Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze eseri kitaphon halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak serpaý boldy. Bu ajaýyp kitaby okap, ýaşlar hem, ýaşuly nesliň wekilleri-de, ylym adamlary-da, dürli kärlerde zähmet çekýän beýleki raýatlar-da eser diňe hut özleri üçin ýazylan ýaly duýgyny başdan geçirýärler.
Munuň özi çuňňur many-mazmunly bu edebi-filosofik eserde ynsan ömri, onuň dürli döwürleri, haýyrly, sogaply işler bilen meşgullanmak, ýagşylyk etmek, özüňden ýagşy at galdyrmak, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize, baý mirasymyza sarpa goýmak, ähli ugurlarda şu günki gazanylanlar bilen çäklenmän, geljek üçin möhüm başlangyçlary ilerletmek, olaryň amal edilişine goşant goşmak ýaly köptaraply temalardan söz açylýandygyny, ählumumy meseleleriň gozgalýandygyny, wakalaryň ýokary çeperçilik derejesinde, ussatlyk bilen beýan edilendigini görkezýär. Kitap diňe bir türkmen okyjylary üçin däl, daşary ýurtly okyjylar üçin hem gymmatly gollanmadyr. Olar bu eseri okamak arkaly türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsi, ýaşaýyş medeniýeti bilen has içgin tanşyp bilýärler. Şonuň üçin hem bu ajaýyp eser dünýä okyjylarynda, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzda uly gyzyklanma döredýär. Ýakynda bolsa onuň rus dilindäki neşiri okyjylara gowuşdy.
Milli Liderimiz kitapda ynsan ömründe her ýaşyň öz jogapkärçiliginiň bardygyny nygtap, şoňa görä-de, hakyky ynsan hökmünde ömri manyly ýaşamak üçin hemişe öz-özüňden hasabat sorap durmalydygyny ündeýär. Bitiren işleriň, indiki maksatlaryň, wezipeleriň hakyndaky soraglary öz-özüňe berip, şolar baradaky oý-hyýallar bilen ýaşamalydygyny, şolaryň esasynda geljegiňi gurmalydygyny nygtaýar.
Ýaňy dünýä inen çaganyň ömrüni açylmadyk kitaba, hiç hili hat ýazylmadyk ak kagyza meňzedýärler. Ömür ýoly — ömür kitaby, günler onuň sahypalary. Şol kitabyň manyly “ýazylmagynda” ýaşuly nesliň paýhasy, görüm-göreldesi, baý durmuş tejribesi ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby, ine, şu babatda örän ähmiýetlidir. Ol, esasan-da, geljegini häzirki ajaýyp döwrüň ruhunda ynamly gurýan ýaş nesiller üçin juda gymmatlydyr, durmuşda ýolgörkeziji şamçyragdyr.
Ýagmyr MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.