinde saklandy we bu ýerde gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini synlady. Häzirki dö-würde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň desgalarynyň gurluşyklary top-lumlaýyn esasda alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň buýsanjy bolan mähriban Watanymyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň aýdyň beýanydyr.