Paýtagtymyzda döwrebap infrastrukturany we innowasion tehnologiýalary özünde jemleýän gurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär
Häzirki wagtda «Aşgabat-sitiniň» we Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň taslamalary boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler diňe bizi — ýerli ýaşaýjylary däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleridir myhmanlary hem haýran galdyrýar. «Innowasion taslamalar» diýlip atlandyrylýan bu gurluşyk taslamalarynda halkyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görýäris. Bu taslamalarda göz öňünde tutulan gurluşyk işleri Merkezi Aziýada häzirki döwrüň iri möçberli gurluşyklary hasaplanýar. Olar barada aýratyn gürrüň etmek hem-ä ýakymly, hemem örän jogapkärli. Ýakymly bolmagynyň sebäbi, ol sende buýsanç döredýär, gürrüňiň binagärlik-gurluşyk, inžener-tehniki we maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynda häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen bagly bolmagy bolsa diňe bir üşükliligi däl, eýsem, bu ugurda belli bir derejede bilimi hem talap edýär. Üstesine, «akylly şäher» diýen düşünje soňky ýyllarda dörän täze düşünjedir.
Häzirki wagtda Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşynyň nyşanyna öwrüldi. Paýtagtymyzda döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşi, jemgyýetiň medeni-ruhy durmuşy, aň-bilim kuwwaty, ilatyň hal-ýagdaýy has aýdyň görünýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumlary haýran galdyrýar. Olarda her aýda diýen ýaly täze jaý toýlary tutulýar. Aşgabatda amala aşyrylýan taslamalaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň taslamasynyň bolmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ajaýyp dag gerşinde beýik türkmen şahyrynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligiň açyljak güni barha golaýlaýar.
Aşgabady diňe paýtagtlylar ýa-da türkmenistanlylar däl, daşary ýurtly myhmanlar hem söýýärler. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Bu baýramçylyk 2013-nji ýylda döredildi. «Ak şäherim Aşgabat» monumenti paýtagtyň binagärlik nyşanlarynyň birine öwrüldi. Aşgabadyň güni döwletiň durmuşynda uly jemgyýetçilik-syýasy we medeni wakadyr. Aşgabadyň hukuk derejesi «Türkmenistanyň paýtagtynyň derejesi hakynda» Kanun bilen berkidilendir.
Aşgabat halkymyzyň beýik mümkinçiliklerini bütin dünýä görkezýär. Ol mümkinçilikler bolsa kiçi-girim däldir. Türkmenistan öz öňünde täze, has jogapkärli we giň möçberli wezipeleri goýdy: Aşgabat diňe bir ýurduň paýtagty bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýanyň ykdysady, medeni, syýasy, bilim, sport we ylmy-tehniki merkezleriniň, dünýäniň iň bir owadan, ähli amatlyklary bolan, örän gelim-gidimli şäherleriniň birine öwrülmelidir. Bir jümlede aýtsak, türkmen paýtagty XXI asyryň — geljegiň şäheri bolmaly.
Bu belent maksada ýetmek ugrundaky giň gerimli tagallalaryň bir ugry «Aşgabat-siti» taslamasynda aýdyň açylýar. Ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmäge gönükdirilen Milli maksatnamada bu wezipeler anyk kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarynda hem, ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda hem paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, şol sanda welaýatlarda täze, häzirki zaman obalarynydyr şäherçelerini gurmak barada jikme-jik aýtdy.
«Aşgabat-siti» taslamasynyň gurluşygyna Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli geçen ýylyň 25-nji maýynda badalga berilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Bu taslama ýurduň ösüşiniň kuwwatydyr, paýtagtyň geljekki ýüzüdir, adamlar barada edilýän ýokary derejedäki aladadyr. Bu taslama islendik şäher üçin derejedir, abraýdyr. Ol ýurdumyzyň baş şäheriniň şähergurluşyk ulgamlarynyň, binagärlik toplumlarynyň we beýleki inženerçilik desgalarynyň özboluşly, düýpli, döwrebap meýilnamasydyr. Taslamada göz öňünde tutulýan häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgeleri şäherliler hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary üçin oňaýly şertleri döreder.
Aşgabadyň täze iri ýaşaýyş toplumy soňky ýyllarda bütin dünýäde «smart city», ýagny «akylly şäher» ady bilen meşhur bolan konsepsiýa — öňdebaryjy gurluşyk usullary we innowasion tehnologik çözgütler esasynda bina ediler. Bu konsepsiýa laýyklykda gurulýan şäherler diňe döwrüň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edilmän, eýsem, olaryň «akylly» bolmagyna hem aýratyn uly üns berilýär. «Akylly» şäheriň beýleki şäherlerden tapawudy hem şundadyr.
«Smart city» intellektual şäherdir, sanly şäher hojalygydyr, içerki şäher durmuşynyň hil derejesini ýokarlandyryp, adamlaryň rahatlygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň özara sazlaşykly ulgamydyr. Bu bolsa örän möhümdir. BMG-niň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda dünýäniň 55 göterim ilaty şäherlerde ýaşapdyr. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 60 göterim bolmagyna garaşylýar. Aşgabadyň hem ilatynyň ýylsaýyn artmagy, täze kesgitlenen çäkler, döredilen etraplar bilen giňelmegi, şeýle hem bütindünýä tehnologik, ykdysady, ekologik üýtgemeleri, onlaýn-güýmenjeleriň we bölek-satuwyň giňden ýaýramagy «akylly» şähere bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy. «Akylly» şäherler diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem ýokary isleglerini kanagatlandyrmak bilen, ýaşaýşyň hilini gowulandyrar, täze ykdysady mümkinçilikleri açar. Adam, ösüş we tehnologiýa — ine, «akylly» şäheriň esasy üç daýanjy.
«Akylly» şäheriň infrastrukturasy iňňän çylşyrymly ulgamdyr. Tehnologiýalar diňe maglumatlary toplaman, eýsem, olary bökdençsiz işläp taýýarlamaga, ugratmaga, seljermäge, barlamaga, goramaga hem ukyply bolmaly. Bir bitewi sanly ulgamy emele getirýän «akylly» tehnologiýalar edil janly beden ýalydyr, olaryň saz işlemegi üçin düýbünden täze we döwrebap infrastruktura döredilýär. Şonuň üçin bu taslamalar gyssagara amala aşyrylmaýar. «Aşgabat-sitini» gurmak üçin ýörite pudagara toparyň döredilmegi hem şonuň üçindir.
Ýadyňyzda bolsa, Gahryman Arkadagymyz «Aşgabat-sitiniň» düýbüniň tutulyş dabarasynda: «Täze şäheriň gurluşygyna başlamazdan ozal, biz köp sanly taýýarlyk işlerini alyp barmalydyrys» diýipdi. Bu işler seýsmologiýadan başlap, ulag, energetika, aragatnaşyk, ekologiýa, innowasiýa ýaly başga-da birnäçe ulgamlara degişli meseleleri çözmekden, taslama ýolbaşçylyk etjek gurluşyk kärhanasyny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmekden, umuman, «innowasion şäheri» gurmakda bar bolan dünýä tejribesini içgin öwrenmekden ybaratdyr. «Smart city» konsepsiýasynyň dünýäniň onlarça şäherleri tarapyndan özleşdirilýändigini göz öňünde tutsak, bu ugurda pikir we tejribe alyşmak üçin hiç hili bökdençligiň bolmajakdygy guwandyrman duranok. Şu ýerde ýene bir zady aýratyn nygtamak isleýäris: bu wezipeleri üstünlikli çözmekde, ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny ýokary derejede alyp barmakda Türkmenistanyň kuwwatly serişdesiniň hem, soňky ýyllarda gurluşykda toplan uly tejribesiniň hem, şol sanda täze belentliklere tarap maksada okgunly hereketiniň hem möhüm orun eýelejekdigi gürrüňsizdir.
Aşgabat hemişe döwrebap telekommunikasiýa düzümini döredýän, innowasion tehnologiýany giňden ulanýan şäherdir. Paýtagtda ýaşaýyş jaýlaryny döwrebap aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maglumatlar ulgamyna birikdirmek üçin uly işler edilýär. Munuň özi ylmy-tehniki babatda iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen şertlenendir. Aragatnaşyk we ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalary Türkmenistan üçin täzelik däldir. «Aşgabat-siti» barada aýdylanda bolsa, bu ýerde ylmyň soňky gazananlary we iň ýokary tehnologiýa ulgamy jemlener. Netijede, täze döwrüň «akylly» şäheri hökmünde Türkmenistanyň paýtagtynyň derejesi barha ýokarlanar.
Şäher içindäki şäheriň umumy meýdany 744 gektara barabar bolup, ol ýerde 200-den gowrak binany, şol sanda 12 gatdan 35 gata çenli belent binalaryň 180-sini gurmak meýilleşdirilýär. Ol jaýlar 107 müňden gowrak ilata niýetlenip, olarda adamlar üçin döredilýän şertler dünýäniň ýokary talaplaryny ödär. Ýaşaýyş toplumynda 30 — 35 gatly binalaryň gurulmagynyň göz öňünde tutulmagy Türkmenistanyň geljege tarap uly böküşiniň, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny özleşdirmekde ynamly ädimleriniň özboluşly beýany boldy.
Bulardan başga-da, täze ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň binalary, dört orta mekdep, dört çagalar bagy, «Ak öý» we beýleki durmuş-medeni desgalar ýerleşdiriler.
Aşgabat çalt depginler bilen ösýän, täze ösüşlere tarap öňe barýan döwrebap şäherdir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň, şol sanda «Aşgabat-siti» taslamasynyň we Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň taslamasynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklaýar. Bu taslamalary amala aşyrmakda, «intellektual şäherleri» gurmakda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigini, taslamalary işläp taýýarlaýanlaryň awtorlyk hukugyny goramak maksady bilen, şol taslamalara hökman ygtyýarnama almagyň wajypdygyny hem aýratyn bellemelidiris.
«Aşgabat-siti», Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezi ýaly innowasion taslamalar, olaryň gurluşygynda ulanylýan iň häzirki zaman tehnologiýalary ýurdumyzyň maliýe-ykdysady, aň-bilim, ylmy-tehniki kuwwatynyň uly mümkinçiliklerini görkezýär, Türkmenistanyň täze belentliklere we dünýäniň gazananlaryna ymtylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».