Jaý toýlaryny toýladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelip, bagtyýar ilatymyza täze desgalary peşgeş beren nurana güni saglygy goraýyş işgärleriniň bagtly maşgalalarynyň şatlygyny artdyran wakalara beslendi. Bu ajaýyp günde saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda asylly zähmet çekýän lukmanlara, şepagat uýalaryna täze jaýlardan öýler berildi.
Täze, döwrebap hassahanalaryň golaýynda ýerleşýän 4 gatly, her biri 24 öýli iki jaýyň gurluşyk işlerini «Türkmen çarwa» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Bu bagtly günde döwletli maşgalalar täze jaýda toý tutdular. Bagta ulaşan täze ojaklarda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynda amala aşyrýan beýik işleri, çäksiz aladalary üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdyldy.
— Biziň maşgalamyza bu jaýyň birinji gatyndan dört otagly öý berildi — diýip, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Suraý Haljanowa guwanç bilen aýdýar: — Ýanýoldaşym Muhammet hem saglygy goraýyş işgäri, ol «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezinde lukman bolup işleýär. Täze jaýymyzyň otaglary, aşhanasy juda giň hem ýagty. Öýümizde häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän iň kämil durmuş enjamlary ornaşdyrylypdyr. Her bir maşgalanyň egsilmez eşretiň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
— Bu şatlykly günde täze jaýyň ikinji gatyndan üç otagly öý aldyk — diýip, welaýat köpugurly hassahanasynyň göz keselleri bölüminiň şepagat uýasy Miwe Ilmyradowa hem şatlygyny paýlaşýar: — Ýanýoldaşym welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmeni bolup işleýär. Özüm otuz ýyldan gowrak wagt bäri bu asylly kärde zähmet çekýärin. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwrebap hassahanada işlemek, täze jaýdan öýli bolmak bagty miýesser etdi.
Bu ajaýyp eýýamda il-güne hyzmat edip, netijeli işlemek, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Allanur SAPAROW.